Ï Türkmenistanda Milli goşunyň söweşjeň taýýarlygyny duýdansyz gözden geçirmek çäresi başlandy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda Milli goşunyň söweşjeň taýýarlygyny duýdansyz gözden geçirmek çäresi başlandy

view-icon 897
26-njy martda Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow gije ýarymdan agan wagtlary wideoşekilli göni aragatnaşyga çykyp, Türkmenistanyň goranmak ministri, Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ý.Berdiýewe Ýaragly Güýçlerimiziň we beýleki goşunlaryň şahsy düzüminiň harby - hünär ussatlyklaryny has-da ýokarlandyrmak, Milli goşunymyzyň söweşjeň taýýarlygyny gözden geçirmek maksady bilen, degişli tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyzyň Buýrugyna laýyklykda, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň we beýleki goşunlaryň harby bölümleri söweşjeň taýýarlyk ýagdaýyna getirilip, görkezme söweş-taktiki tälim beriş türgenleşigine badalga berildi. Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň degişli Buýrugyna laýyklykda, bellenen tertipde goşunlary söweşjeň taýýarlyga getirmek barada nobatçy güýçlere habar berlip, dessine harby - dolandyryş ulgamy ýaýbaňlandyryldy. Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň goşun kysymlarynyň serkerdeleriniň hasabatlary diňlenip, görkezme söweş-taktiki tälim çärelerini üstünlikli geçirmek barada ýurdumyzyň Goranmak ministrliginiň ýolbaşçy düzümleriniň öňünde anyk wezipeler goýuldy.

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy tarapyndan berlen buýrugy birkemsiz we bellenilen wagtda ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň düzümleriniň sazlaşykly hereketi ýola goýuldy.

Guryýer goşunlarynyň, Harby howa güýçleriniň we Howa hüjüminden goranmak goşunlarynyň, Harby-deňiz güýçleriniň harby bölümleri söweş niýetlenmesi boýunça öňde durýan wezipeleri ýerine ýetirmek üçin söweşjeň taýýarlyk derejesine getirildi. Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň ygtyýarynda bar bolan harby uçarlar, dikuçarlar, uçarmansyz uçarlar, söweşjeň we üpjünçilik gämileri, raketa-artilleriýa ýaraglary, harby we ýörite tehnikalar saklawdan çykaryldy hem-de söweşjeň hasabat boýunça meýilleşdirilen çärelere guramaçylykly girişdiler. Yşarat boýunça aýaga galdyrylan şahsy düzüm şahsy söweşjeň enjamlaryny aldy.

Bu çäre goşun bölümleriniň ýörişi mahalynda olaryň söweşjeň ukyplaryna baha bermäge gönükdirlendir.

Goşunlaryň dolandyryş ulgamynda hereket edýän aragatnaşykçylara aýratyn orun degişlidir. Olar dürli şertlerde hereketleriň dolandyrylmagyny we utgaşdyrylmagyny üpjün edýän meýdan - aragtanaşyk bödümlerini ýaýbaňlandyrýarlar. Goranyş kuwwatyna eýe bolan harby düzümleriň bu baglanyşdyryjy düzümi aýratyn gözden geçirildi.

Söweşjeň ýöriş şahsy düzümiň hünär derejesini, tehniki taýýarlygy we goşun birikmeleriniň bitewüligini äşgär edýär. Bellenilen synaga esgerlerden başlap, generallara çenli ähli serkerdeler gatnaşýar.

Onuň baş maksady Milli goşunyň ähli bölümleriniň bilelikdäki hereketlerini işläp taýýarlamakdan we söweşjeň ukybyny ýokarlandyrmakdan ybaratdyr.

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň goranyş kuwwatyny hemmetaraplaýyn pugtalandyrmak, Ýaragly Güýçleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, Türkmenistanyň goranyş häsiýetie eýe bolan Harby doktrinasynyň milli Liderimiz tarapyndan işlenip taýýarlanylan esasy kadalaryna laýyk getirmek we ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasat ugruna daýanmak boýunça zerur işler alnyp barylýar.

Milli Liderimiziň yzygiderli belleýşi ýaly, özygtyýarly Türkmenistanyň Harby doktrinasy ýurdumyzyň halkara bileleşigi tarapyndan berlen hemişelik Bitaraplyk derejesine laýyk gelýän Watanymyzyň mukaddes çäkleriniň eldegrilmesizligini, mähriban Diýarymyzda parahatçylygyň we abadançylygyň üpjün edilmegini nazarlaýan syýasata esaslanýar. Şunda, Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň depgininiň we halkymyzyň ýaşaýyş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen giň möçberli özgertmeler oňyn netijesini berýär.

Bu gezekki duýdansyz guralan harby-taktiki türgenleşigi Milli goşunymyzyň goranyş ukybyny we harby gullukçylaryň söweşjeň taýýarlygyny barlamak maksady bilen ýaýbaňlandyryldy.

Milli goşunymyzyň harby bölümleri söweş hereketlerini sazlaşykly ýerine ýetirmek üçin bellenen tertipde okuw-türgenleşik merkezlerine tarap düzgün-tertipli harby ýörişi amala aşyrmaga girişdiler.