Ï Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde innowasion stomatologiýa bagyşlanan ylmy-amaly maslahat geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde innowasion stomatologiýa bagyşlanan ylmy-amaly maslahat geçirildi

view-icon 718
Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde “Stomatologiýanyň möhüm meseleri” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Onuň işine bu ýokary okuw mekdebiniň professor-mugallymlary we talyplary, Stomatologiýa okuw-önümçilik merkeziniň, şeýle hem welaýatlaryň stomatologiýa merkezleriniň lukmanlary gatnaşdylar.

Ylmy-amaly maslahatda edilen çykyşlarda stomatologiýada ösüşiň häzirki zaman usullary we innowasion tehnologiýalary öz beýanyny tapdy. Türkmen lukmanlary – stomatologlary öz işlerinde iň häzirki zaman usullary we stomatologik keselleriniň öňüni almakda we bejermekde, dişleri dikeltmekde innowasion tehnologiýalary ulanýarlar. Hususan-da, soňky ýyllarda implantasiýa ýaly stomatologik ugur kuwwatly ösüşe eýe boldy. Onuň bilen bir hatarda ortopediýa, hirurgiýa we stomatologiýa kafedralarynyň binýadynda rinoplastika, rinoheýloplastika, otoplastika ýaly dürli dikeldiş operasiýalary iş ýüzünde ornaşdyrylýar.

Maslahatyň çäklerinde ylmy gözlegleriň netijelerine we agyz boşlugynyň dürli kesellerini bejermekde we olaryň öňüni almakda iş ýüzünde toplanan tejribelere garalyp geçildi. Häzirki wagtda dişleriň çüýremekliginiň öňüni almakda täze usullaryň we Türkmenistanyň dermanlyk ösümliklerini ulanmak bilen parodontozy bejermekde birnäçe ylmy işläp taýýarlamalar alnyp barylýar. Ýokary tehnologiýalaryň kömegi bilen dermanlyk ösümliklerden gaýnatmalary we şerbetleri taýýarlamak, olaryň diş syrçasyna edýän täsiri öwrenildi, şeýle hem biziň alymlarymyz tarapyndan bakterisid, bakteriostatik we antioksidant täsirleri öwrenilýär.

“Berzeňňi” bejeriş suwuny öwrenmek uly gyzyklanma döretdi. Ol çagalarda ortodontik bejeriş tapgyry geçirilýän döwründe bolup biläýjek gaýra üzülmeleriň öňüni almakda we bejermekde ulanylýar. Onuň netijesinde bolsa oňaýly netijeler gazanylýar.

Ylmy-amaly maslahatda Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Stomatologiýa okuw-önümçilik merkeziniň häzirki zaman üpjünçiligine we türkmenistanlylara edilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň derejesini we hilini ýokarlandyrmak üçin açylýan mümkinçiliklere aýratyn tema bagyşlandy.