Statistika baradaky döwlet komitetiniň ýanyndaky Pudagara geňeşiň nobatdaky mejlisi geçirildi.
Düzümine dürli pudak edaralaryň wekilleri girýän Geňeşiň mejlisiniň gün tertibine birnäçe möhüm meseleler, şol sanda bu ulgamda pudagara hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyna we geljekki ösüşine, onda geçirilýän usulyýet özgertmelerine degişli meseleler girizildi. Olar buhgalter hasabatlylygy ulgamynyň kämilleşdirilmegine hem-de maliýe hasabatlylygyň milli ölçeglerini ornaşdyrmaga gönükdirilendir.
Häzirki wagtda Statistika baradaky döwlet komiteti ýurdumyzyň ministrlikleri we pudak edaralary bilen bilelikde berilýän maliýe hasabatlarynyň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen, görkezijileriň ulgamyny, kärhanalaryň we guramalaryň döwlet statistiki hasabatlylygynyň görnüşlerini, maglumatlary gözden geçirmegiň usullaryny işläp düzýär.
Ýaşaýyş jaý hojalygynyň statistikasynyň meseleleri hem-de statistiki görkezijileriň elektron hasabatlylygyny ýygnamagy guramak bilen baglanyşykly anyk çäreler ara alnyp maslahatlaşylan esasy mesele boldy.
Umumy pikire görä, bu gün maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň depginli ösýän şertlerinde öňdebaryjy tejribäniň işjeň öwrenilmeginiň hem-de elektron enjamlarda ilkinji statistika maglumatlaryň ýygnalmagyna geçilmeginiň zerurlygy artýar.
Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň iri möçberli özgertmeler maksatnamalarynyň üstünlikli amala aşyrylmagy esasy pudaklaryň depginli ösmegini, diýmek, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň görkezijileriniň hem ýokarlanmagyny şertlendirýär. Bu bolsa öz gezeginde milli statistikany kämilleşdirmegiň, döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralaryny hem-de gyzyklanma bildirýän beýleki peýdalanyjylary zerur statistiki maglumatlar bilen üpjün etmek maksady bilen, ony hereket edýän dünýä ölçeglerine kybap getirmegiň wajyplygyny artdyrýar.
Mejlisiň barşynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada gündelik maglumatlary ýygnamak, bilim ulgamynyň halkara ölçeglerine laýyklykda bilim maksatnamalarynyň milli ulgamyny kämilleşdirmek ýaly meselelere-de garaldy.
Mejlisiň netijeleri boýunça çözgütler kabul edildi. Şol çözgütler statistika edaralarynyň statistiki maglumatlary berýän taraplar hem-de statistiki maglumatlary peýdalanyjylar bilen has netijeli özara gatnaşyk etmeginiň netijesinde milli statistikany has-da ösdürmäge gönükdirilendir.