Ï Atşynaslyk sungaty – türkmen halkynyň baky mirasy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Atşynaslyk sungaty – türkmen halkynyň baky mirasy

view-icon 1649
Şu gün Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda ýerleşýän Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň mejlisler zalynda dabaraly maslahat geçirildi. Onuň barşynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Gökdepe etrabynda Kärizek geňeşligini döretmeli, ol ýerde täze emele gelen obany “Gökdepe etrabynyň Kärizek geňeşliginiň Aba Annaýew obasy” diýip atlandyrmak baradaky kararyndan gelip çykýan meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Maslahatda bellenilişi ýaly, Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň çäginde häzirki zaman ölçeglerine laýyk gelýän döwrebap aýlaw, häzirki zaman seýilgäh zolagy, atçylyk sportunyň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga niýetlenen meýdança, konkur merkezi bar. Şeýle hem bu ýerde ähli zerur enjamlar, ugurdaş bölümler we desgalar bilen üpjün edilen 600 orunlyk athana, okuw merkezi, tohumçylyk barlag işlerini alyp barmaga niýetlenen barlaghana, arhiw otagy, muzeý jaýy, karantin merkezi hereket eder.

Mundan başga-da, bu ýerde hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda ýurdumyzyň atşynaslary, seýisleri we çapyksuwarlary üçin 114 hojalyga niýetlenen ýaşaýyş jaýlaryndan we beýleki desgalardan ybarat bolan döwrebap oba emele geldi. Onuň çäginde bolsa iň häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen mekdep, çagalar bagy, medeniýet we saglyk merkezi, dürli dükanlar, çagalar üçin oýun meýdançalary, milli dessurlar geçirmäge niýetlenen meýdança atşynaslaryň ygtyýarynda bolar.

Häzirki zamanyň nusgalyk derejesine eýe bolan döwrebap oba öz ömrüni atşynaslyk sungatyna bagyşlan Aba Annaýewiň adynyň dakylmagy gadymy döwürlerden bäri il içinde sarpalanýan hünär bolan atşynaslyga ykbalyny baglan adamlaryň buýsanjyny goşalandyrdy.

Häzirki döwürde gönüden-göni milli Liderimiziň tagallasy bilen, ahalteke bedewleriniň dünýä ýüzündäki şöhratyny belende galdyrmak we bu pudagy yzygiderli ösdürmek ugrunda giň möçberli işler alnyp barylýar. Ahatleke bedewleriniň baş sanyny artdyrmakda, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmekde, milli atçylyk sportuny we at çapyşygynyň milli ýörelgelerini ösdürmekde maksatnamalaýyn çäreler durmuşa geçirilýär.

Maslahata gatnaşyjylar türkmen halkynyň gadymy atçylyk sungatynyň ösdürilmegine, ahalteke bedewleriniň arassa ganlylygynyň goralyp saklanmagyna we nesilden-nesle gepçirilmegine ägirt uly goşant goşan halypa atşynas Aba Annaýewiň bu ugurda bitiren hyzmatlary barada aýdyp, Türkmenistanda asylly ýörelgeleriň, milli sungatymyzyň döwrebap derejede ösdürilmegi, ýurdumyzyň taryhynda öçmejek yz goýan şahsyýetleriň adynyň ebedileşdirmegi babatda alnyp barylýan işleriň oňyn netije berýändigini aýdyp, munuň üçin ýurdumyzyň ähli atşynaslarynyň, seýisleriniň we çapyksuwarlarynyň adyndan hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyş sözlerini aýtdylar.

Bellenilişi ýaly, ahalteke bedewleriniň nesil ugrunyň ösdürilmegi, arassa ganly bedewleriň baş sanynyň artdyrylmagy hem-de milli seýisçileriň oňyn ýörelgeleriniň barha kämilleşmegi ugrunda yhlasyny gaýgyrmadyk Aba seýsiň at seýislemekdäki netijeli usullary atşynaslaryň häzirki nesilleri üçin nusgalyk mekdep bolup durýar.

Mirasymyza sarpa goýmak barada aýtmak bilen, ýakynda hormatly Prezidentimiz Köpetdagyň etegindäki gözel künjekleriniň birinde ýerleşýän Parzdepe taryhy ýadygärliginde bolup, milletiň döreden gymmatlyklaryny, taryhy ýadygärlikleri öwrenmek boýunça beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, degişli alymlaryň bu ýerde ylmy-barlag işlerini alyp barýandyklaryny bellemelidiris. Taryhçy alymlar bu künjekde gadymy döwürlerde kämil ekerançylygyň, ösen medeniýetiň bolandygyny, bu ýerde atşynaslyk sungatynyň ösdürilendigini tassyklaýarlar.

Çünki, belli alymlaryň, şöhratly atşynaslaryň, tejribeli seýisleriň belleýişleri ýaly, bir tarapy dag gerişleri, beýleki tarapy sähra giňişligi bilen gurşalan künjekde dünýä belli atlary ösdürip ýetişdirmek, atşynaslyk hünärini ösdürmek üçin amatly şertler, mümkinçilikler bar. Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda bu ugurda alnyp barylýan işleriň giň gerime we netijeli häsiýete eýe boljakdygy gürrüňsizdir.

Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda geçirilen maslahat tamamlanandan soň, bu ýerde şanly waka mynasybetli toý sadakasy berildi. Oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn düzümleriň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary gatnaşydlar.

Dabara gatnaşyjylar atşynaslaryň we seýsleriň zähmet we durmuş şertlerini gowulandyrmak barada yzygiderli alada edýändigi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyklaryny beýan edip, döwlet Baştutanymyzy pudagy ösdürmek, ahalteke bedewleriniň şöhratyny belende götermek, arassa ganly bedewleriň baş sanyny artdyrmak ugrunda güýç-gaýratyny hem-de başarnyklaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.