Däp boýunça 8-nji mart baýramçylygynyň öňisyrasynda türkmen paýtagtynda jemgyýetçilik we medeni-köpçülikleýin çäreleri, şol sanda maslahatlar, konsertler, çeper ekspozisiýalar we “Ýaz-tomus 2016 ” ady bilen täze modalar toplumy geçiriler.
Zenanlara bagyşlanyp Türkmenistanyň sungat ussatlarynyň we iň gowy çeperçilik toparlarynyň çykyşlary çeper aýdym-saz dabarasyna öwrüler. Konsert “Altyn ýyldyz” medeni-dynç merkezinde geçiriler. Ol Türkmenistanyň Demokratik partiýasy, Kärdeşler arkalaşygynyň milli merkezi, Ýaşlar guramasy we Zenanlar birleşigi bilen bilelikde geçiriler. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bolsa telekeçilik merkezine zenan telekeçileri baýramçylyk duşuşygyna ýygnar.
Ruhabat dokma toplumynda dokma toplumynyň öňdebaryjylarynyň hormatyna baýramçylyk dabarasy geçiriler. Bu çäräniň çäklerinde dokma toplumynyň önümleriniň sergisi geçiriler. Onuň köp bölegini baýramçylyga bagyşlanyp öndürilen önümleriň täze görnüşleri eýelär. Modalar öýi bolsa zenanlaryň ählisini “Ýaz-tomus 2016 ” täze modalar toplumyny görmäge çagyrýar.
Türkmen halysynyň milli muzeýinde halk aýdym-sazlarynyň konserti geçiriler. Konsert Türkmenistanyň Zenanlar birleşigi we “Türkmenhaly” Döwlet birleşigi tarapyndan geçiriler.
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň milli merkezi, Zenanlar birleşmesi we Goranmak ministrligi bilen bilelikde geçirjek bäsleşiginde aýdym-saz eserlerinde türkmen zenanlarynyň owadanlyklaryny, olaryň baý ruhy dünýäsini wasp edýän eserler ýaňlanar. Bäsleşige ýaş ýerine ýetirijiler we sazandarlar gatnaşarlar.
Şeýle hem, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň milli merkezi, Zenanlar birleşmesi we Goranmak ministrligi bilen bilelikde “Edebi mirasda zenanlaryň waspy” ady bilen geçiriljek bäsleşik hem poeziýanyň muşdaklarynyň göwnünden turar. Ähli döwürleriň beýik şahyrlarynyň we halklaryň zenanlar baradaky iň gowy setirlerini paýtagtyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary tarapyndan türkmen, rus, iňlis, türk, hytaý we pars dillerinde okarlar. Däp boýunça, baýramçylygyň öňisyrasynda “Ýylyň zenany” bäsleşiginiň jemi jemlener we köp çagaly enelere “Ene mähri” Hormatly atlar beriler.
Ýurduň paýtagtynda we welaýatlarda geçiriljek maslahatlarda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň iri göwrümli özgertmeler maksatnamalarynyň amala aşyrylmagynda gender deňligi we zenanlaryň tutýan ornuny ýokarlandyrmakda döwlet tarapyndan yzygiderli alnyp barylýan uly göwrümli işler ara alnyp maslahatlaşylar.
Ýurduň muzeýlerinde baýramçylyk ekspozisiýalary giňden ýaýbaňlandyrylar. Olarda çeper eserleriň dürli görnüşleri, žanrlary we tehniki taýdan ýerine ýetirilişi görkeziler. Olarda awtorlar türkmen zenanlarynyň gözelligini we ruhybelentliklerini beýan edýärler.
Zenanlary wasp etmek bilen, olaryň owadanlygyna we zehinlerine guwanmak bilen, olara bagyşlanan dürli baýramçylyk çärelerini geçirmek bilen, türkmen jemgyýeti zähmet zenanlaryna, täze durmuşy berýän gahryman enelere, ruhy gymmatlyklary we maşgala däp-dessurlaryny aýawly saklap gelýän, abadançylygy döredýän we uly amala aşyrmalara ryhlandyrýan zenanlarymyza uly hormat goýýar.