Ï Halkara howa menziliniň täze raýatlar terminaly Aşgabadyň ýaşaýjylaryny we onuň myhmanlaryny laçynyň kuwwatly ganatlaryny ýaýan simwoliki arhitektura keşbinde garşy alar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Halkara howa menziliniň täze raýatlar terminaly Aşgabadyň ýaşaýjylaryny we onuň myhmanlaryny laçynyň kuwwatly ganatlaryny ýaýan simwoliki arhitektura keşbinde garşy alar

view-icon 800
>“Polimeks Insaat Taahhut we Sanayi Ticaret A.S.” (Türkiýe Respublikasy) kompaniýasynyň gurýan demir gurluşlardan, aýnadan we betondan 166 müň inedördül metr meýdany eýeleýän, beýikligi 45 metr we 680 metrden gowrak bolan guş görnüşindäki telärli bäş gatly binasy aerodrom toplumynyň has ähmiýetli bölegi bolar. Bu “howa derwezesi” arkaly her ýylda ýolagçylaryň 14 millionyny kabul etmek we ugratmak göz öňünde tutulýar. Ýolagçylar 1800-den gowrak awiasiýa hünärmenleri hyzmat ederler.

Bu aerowokzal toplumy çalt depginler bilen ösýän türkmen paýtagtynyň ýüzi bolar. Bu ýer hemmeler üçin – garşy alýanlar we ugradýanlar, ýolagçylar we awiasiýa işgärleri üçin oňaýly we amatly.


Eýýäm golaý wagtlarda awiasyýahatçylar haşam hollardan we giň garaşylýan zallardan, giň dälizlerden we özi hereket edýän ýoljagazly geçelgelerden, binanyň gatyndan gatyna galmak üçin liftlerden we eskalatorlardan peýdalanyp bilerler. Gümmez şekilli gündizki yşyklar bilen üpjün edilen beýik potoloklara, we alýuminden we garaldylan aýnalardan ýerine ýetirilen diwarlaryna baha berip bilerler. Özüniň häzirki zaman ýokary tehnologiýaly enjamlary we giň mümkinçilikleri bolan ýolagçylar terminaly, paýtagtyň bütin aerodrom toplumy ýaly, iň ýokary dünýä ülňülerine laýyk geler.

Özüniň ölçegleri boýunça haýran galdyrýan terminalyň ýakynynda baş potratçy dispetçer diňiniň we onda ýerleşýän elektron enjamlary, häzirki zaman aeronawagasion apparaturasyny goşmak bilen, howa hereketlerini dolandyryş (HHD) merkeziniň gurluşygyny tamamlady. Ol howa menziliniň jogapkärli zolagynda we onuň daşynda IKAO halkara guramasy tarapyndan tassyk edilen standartlaryna laýyk gelýän howa hereketleriniň doly gözegçiligini amala aşyrar.


Gurluşykçylar uzynlygy 3,8 kilometr we giňligi 75 metr bolan “Günorta” uçuş-gonuş zolagyny döretmekde hem innowasion tehnologiýalary we iň täze materiallary ulandylar. Ol durky täzelenen “Demirgazyk” zolagy bilen bilelikde Aşgabadyň Halkara howa menzilinde häzirki zaman howa gämileriniň islendik görnüşleriniň, şol sanda A-380, Boing-748-8, Boing-777-300 ýaly giň fýuzelýažly aerobuslaryny hem goşmak bilen, iň çylşyrymly howa şertlerinde hem päsgelçilikisiz gonmaklaryny üpjün ederler.

Perron we rulež ýodajyklary aerowokzalynyň töwereginde birbada 80-den gowrak howa gämileriniň ýerleşmegine mümkinçilik berýär. Howa gämileriniň şeýle möçberine Aziýada-2017-niň geçirilýän günlerinde garaşylýar. Şonda bu dünýä sport forumyna gatnaşmak üçin daşary ýurtlaryň 62-si öz wekillerini – türgenlerini we tälimçilerini Aşgabada ugradarlar we Aziýa oýunlarynyň paýtagtyna dünýäniň dürli döwletlerinden onlarça müň janköýerler gelerler.


Paýtagtyň örän köp sanly türgenleri we myhmanlary üçin täze terminalda ähli mümkinçilikler – gelen ýolagçylary perrondan barjak zolaklaryna çenli terminalyň ýörite awtobuslary bilen eltiler, “ ýaşyl geçelge” guramasy ýörite taýýarlanan işgärleriň we meýletinçileriň kömeleri bilen resminamalary çalt doldurmak we ähli geçilmeli ýerlerden çalt geçmeklerini, jemgyýetçilik iýmiti zolagynda, dükanlarda “duty-free” paçsyz söwdasynyň yzygiderli elýeterli bolmagy dörediler.

