Bu zehinli halyçy indi ýigrimi bäş ýyl bäri haly dokamak bilen meşgullanyp gelýär. Ol haly dokamagyň inçe syrlaryny enesinden öwrendi. Ýaşajyk gyz ýeňil elleriň çitim yzyna çitim edip, soňra bolsa darak bilen kakylýan usullaryny üns bilen syn edýärdi, netijede bolsa geometriki nagyşlar ýa-da çylşyrymly kompozisiýalar emele gelýärdi. Ol eýýäm on iki ýaşynda özüniň birinji halysyny dokady.
Orta mekdebi tamamlap, Annabagt Aşgabadyň haly fabrigine işe geldi. Ol bu ýerde on bäş işledi. Haly dokamagyň syrlaryny öwrendi, haly portretiň, peýzaž pannosynyň, sýužet pannosynyň tehnikasyny özleşdirdi. Onuň işleri reňkleriň sazlaşygy, çeperçilik taýdan takyklygy bilen tapawutlanýar. Olarda onuň şahsy döredijilik bilen çemeleşýändigini duýmak bolýar. Ony mundan on ýyl ozal ýokary derejeli hünärmen hökmünde Türkmen halysynyň milli muzeýine işe çagyrdylar. Şu ýyllaryň içinde ol iki ýüzli halyny dokamagyň usullaryny özleşdirdi, şeýle hem dokamak usullary ýitirildi diýen ýaly gadymy gölleriň gaýtadan dikeldilmeginiň üstünde işledi. Ussatlygyň syrlaryny Annabagt işdeş ýoldaşlary we okuwçylary – ýurduň sebitleriniň ählisini halyçylary bilen paýlaşýar.
Türkmen zenanlary owadanlygy boýunça ajaýyp, reňkleriň sazlaşygy we many taýdan dürli dürli bolan haly göllerini dokamagyň inçe syrlaryny öz gyzlaryna we agtyklaryna geçirip gelýärler. Olarda türkmen halkynyň diňe bir estetiki tejribesi toplanman, eýsem ruhy-taryhy tejribesi hem jemlenendir.
Annabagt Durdyýewa haly dokamak sungatynyň ajaýyp ýokary çeperçilik däplerini saklap gelýän we dowam etdirijisi hökmünde meşhurlyga eýedir, ol elinden dür dökülýän türkmen halyçylarynyň döwürdeşleriniň iň bir görnükli wekilleriniň biridir. Olaryň zehini we ýadawsyz zähmetleri netijesinde elde haly dokamagyň türkmen sungaty häzirki zamanda kämillige tarap kuwwatly itergi aldy.