Ï ORZ we dümew aýratyn gözegçilikde saklanýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

ORZ we dümew aýratyn gözegçilikde saklanýar

view-icon 860
Döwlet arassaçylyk-epidemiologiýa gullugynyň aýratyn howply infeksiýalar bölüminiň müdiriniň orunbasary Arslan Gylyjowyň belleýşi ýaly, epidemiologiýa gözegçiligi döredildi hem-de ol hereket edýär. Aşgabatda onuň düzümine Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Ýokanç keseller merkezleriniň müdirligi, fiziologiýa ylmy-kliniki merkezli Merkezi kliniki keselhanasynyň pulmonologiýa bölümi we 1-nji Saglyk öýi girýär. Bu lukmançylyk edaralarynyň her birinde hünärmen işleýär. Epidemiologiýa gözegçiligini alyp barmak onuň borjy bolup durýar. Ýagny, gelen keselli adamlara gözegçilik edýär, onuň kesellerine laýyklykda Döwlet arassaçylyk-epidemiologiýa gullugynyň referens-barlaghanasynda ýörite barlaglary geçirmek üçin gerek bolan nusgalary alýar.

Kesel baradaky görkezijiler statistiki maglumatlaryň esasy bolup durýar, olaryň öňki ýyllaryň görkezijileri bilen deňeşdirilmegi bolsa, keselliligiň ýokary derejesini we toparyny kesgitlemäge mümkinçilik berýär. Bu maglumat öňüni alyş işlerini has takyk alyp barmaga, şol sanda dümewe garşy muzdsuz sanjym toparlaryny geçirmäge mümkinçilik berýär.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň hünärmenleri tarapyndan beýleki ministrlikleriň we gulluklaryň wekilleriniň gatnaşmaklarynda ilatyň arasynda uly öňüni alyş çäreleri geçirilýär. Biziň ýurdumyzyň çäklerine goňşy döwletlerden, şeýle hem beýleki ýurtlardan adam saglygyna zyýan beriji aýratyn howply keselleriň we önümleriň getirilmeginiň öňüni almak maksady bilen, milli saglygy goraýyş ulgamynyň ähli gulluklary, şol sanda Döwlet arassaçylyk-epidemiologiýa gullugy hem, iň häzirki zaman lukmançylyk keselleri anyklaýyş enjamlary bilen üpjün edilendir. Şeýlelikde, 2009-njy ýylda dümewiň giňden ýaýran döwründe Aşgabadyň halkara howa menzilinde, şeýle hem täze howa menzilinde we Türkmenbaşynyň deňiz duralgasynda termoskanerler oturdyldy. Bu enjam belli bir aralykdan her bir gelýän ýolagçynyň temperaturasyny kesgitleýär we ýokary görkeziji ýagdaý bolan halatynda ýörite duýduryş berýär. “Güman edilýänleriň” ählisi şol ýerde ulag lukmançylyk gulluklary we arassaçylyk-epidemiologiýa gullugy tarapyndan hasaba alynýar hem-de kesellän ýolagçylarda goşmaça barlaglar geçirilýär. Häzirki wagtda biziň ýurdumyzda A/H1N1 keselleriniň biri hem hasaba alynmady.