27-nji martda döwlet Baştutanymyzyň Buýrugy esasynda geçirilýän görkezme söweş-taktiki tälim beriş türgenleşigi dowam etdi.
Goşun bölümleri gije-gündiziň dürli şertlerinde Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Türkmenbaşy, Bereket, Gökdepe, Mary, Ýolöten, Serhetabat we Atamyrat goşun galalarynyň çäklerindäki okuw-türgenleşik meýdanlaryna dürli okuw-söweşjeň wezipelerini ýerine ýetirmek bilen ýöriş amala aşyrdylar. Ýaragly Güýçlerimizde we beýleki goşunlarda ýaýbaňlandyrylan harby - dolandyryş ulgamlarynyň serkerdeleri goşunyň hereketlerini yzygiderli gözegçilikde saklap, gündelik hasabatlary kabul etdiler we goşunlary dolandyryş nokadyndan türgenleşik- taktiki taýýarlygyň barşyna gözegçilik etdiler.
Ýörişiň dowamynda harby tehnikalar bellenilen ugruň aýratynlyklary esasynda dürli päsgelçilikleri, şol sanda suw päsgelçiliklerini geçdiler. Ýol ugrunda söweşjeň tehnikalaryň maddy-enjamlaýyn üpjünçiligi boýunça bölümler, okuw - türgenleşik meýdanlaryna öz wagtynda barmagy üçin ähli zerur şertler döredildi. Şahsy düzüm üçin meýdan aşhanalary hereket edýär. Howadan gözegçiligi amala aşyrmak üçin ýörite enjam bilen üpjün edilen gije-gündiziň dowamynda islendik howa şertlerinde uçuşlary amala aşyrmaga ukyply «Falko» kysymly uçarmansyz uçaryň kömegi bilen goşunyň hereket edýän ugurlarynda we okuw-türgenleşik meýdanlarynda aňtaw uçuşlary geçirildi.
Bu türgenleşikler hakyky söweş hereketlerine ýakynlaşdyrylan şertlerde guraldy. Oňa Ýaragly Güýçleriň ähli kysymlary gatnaşdyryldy. Harby howa güýçleriniň MiG-29 uçarlar topary howa söweşini alyp barmak, goşunlary penalamak, Su-25 uçarlarynda we Mi-17 dikuçarda ýerdäki nyşanalar boýunça ot açyş gönükmelerini dürs ýerine ýetirip, okuw-söweşjeň uçuşlary öňden düzülen meýilnama laýyklykda amala aşyrdylar. Tälimiň dowamynda harby uçarmanlar uçuş endiklerini we ussatlyklaryny hem-de nyşanalary ýok etmekdäki başarnyklaryny görkezdiler.
Transport awiasiýasy ýörite maksatly bölümleriň harby gullukçylaryny niýetlenen etraplara howa desanty görnüşinde toparlaýyn düşürmek, aeromobil güýçleri geçirmek boýunça wezipeleri ýerine ýetirdiler. Ýörite maksatly güýçleriň bölümleri tälimiň çäklerinde öňde goýlan wezipä laýyklykda, dessin hereket edip, ýüzugra söweşjeň wezipäni ýerine ýetirdiler hem-de söweşjeň ussatlyklaryny görkezdiler. Söweşjeň taýýarlyga getirilen howa hüjüminden goranyş bölümleri goşunlaryň ýörişiniň dowamynda olary mümkin bolan garşydaşyň howa urgularyndan goramak boýunça söweş hereketiniň barşynda ýüze çykarylan barlag-okuw howa nyşanalaryny ýok etmek maksady bilen raketa atyşlaryny geçirdiler.
Görkezme söweş-taktiki tälim beriş türgenleşiginiň ikinji tapgyrynyň barşynda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň söweş kuwwatynyň artandygy äşgär edildi. Edermen Watan goragçylary goşunyň we dolandyryş düzümleriniň ýokary söweşjeň taýýarlygyna dessine ýetmek arkaly öz öňlerinde goýlan söweşjeň wezipäni üstünlikli ýerine ýetirdiler.
Serkerdeler hem-de Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň häzirkizaman tehnikalaryna we harby enjamlaryna ussatlyk bilen erk etmek babatda görkezýän göreldesine eýerip, harby tehnikalary dürli şertlerde söweşjeň ýagdaýa getirmek babatda başarnyklaryny äşgär etdiler.
Harby gullukçylar Türkmenistanyň Harby doktrinasyna laýyklykda, berkarar Watanymyzyň goragynda ygtybarly durýandyklaryny hem-de mukaddes döwlet Garaşsyzlygymyzy gözüniň göreji ýaly gorap saklamakda hormatly Prezidentimiziň görkezmelerine çäksiz wepalydyklaryny ýene bir gezek subut etdiler.