Ï Haýtgül Ataýewa “Ruhy gymmatlyklary we milli medeni mirasy ýaýradandygy üçin” diýen at bilen geçirilen bäsleşikde Ýylyň zenany diýen ada mynasyp boldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Haýtgül Ataýewa “Ruhy gymmatlyklary we milli medeni mirasy ýaýradandygy üçin” diýen at bilen geçirilen bäsleşikde Ýylyň zenany diýen ada mynasyp boldy

view-icon 759
Taryhy-ülkäni öwreniş muzeýi – bu diňe bir ata watanyň taryhyna syýahat etmäge bolan mümkinçilik döretmän, eýsem ol özgertmeler döwründe halkyň taryhy-ruhy mirasynyň goşulyşmagy we jebisleşmegi barada oýlanmaga mejbur edýän medeni ojak bolup durýar diýip, Daşoguz welaýat taryhy-ülkäni öwreniş muzeýiniň ylmy işgäri Haýtgül Ataýewa ynam bilen aýdýar.

Haýtgül Ataýewa öz alyp barýan işi bilen bu sebitiň ýaşaýjylarynyň arasynda giňden tanalýar. Taryhy-medeni miras temasy boýunça ol dürli maslahatlarda çykyş edýär, onyň edýän çykyşlaryny alymlar we mugallymlar, talyplar we mekdep okuwçylary uly gyzyklanma bilen diňleýärler. Haýtgül Ataýewa zähmet toparlarynyň arasynda ýygy-ýygydan myhmançylykda bolýar, ony bu sebitiň taryhy, gadymy medeniýeti, däp-dessury barada çykyş etmäge çagyrýarlar.


- Bize beýik özgertmeler zamanasynda ýaşmak, ata watanymyzyň keşbini özgerdýän, ýaşaýyş durmuşymyzyň hilini ýokarlandyrýan özgertmeler zamanasynda ýaşamak bagty miýesser etdi diýip, Haýtgül gürrüň berýär. Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly - 2016-njy ýyl hem men diňe bir beýik amala aşyrmalar bilen ýatda galman, eýsem medeni wakalara baý ýyl hökmünde hem uzak wagtlap ýatda galjak ýyllaryň biri bolar diýip, men berk ynanýaryn.

Bu ýyl biziň welaýatymyz üçin aýratyn ýyllaryň biri. Daşoguz 2016-njy ýylda GDA ýurtlarynyň medeni paýtagty diýlip yglan edilmeginiň uly ähmiýeti bardyr. Biz ýylyň bütin dowamynda daşary ýyrtly wekiliýetleri kabul ederis, bizde döredijilik maslahatlary medeni-sport çäreleri we ylmy maslahatlar geçiriler. Myhmanlar üçin biziň gadymy topragymyzyň täsin taryhy ýadygärliklerine gezelençler guralar. Daşoguz welaýat taryhy-ülkäni öwreniş muzeýiniň işgärleri myhmanlary muzeýiň baý eksponatlary – muzeýiň gaznasynda toplanan 8 müňden gowrak eksponatlar: arheologiki tapyndylar, gadymy egin-eşikler, halylar, zergärçilik önümleri, öý goşlary, arhiw resminamalary, şeýle hem gymmat bahaly artefaktlar bar. Biziň muzeýimiziň kolleksiýasy sebitiň gadymy taryhy, onuň özboluşly medeniýeti bilen tanyşmaga, biziň beýik gelejegimize badalga berýän garaşsyzlyk eýýamynda gazanylan giň göwrümli özgertmelere baha bermäge mümkinçilik berýär.