Ï «Demokratiýa we hukuk» žurnalynyň nobatdaky sany
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Demokratiýa we hukuk» žurnalynyň nobatdaky sany

view-icon 761
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli instituty “Demokratiýa we hukuk” ylmy-amaly žurnalynyň nobatdaky sanyny çapdan çykardy.

Türkmen, rus hem-de iňlis dillerinde çap edilýän žurnal hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan içeri we daşary döwlet syýasatynyň esasy ugurlaryny, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli reformalaryň hem-de demokratik özgertmeleriň many-mazmunyny we häsiýetini beýan edýär.

Çap edilen makalalaryň sanawynda žurnalyň awtorlarynyň giň okyjylar köpçüligine, şol sanda hukuk ulgamynyň hünärmenlerine, döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň işgärlerine, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekillerine niýetlenen habar we seljerme häsiýetli makalalar bar.

Žurnalyň şu sany döwlet Baştutanymyzyň Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygynyň öň ýanynda geçirilen Ýaşulularyň dabaraly maslahatynda eden çykyşy bilen açylýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öz çykyşynda ýurdumyzyň durmuşynyň ähli ugurlarynda we halkara giňişliginde uly üstünlikleri gazanmakda hemişelik Bitaraplyk derejesiniň ägirt uly ähmiýetini belledi. Geçen ýyllar biziň saýlap alan ýolumyzyň dogrudygyny görkezdi. Bu ýoluň halkyň hakyky bähbitlerine, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça uzak möhletli wezipelere we maksatnamalara, deňhukukly hem-de özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygynyň maksatlaryna doly laýyk gelýändigini subut etdi diýip, döwlet Baştutanymyz belleýär.


“Oňyn Bitaraplyk syýasaty—Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygynyň esasy” atly makala hem demokratik özgertmeleri çuňlaşdyrmak, raýat jemgyýetini has-da ösdürmek, milli kanunçylygy kämilleşdirmek, adam hukuklaryny goramak işini ugur edinýän iri abraýly guramalar we düzümler bilen köpugurly hem-de netijeli hyzmatdaşlyk meselelerine bagyşlandy.

“Türkmenistanyň Konstitusiýasyny kämilleşdirmegiň esasy ugurlary” diýen makala barada hem bellemek gerek. Onda Garaşsyz we Bitarap döwletimiziň taryhy ösüşindäki täze ýagdaýlary hem-de geljek üçin wezipeleri nazara almak bilen, ýurdumyzyň Esasy Kanunyny kämilleşdirmek boýunça geçirilýän işler barada gürrüň berilýär.

Okyjylara hödürlenýän makalalaryň hatarynda Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek baradaky meselelere bagyşlanylan makalanyň hem bardygyny aýtmak gerek. Häzir ýurdumyzda ösüp gelýän nesli halkymyzyň ruhy-ahlak däpleriniň hem-de sagdyn durmuş ýörelgesiniň esasynda watançylyk, ynsanperwerlik we zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemäge örän uly ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, “Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2015—2020-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasynyň” kabul edilmegi bu ugurda uly ädim boldy.

Medeniýet ulgamyny ösdürmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýöredýän syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şu maksatlarda “Medeniýet hakynda”, “Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramak hakynda”, “Muzeýler we muzeý işi hakynda”, “Milli maddy däl medeni mirasy goramak hakynda” Kanunlar kabul edildi. Türkmenistanyň 2013—2017-nji ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji Geňeşiniň agzalygyna saýlanylmagy degişli ugurda halkara işleriniň ykrarnamasyna öwrüldi. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen 2016-njy ýylyň «Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly» diýlip yglan edilmegi bilen baglylykda, hukuk ylymlarynyň doktory, Ýanki Kupaly adyndaky Grodno döwlet uniwersitetiniň dosenti Igor Martynenkonyň “Milli taryhy-medeni mirasy goramak Bitarap Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ýörelgesi hökmünde” atly makalasy möhüm bolup durýar.

Şeýle hem okyjylara ýurdumyzyň dokma senagatynyň okgunly ösüşiniň mysalynda durmuş-ykdysady taýdan ösüşi barada gürrüň berýän makala hödürlenilýär.

Täze taryhy döwürde amala aşyrylýan, kanunçylyk binýadyny berkitmäge gönükdirilen hukuk özgertmeleriniň ähmiýeti barada “Raýat iş ýörediş kodeksiniň esasynda raýat hukuklaryny goramak” hem-de “Türkmenistanyň kanunçylygynda ýaşaýyş-hukuk kadalary”, “Türkmenistanda raýatlaryň hukuklarynyň notarial taýdan kepillendirilişi” atly makalalarda söhbet edilýär.

Žurnalyň şu sany habarlar toplumy bilen jemlenýär, onda abraýly halkara guramalarynyň ýolbaşçylarynyň we bilermenleriniň gatnaşmagynda paýtagtymyzda geçirilen duşuşyklar, maslahatlar barada gürrüň berilýär. Hukuk ulgamynda öňdebaryjy dünýä tejribesini öwrenmek maksadynda türkmen hünärmenleriniň dürli ýurtlara amala aşyran iş saparlaryna gysgaça syn berilýär.

Žurnal dürli reňkli suratlar bilen bezelip, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Metbugat merkezinde ýokary çap usulynda neşir edildi.