Terminalda pasport maglumatlaryny okaýan we el goşlaryny ugradýan awtomatiki ulgam işlär. Bu ýerde ýerli we halkara awia uçuşlarynyň ýolagçylaryna hyzmat etmek üçin bellige alyş nokatlarynyň 54-si, el goşlaryny almak üçin meýdançalaryň ýedisi ýerleşer. Hyzmat etmegiň ähli zolaklarynda – garaşylýan zallarda, köp adam üýşýän ýerlerinde, jemgyýetçilik iýmiti nokatlarynda, hollarda, auditoriýalarda we beýleki zolaklarda oňaýly oturgyçlaryň dört müňüsi töweregi goýular. Hasaba alynan köprüleriň – geçelgeleriň on bäşisi we özi hereket edýän taraplaryň 30-sy awiasyýahatçylaryň howa gämisiniň içine gönüden-göni barmagyny üpjün ederler.


Umumy meýdany 5 müň inedördül metr we beýikligi birnäçe onlarça metr bolan terminala girilýän ýerde umumy zalda – maglumat beriş tagtalary, petek satylýan kassalar, hasaba alyş kabinajyklary, internet-kafe, garaşylýan zolaklary, kafe we restoranlar ýerleşer. Bu ýerde enäniň we çaganyň otaglary, ýörite çagalar meýdançalary, ilkinji lukmançylyk kömegi berilýän otaglar, metbugat we ownuk satuw dükançalary, maslahat zaly, muzeý, şeýle hem üstaşyr geçýän ýolagçylar üçin myhmanhana göz öňünde tutulandyr.

Birinji gatda howa gulluklarynyň, meteorologiki merkeziň, ministrlikleriň we edaralaryň edaralary ýerleşer. Menziliň ýanyndaky meýdançada – poçta bölümi, telefon-awtomatlar, ulag goýulany üçin töleg kiosklary, daşary ýurt pullaryny çalyşýan kassalar, bankomatlar bolar. Ýolagçylar el goşlaryny saklanýan ýerden, kafe-restoranlaryň, ownuk söwda edilýän dükanlaryň hyzmatyndan peýdalanyp bilerler.


Häzir terminalyň binasynda baş potratçy bezeg işlerini alyp batýar. Mundan hem başga uçuş we gonuş zolaklaryna çalt barylmagyny üpjün edýän zallar we geçelgeler hereket edýän ýollar, eskalatorlar, liftler we basgançaklar bilen üpjün ediler, hyzmat ediş, yşyklandyryş we beýleki inženerçilik ulgamlarynyň enjamlary guralýar, içki jaýlaryň ýüzüni örtmek işleri alnyp barylýar.

Bu örän uly gurluşygyň her bir böleginde alnyp barylýan işlere kompaniýanyň utgaşdyryjy merkezi alyp barýar. Köp sanly desgalaryň gurluşygynyň hiline “Türkmenhowaýollary” Döwlet milli gullugynyň aeroportlary ulanyş we düýpli gurluşyk bölüminde ýörite döredilen tehniki gözegçilik topary gözegçilik edýär, IKAO halkara guramasy tarapyndan tassyklanan aerodrom toplumynyň desgalarynyň ählisiniň konsalting hyzmatlarynyň standartlara laýyk gelýändigine “Airport Consulting Partners ILF Consulting Engineers” nemes kompaniýasy gözegçilik edýär. Olaryň maglumatlaryna laýyklykda, Aşgabatdaky aerodrom toplumynyň iri desgalary – ýolagçylar terminaly, ikinji uçuş zolagy we VIP-terminal-eýýäm şu ýylyň birinji ýarymynda taýýar bolar.


Häzirki wagtda aerodrom toplumynyň desgalarynyň 95-den 35-si eýýäm ulanyşa kabul edildi. Uçarmanlary taýýarlaýan mekdebiniň täze okuw otaglarynda sapaklar alnyp barylýar, logistiki merkeziň, sport-sagaldyş toplumynyň binýadynyň, dispetçer diňiniň we IID gullygynyň, awariýa-halas ediş stansiýasynyň we beýleki binalaryň gurluşygy tamamlandy.

Eýýäm golaý wagtda täzeden gurlan ikinji uçuş-gonuş zolagy, ýükleri işlemek we ýylda 200 000 tonna ýüki geçirmäge mümkinçiligi bolan terminal, bort iýmitini taýýarlamak boýunça gullugyň binasy, howa gämilerine berk tehniki hyzmatlaryny geçirmek boýunça merkez ulanmaga beriler.

Aşgabadyň täze Halkara howa menzili, gürrüňsiz, ýurduň çalt depginler bilen ösýändiginiň, onuň gülläp ösýändiginiň, özara bähbitli söwda-ykdysady we ynsanperwer gatnaşyklarynyň çaltlandyrylýandygynyň, ýurduň dünýä hojalyk ulgamyna üstünlikli goşulyşýandygynyň, onuň geostrategiki ornunyň dünýäniň syýasy giňişliginde tassyklanmagynyň nyşany bolar.