Ï Türkmen paýtagtynda ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek ulgamynda milli we halkara tejribesine bagyşlanan iki günlük okuw maslahaty öz işine başlady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen paýtagtynda ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek ulgamynda milli we halkara tejribesine bagyşlanan iki günlük okuw maslahaty öz işine başlady

view-icon 718
Maslahatyň işine gatnaşmak üçin degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň esasy hünärmenleri, şeýle hem Merkezi Aziýada neşeleriň ýaýradylmagynyň öňüni almak boýunça Ýewropa Bileleşiginiň Maksatnamasynyň halkara bilermenleri Ýanuş Sieroslawski we Krşiştof Ostaşewskiý çagyryldy.

Maslahatda geçirilen tanyşdyryş çäreleriniň barşynda ilatyň arasynda sagdyn durmuş ýörelgeleri, şol sanda bu ýörelgeleri ýaşlaryň arasynda işjeň kemala getirmegiň milletiň saglygyny berkitmekde zerur şert bolup durýandygy bellenildi. Bu mesele häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan alnyp barylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň derejesine çykaryldy. Öňde goýlan wezipeleri amala aşyrmak üçin ýurdumyzda anyk çäreler yzygiderli durmuşa geçirilýär, şol sanda saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamynyň düzümleri döwrebaplaşdyrylýar hem-de giňeldilýär.

Maslahatda çykyş edenler ýaş nesliň wekillerinde durmuş ähmiýetli çäreleri geçirmegiň barşynda sagdyn durmuş ýörelgesiniň medeniýetini kemala getirmek boýunça yzygiderli işleriň guralmagynyň zerurdygyna aýratyn ünsi çekdiler. Şunuň bilen baglylykda, milli we halkara derejesinde sport ýaryşlarynyň guralmagynyň hem-de şu günler paýtagtymyzda we ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” şygary bilen geçirilýän köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş-medeni çäreleriniň biraýlygynyň ägirt uly ähmiýeti nygtaldy.

Ýygnananlar zyýanly endikleriň öňüni almagyň möhümdigi barada aýdyp, bu işleri geçirmekde saglygy goraýyş, bilim, jemgyýetçilik guramalarynyň we beýlekileriň uly ornuny bellediler. Şunuň bilen baglylykda, okuw maslahatyna gatnaşyjylar degişli halkara hem-de sebit düzümleri bilen işjeň hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek baradaky pikiri aýtdylar.

Paýtagtymyzyň “Grand-Türkmen” myhmanhanasynda geçirilýän okuw maslahaty ertir öz işini dowam eder.