Muny Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Aşgabatda ýakynda tamamlanan sergisi we maslahaty aýdyň görkezdi.
Foruma ýokary hilli ekilýän ösümlikler bilen içerki bazaryň islegini kanaggatlandyrýan, şeýle hem firo-dizaýne ýöriteleşen kompaniýalar gatnaşdylar.
Olaryň köpüsi şular ýaly sergilerde öz önümlerini ilkinji sapar görkezýärler. Aşgabatlylar şäher köçelerini ir bahardan giçki güýz günlerine çenli, hatda gyşyň maýyl günlerinde hem şäher köçelerine birkemsiz bezäp oturan bägülleri örän söýýärler. Serginiň diwarlyklarynda ysy bark urýan bägüller mynasyp orunlaryny tapypdyr. Olaryň ählisi “Nurly meýdan” daýhan hojalygynyň ýyladyşhanalarynda ösdürilip ýetişdirilipdir. Hojalykda uly ýyladyşhana bolup, onda her ýylda 500-600 müň sany bägülleriň “Awalanga”, “Doýçe Witta”, “Gran-pri” ýaly ajaýyp görnüşleri ösdürip ýetişdirilýär diýip, hojalygyň ýolbaşçysy Nurýagdy Ýagmyrow gürrüň berýär. Hojalykda ösdürilip ýetişdirilen bägüller Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň gül satylýan dükanlaryna iberilýär. Biziň howa şertlerimize örän gowy uýgünlaşan bägüliň golland güörnüşi müşderileriň arasynda uly meşhurlyga eýedir.
Hojalyk Balkan welaýatynyň Bereket etrabynda ýerleşýär. Hojalygyň işiniň esasy ugrulary bägülleriň golland görnüşlerini ösdürip ýetişdirmek bolup durýar. Ilkibaşda işleri alyp barmaga Eýranly we Gollandly hünärmenler kömek berdiler, häzir bolsa hojalygyň gülçileri – öz işleriniň ussatlary - indi öz işlerini ussatlyk bilen ýerine ýetirmegi başarýarlar. Geljekde – ýene-de şunuň ýaly ýyladyşhanany gurmagy, şonuň bilen bir hatarda hem meýdany giňeltmek bilen beýleki gülleri, şol sanda otag güllerini hem, ösdürip ýetişdirmek meýilleşdirilýär. Indiki guruljak ýyladyşhanada golland bägülleriniň ýene-de 13 gürnüşini ösdürip ýetişdirmek meýilleşdirilýär.
“HAS” hsusy kärhanasynyň hem diwarlygy ösboluşly bolup, onuň hünärmenleri Türkiýeden, Eýrandan we Italiýadan tuýa agajynyň, bereskletleriň, arçanyň nahallaryny getirmegi gurap, landşaft dizaýninde, miweli bagçylyk we bag ekmäge ýörütleşendir. Bu getirilýän agaç nahallary ýerli howa-toprak şertlerine uýgunlaşdyryp bag-bakja bilen meşgullanýan döwlet we hususy hojalyklara satylýar.
HK direktory Deňiz Şanyýazow işler Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komitetiniň düzüm bölümleriniň tokaý hojalyklary bilen hyzmatdaşlykda alnyp barylýar diýip, gürrüň berýär. – Biz işde ekologiýa howpsuzlygyna ýaratyn üns berýäris, ýagny ösümliklere diňe bir oňat hilli idegler edilmän, eýsem olaryň oňar we sagdyn bolup ösüp ýetişmekleri üçin ýokary hilli tebigy goşmaçalar we organiki dökünler bilen iýmitlendirilýär.
Şeýle hem HK pes boýly baglary ösdürip ýetişdirmek üçin gurluşlary gurnaýar we olary iberýär. Bu tehnologiýa “pes boýly baglar üçin öndümli bagçylyk” diýlip atlandyrylýar. Türkmenistanda bu gurluşlar hususy önüm öndürijileriň arasynda barha uly meşhurlyga eýe bolýar, olara isleg bildirýän müşderileriň sanawy barha artýar. Özüniň oňaýlylygyny görkezen demir gurluşlar üzüm üçin ýeňil gurnalýar – olar üsümiň hoşalaryny örän oňat ýagdaaýda saklaýarlar. Şeýle tejribe eýýäm Ahal welaýatynda synagdan geçirildi. “8 ýap” firmasy özüniň 30 gektara ekilen meýdandaky 90 müň düýp alma baglygyny, şeýle hem “Merdem” HJ özüniň onlarça gektar meýdany tutýan alma bagalaryny şunuň ýaly usulda üpjün etdiler.
“Alp iş” hojalyk jemgyýeti ilki işe başlanda öz düzümine ylmy ösümçilik boýunça baý tejribe toplan hünärmenleri ýygnamak bilen, ekspozisiýada has köp pürli we saýaly baglary görkezipdir. Ýakynda döredilen hojalyk jemgiýetiniň meýilnamasy – köp dürli ösümlikleri ösdürip ýetişdirmek üçin ýyladyşhana hojalygyny döretmekden ybarat bolup durýar. Bu kompaniýanyň diwarlygynda Türkmenistanyň şertlerine uýgunlaşan, şeýle hem şäher çägkleri üçin flora toplumyny düzüp biljek pürli, ýaprakly, hebişe gök öwsüp oturan nahallaryň 30-sy töweregi görkezilipdir. Kompaniýanyň golaý geljek meýilnamasy – ekilýän materiýallary ösdürip ýetişdirmek, şeýle hem şäherleri we obalary gök baglyga büremek işlerine goşulyşmagy maksat edinen husuy telekeçilere maslahat beriji kömegi bermek bolup durýar.