Ï Aşgabatda Bütindünýä saglyk gününe bagyşlanyp maslahat geçirildi. Onuň dowamynda süýji keseliniň öňüni almagyň wajyp meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabatda Bütindünýä saglyk gününe bagyşlanyp maslahat geçirildi. Onuň dowamynda süýji keseliniň öňüni almagyň wajyp meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

view-icon 899
Bütindünýä saglyk gününe bagyşlanyp geçirilen maslahat “Dogry iýmitleniň! Işjeň boluň! Lukmanyň maslahatyny berjaý ediň!”, “Süýji keselini ýeňiň!” diýlip atlandyryldy. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara ylmy-okuw merkeziniň maslahat jaýynda geçirilen ýöriteleşdirilen maslahatyň işine paýtagtyň lukmançylyk edarasynyň ýolbaşçylary, lukman-endokrinologlar, maşgala lukmanlary, Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymlary, şeýle hem Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýurt edarasynyň wekilleri gatnaşdylar.

BSG ýurt edarasynyň başlygy Bagtygül Garryýewanyň öz çykyşynda belleýşi ýaly, häzirki wagtynda Ýewropa sebitinde 64 million adam – 33 million zenanlar we 18 ýaşdan uly 31 million süýji keselli erkek adamlar ýaşaýar. Bu keseliň Ýewropa sebitinde ýaýrawlygy 1980- 2014 –nji ýyllarda 2 göterime çenli artdy. Ýewropanyň saglygy goraýyş ulgamynyň ähli çykdajylarynyň 9%, ýagny ABŞ-nyň 156 milliard dollary süýji keseline sarp edildi. BSG hasabatyna görä, Ýewropada 20-den 79 ýaş aralygyndaky adamlaryň 23 milliony süýji keselinden ejir çekýärler, onuň bäşden bir bölegine heniz diagnoz goýulanok.

Süýji keseli ýürek-damar keselleriniň, körlügi, böwrek keseliniň we beýleki keselleriň ösmegine sebäp bolup biler. Ýewropa sebitinde süýjikesel epidemiýasy, ilkinji nobatda, bedeniň aşa agramlylygy, nädogry iýmitlenmegiň, bedenterbiýe işjeňliginiň ýeterlik bolmazlygy bilen baglanyşyklydyr. 2-nji görnüşli süýji keseliniň azyndan 20 göteriminiň öňüni alyp bolýar diýlip hasap edilýär.


Ýaşaýyş durmuşyny özgertmek boýunça ýönekeý çäreler 2-nji görnüşli süýji keseliniň başlanmagynyň netijeli öňüni alýandygy ýa-da möhletini yza süýşürýändigi ylmy taýdan delillendirilendir diýip, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň wekilleri öz çykyşlarynda nygtadylar. Süýji keseli bilen kesellemek köp ýurtlarda okgunly ösýär. Biziň ýurdumyz hem bu meselä duçar boldy. Süýji keselini bejerip bolýandygy tassyklandy. Onuň ötüşmeginiň öňüni almak üçin, ony barlap bolýar we oňa täsir edip bolýar. Süýji keseli bilen kesellenen ýagdaýynda onuň köp böleginiň öňüni alyp bolýar.

Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynyň iň möhüm ugurlarynyň biri ilata lukmançylyk taýdan hyzmat etmegi gowulandyrmak boýunça syýasy isleg bolup durýandygyndadyr. Ýokanç däl keselleri we olaryň ösmeginiň töwekgelçilikli faktorlary babatda esasy ugurlar ýerbe-ýer goýlandyr. Kanunlary, Prezidentiň Permanlaryny, strategiýalary, hereket etmegiň meýilnamalaryny we beýleki resminamalary öz içine alýan düzgünleşdiriji binýat döredildi. 2014-nji ýylda 2014-2020-nji ýyllar üçin Türkmenistanda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olar bilen göreşmek boýunça Aşgabat deklarasiýasyny ornaşdyrmak boýunça Milli strategiýa kabul edildi.


Mundan hem başga, Türkmenistan süýji keseliň epidemiýasyna garşy durmak üçin gerek bolan çäreleriň ählisini görýär. Keselleriň ir ýüze çykmalaryna hem diagnostirleme edilmeginiň gerimi giňeldilýär. Süýji keselinden ejir çekýänler gerek bolan bejergi bilen üpjün edilýär. Syrkawlara özüňi dogry alyp barmak üçin süýji kesel mekdebi döredilip, ol işjeň hereket edýär. Şeýle hem biziň döwletimiz sagdyn durmuş ýörelgesini alyp barmaga we öňüni alyş maksatnamasyny amala aşyrmaga örän uly üns berýär. Muňa her ýylyň aprel aýynda geçirilýän “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” aýy hem doly şaýatlyk edýär. Bu bir aýlygyň maksady bolsa – kadaly agramy sagklamak barada ilaty habardar edilip durulmagy, süýji keseliniň döremek mümkinçiligini ep-esli peseldýän bedenterbiýe maşklaryny yzygiderli geçirilmegini, sagdyn iýmitlenmegi wagyz etmek bolup durýar. Biziň ýurdumyz bu ugurda alyp barýan işleri bilen Bütindünýä saglyk güni mynasybetli şu ýyl kabul edilen “Dogry iýmitleniň! Işjeň boluň! Lukmanyň maslahatyny berjaý ediň!”, “Süýjikeselini ýeňiň!” atly şygara doly ýardam berýär diýip, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň wekilleri aýdýarlar.

Şeýle hem maslahatyň çäklerinde fiziki taýdan işjeňlik, berhiz we saglyk, irki diagnostikanyň meseleleri, keseliň şöňuni almak we bejermek, süýjikeselinde iýmitlenmegiň orny we beden taýdan işjeňlik boýunça sebit strategiýasynyň esasy ugurlaryna garalyp geçildi.

Maslahat başlamazdan öňürti isleg bildirýänleriň ählisi ganyň düzümindäki glýukozany muzdsuz barlatmaga mümkinçilik aldylar. Bu çäre paýtagtyň 10-njy saglyk öýünde geçirildi.