Ï Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituynyň şäherçesinde Halkara Nowruz baýramy mynasibetli çäre geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituynyň şäherçesinde Halkara Nowruz baýramy mynasibetli çäre geçirildi

view-icon 594
Bu ýerde baýramçylyk dabarasy höküm sürdi. Oňa talyplar, mugallymlar we baýramçylygyň myhmanlary gatnaşdylar. Bu ýokary okuw mekdebiniň merkezi meýdançasy Köpetdagyň eteginiň ajaýyp ýerinde gguraldy. Bu owadan dabara gatnaşyjylaryň ählisi edil jadylanan ýaly Nowruzy alamatlandyrýan ýazky özgertmelere we täze abadançylygyň gaýtadan döremegine öwrüldi.



Ýörite taýýarlanan açyk meýdançada gadymy baýramçylygyň özboluşly häsiýetini alamatlandyrýan milli ak öýler oturdyldy. Höwesjeň artistler Nowruza mahsus bolan türkmen milli däp-dessurlaryny beýan edýän sahna oýunlaryny görkezdiler, tomaşaçylary halk oýunlary bilen tanyşdyrdylar.



Bu ýerde gyzlar türkmen milli tagamlaryny taýýarlamagyň syrlaryny we usullaryny görkezdiler. Tejribeli aşpezler tarapyndan taýýarlanan datly tagamlar baýramçylyk desterhanyna äberildi. Olaryň arasynda bugdaý maýsasyndan taýýarlanan semeni aýratyn orny eýeleýär. Onuň taýýarlanyş usuly we syry nesillerden nesile geçip, aýawly saklanyp, şu günlerimize çenli gelip ýetipdir.



Bu ýokary okuw mekdebiniň çeper höwesjeňler toparynyň çykyşy “küştdepdi” tansy bilen tamamlanyp, ol baýramçylygyň dabarasyny has hem artdyrdy. Talyplaryň ýerine ýetiren bu özboluşly däbe öwrülen tansy bahar baýramçylygynyň dabarasyny has hem artdyrdy. Ol kuwwatly döredijiligi we nesilleriň arasyndaky berk arabaglanyşygy özünde jemleýär.



Baýramçylyk maksatnamasyna hem sport, hem intellektual häsiýetli bäsleşik çäreleri hem goşuldy. Ýörite meýdançalarda milli göreş boýunça bäsleşik geçirildi. Türkmen taryhyny we edebiýatyny bilýänleriň arasynda intellektual bäsleşikler hem geçirildi. Baýramçylyk dabarasynyň çäklerinde gadymy şaý-seplerden, haly önümlerinden, milli lybaslardan ybarat bolan sergi hem guraldy.

Çäräni guraýjylaryň aýdyşlary ýaly, bu medeni çäre ýaş nesli dünýä siwilizasiýasynyň ösmegine mynasyp goşant goşan türkmen halkynyň baý ruhy we medeni mirasyna hormat goýmak ruhunda terbiýelemäge gönükdirilendir.