Ï Jemgyýetçilik guramalary merkezinde däp boýunça geçirilýän “Ýylyň zenany” bäsleşiginiň ýeňijisini sylaglamak dabarasy boldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Jemgyýetçilik guramalary merkezinde däp boýunça geçirilýän “Ýylyň zenany” bäsleşiginiň ýeňijisini sylaglamak dabarasy boldy

view-icon 1049
Jemgyýetçiliuk we maşgala durmuşynda üstünlik gazanan döwürdeş zenanlarymyzyň ýedisi bäsleşigiň ýeňijileri boldular. Olar etrap we welaýat tapgyrlarynda üstün çykyp, özleriniň iň göreldelidigini görkezdiler. “Ýylyň zknany” diýen belent at olaryň gazananlarynyň ykrarnamasy bolup durýar.

Bu bäsleşik Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň ýörite taslamasy bolup, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýal-gyzlaryň durmuşda tutýan ornuny ýokarlandyrmaga hem-de olaryň döredijilik we hünär mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek üçin şertleri döretmäge gönükdirilen döwlet syýasatyny goldamak maksady bilen esaslandyryldy. Bäsleşigiň maksady türkmen zenanlarynyň – çeper elli ussatlaryň, işjeň jemgyýet işgärleriniň maşgala ojagyny we milli ýörelgeleri saklaýjylaryň ýokary gazananlaryny wagyz etmekdir.


Baýramçylyk dabarasyny Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň başlygy, Kärdeşler arkalaşyklarynyň milli merkeziniň başlygy Göwher Baýramowa gutlag sözi bilen açdy. Ol ýygnananlary ýetip gelýän baýramçylyk bilen gutlap, ähli döwürlerde hem türkmen zenanlarynyň “taňrynyň döreden gudraty” diýip belent sarpa goýlupdyr diýip ýatlatdy. Ata-babalarymyzyň ýörelgelerini dowam etdirip, häzirki döwürde hem zenanlar türkmen jemgyýetinde ýokary derejä eýedirler. Döwlet Baştutanymyzyň özleri hakdaky aladasyna we ünsüne aýal-gyzlar zähmetde üstünlikleri bilen jogap berýärler, olar täze maksatlary we wezipeleri ýerine ýetirmäge işjeň gatnaşýarlar.

Bäsleşik “Ýokary hünär başarnyklary üçin”, “Milli çeper el iş sungatyny goraýanlygy üçin”, “Ruhy gymmatlyklary we milli medeni mirasy wagyz edýändigi üçin”, “Çagalary terbiýelemekde ýeten sepgitleri üçin”, “Ýurdumyzyň goranyş ukybyny we jemgyýetde kanunçylygy pugtalandyrmak boýunça işi üçin”, “Obany ösdürmäge goşandy üçin”, “Telekeçilikde gazanan üstünlikleri üçin” diýen ýedi ugur boýunça geçirildi. Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda oňa gatnaşyjylar emin agzalaryna öz işleri, maşgalasy hakyndaky tanyşdyryş wideo şekilleri, şeýle hem bäsleşige gatnaşyjynyň zähmetde we jemgyýetçilik durmuşynda gazanan üstünliklerine şaýatlyk edýän maglumatlary görkezdiler.


Halk ýazyjysy, Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewa we ýurdumyzyň beýleki meşhur zenanlary ýeňijileriň atlaryny yglan etdiler. “Bedenterbiýe we sport” žurnalynyň baş redaktory Maýsa Öwezowa, türkmen halysynyň milli muzeýiniň halyçysy Annabagt Durdyýewa, Daşoguz welaýatynyň taryhy-ülkäni öwreniş muzeýiniň ylmy işgäri Haýtgül Ataýewa, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň 27-nji mekdebiniň iňlis dili mugallymy Orazbibi Gurdowa, uly leýtenant Şahlo Gudykowa, Balkan welaýatynyň Magtumguly etrabynyň Nyýazow adyndaky daýhan birleşiginiň çopany Ogulşeker Döwletowa, Mary welaýatynyň Baýramaly şäherinden telekeçi Ogulbaş Toşyýewa bäsleşigiň ýeňijileri bolup, Ýylyň zenanlary diýen ada mynasyp boldular.

Bäsleşigiň guramaçylary ýeňijileri gül desseleri hem-de gymmat bahaly sowgatlar bilen sylagladylar, ýygnananlar olara el çarpdylar.


“Ýylyň zenany” bäsleşigi türkmen aýal-gyzlarynyň zähmet we döredijilik üstünlikleriniň jemgyýetçilik ykrarnamasyna eýe bolýandygyny ýene bir gezek görkezdi. Dürli hünärleriň wekilleri, ýaşlar we ýaşuly zenanlar ýurdumyzyň dürli sebitlerinde bolup, olary Watanymyza bolan söýgi, ýurdumyzy özgertmäge goşant goşmak arzuwy, zähmetsöýerlik we zehin, kämillige bolan ymtylyş, täze hünär belentliklerine ýetmek, maşgala gymmatlyklaryny gorap saklamak maksady birleşdirýär. Şunda olaryň üstünliginiň syry jemlenýär.