Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň nobatdaky V gurultaýy geçirildi. Oňa ýurdumyzyň şäherlerinden hem-de welaýatlaryndan ähli derejedäki ýaşlar guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Onuň gün tertibine “Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2015—2020-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyny” durmuşa geçirmek boýunça ileri tutulýan wezipeleri, bu resminamany berjaý etmek babatda çäreleriň meýilnamasyny, şeýle hem Ýaşlar guramasynyň Tertipnamasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmegi ara alyp maslahatlaşmak hem-de birnäçe guramaçylyk meseleleri girizildi.
Maslahata gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň iberen gutlagyny ruhubelentlik bilen diňlediler. Gutlagda häzirki döwürde ýaşlar guramasynyň jemgyýetimizde agzybirligi, jebisligi berkitmek, arassa, halal zähmet çekýän nesilleri terbiýelemek, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, ýokary zähmet üstünliklerini gazanmak babatynda netijeli işleri alyp barýandygy hem-de beýik üstünliklerimizi we milli maksatnamalarymyzy üstünlikli amala aşyrmaga ýardam berýändigi nygtalýar.
Gurultaýda edilen çykyşlarda bellenilişi ýaly, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň alyp barýan syýasatynyň wajyp ugry ösüp gelýän nesil hakdaky aladadyr. Ýaşlary ruhy, ahlak we beden taýdan terbiýelemek meseleleri döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň üns merkezinde durýar. Bu gün ýurdumyzda häzirki zaman talaplary, ylym we döredijilik bilen meşgullanmak babatda bilim almak, ýaş raýatlaryň hukuk we durmuş derejesini üpjün etmek, hukuklaryny we azatlyklaryny goramak, ýaş maşgalalary goldamak üçin giň mümkinçilikler döredilýär.
Çykyşlarda “Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2015—2020-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyny” üstünlikli durmuşa geçirmegiň möhümdigi bellenildi. Gurultaýyň delegatlary täze taryhy eýýamda ýurdumyzyň ýaşlar guramasynyň öňünde durýan esasy wezipeler barada aýdyp, halk häkimiýetiniň ýokary we ýerli wekilçilikli edaralaryň, döwlet häkimiýetiniň kanun çykaryjy we ýerine ýetiriji edaralarynyň işlerine, ähmiýetli kanunçylyk namalarynyň kabul edilmegine hem-de ýerine ýetirilmegine ýardam bermegiň, jemgyýetimizde agzybirligiň we jebisligiň pugtalandyrylmagynyň wajypdygyna ünsi çekdiler.
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy — 1991-nji ýylyň noýabrynda döredilen iri jemgyýetçilik guramasy bolup, öz hatarlarynda türkmenistanlylaryň 900 müňden gowragyny birleşdirýär. Ýaşlar guramasynyň hataryna ösüp gelýän nesilleriň gujurly hem-de döredijilikli wekilleriniň barha köpsanlysynyň goşulýandygyny bellemek ýakymlydyr.
Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuş-ykdysady özgertmelerini durmuşa geçirmekde hem-de döredijilikli başlangyçlaryny öňe ilerletmekde ýaşlar guramasynyň orny bellenildi. Ýaşlaryň hemmetaraplaýyn we sazlaşykly ösmegi, ýetişip gelýän nesliň boş wagtyny guramak üçin zerur şertleri döretmäge, olarda ýokary ruhy-ahlak gymmatlyklaryny kemala getirmäge, sporty we sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek babatda işleri işjeňleşdirmäge aýratyn üns berildi. Şunda ýurdumyzyň beýleki jemgyýetçilik düzümleri, döwlet edaralary, şeýle hem ýokary we orta okuw mekdepleri, ylym hem-de medeniýet edaralary bilen bilelikde degişli çäreleriň geçirilmeginiň ähmiýeti nygtaldy.
Türkmenistanyň döwlet ýaşlar syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bu ulgamda halkara hyzmatdaşlyga ýardam bermek bolup durýar. Döwletimiziň berýän goldawlarynyň netijesinde ynsanperwer taslamalary amala aşyrmagyň çäklerinde bilim, ylym, medeniýet we beýleki ugurlara degişli halkara agentlikleri, gaznalar, guramalar bilen netijeli aragatnaşyklar ýola goýuldy.
BMG bilen, hususan-da, BMG-niň Ilat gaznasy bilen hyzmatdaşlykda maksatnama üstünlikli amala aşyryldy. Onuň çäklerinde Aşgabatda hem-de Maryda ýaşlaryň sagdyn durmuş ýörelgesi babatda maglumat-serişdeler merkezleri açyldy. Ýurdumyzyň ýaşlarynyň wekilleri halkara maslahatlaryna, sammitlere, sergilere gatnaşýarlar. Ine, diňe soňky ýyllaryň içinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň agzalary Hazarýaka döwletleriň 4-nji sammitiniň çäklerinde geçirilen Hazar ýaşlar duşuşygyna, ýaşlar syýasaty boýunça 1-nji Ählumumy maslahata, “Beýik Ýüpek ýolunda arzuwa tarap” atly Ýewraziýa ýurtlarynyň ýaş liderleriniň dostluk duşuşygyna, Müňýyllygy ösdürmegiň Maksatlarynyň halkara ýaşlar maslahatyna, “Ilat hem-de ösüşiň liderleri” atly halkara maslahatyna, Hazarýaka döwletleriň ýaşlarynyň arasyndaky I maslahata we beýlekilere gatnaşdylar. Gurultaýa gatnaşyjylaryň çykyşlarynda abraýly halkara düzümleri hem-de dünýäniň dürli ýurtlarynyň ýaşlar guramalary bilen netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň wajypdygy bellenildi.
Umuman, çykyş edenleriň nygtaýşy ýaly, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy öz öňünde goýlan wezipelerden ugur alyp, işleriniň netijeliligini barha ýokarlandyrýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiziň parasatly ýolbaşçylygynda döwletimiziň gazanan uly üstünlikleri ýaşlary döredijilikli zähmet çekmäge ruhlandyrýar.
Nobatdaky gurultaýyň barşynda delegatlar Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Tertipnamasynyň täze görnüşini ara alyp maslahatlaşdylar we kabul etdiler. Bu jemgyýetçilik düzüminiň esaslandyryjy resminamasyna girizilen üýtgetmeler hem-de goşmaçalar, ilkinji nobatda, ýurdumyzyň syýasy, ykdysady we medeni durmuşyna täsir eden döwrüň ýagdaýlaryny, düýpli özgertmeleri göz öňünde tutýar.
Şeýle hem guramanyň Merkezi geňeşiniň, Prezidiumynyň, Merkezi gözegçilik-derňew toparynyň täze düzümi saýlanyldy. V gurultaýa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlyklygyna Soltangeldi Babaýewi saýladylar.
Ýaşlaryň maslahatyna gatnaşyjylar häzirki zaman Türkmenistanyň üstünlikleri hem-de türkmen halkynyň baý medeni mirasy barada gürrüň berýän göçme sergi bilen tanyşdylar. Bu ýere ýygnananlaryň öňünde medeniýet işgärleri we sungat ussatlary ajaýyp konsert bilen çykyş etdiler.