Ï Ýeňşiň esgerleri. Gaýyp Ataýew Ikinji Belarus frontynyň düzüminde söweşdi. Orşy, Witebskini, Warşawany azat etmek boýunça gan döküşikli söweşlere gatnaşdy, ikinji derejeli Watançylyk urşy ordeni bilen sylaglandy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýeňşiň esgerleri. Gaýyp Ataýew Ikinji Belarus frontynyň düzüminde söweşdi. Orşy, Witebskini, Warşawany azat etmek boýunça gan döküşikli söweşlere gatnaşdy, ikinji derejeli Watançylyk urşy ordeni bilen sylaglandy

view-icon 622
Ýeňiş gününiň golaýlaşmagy bilen uruş weterany Gaýyp Ataýew daşoguzlylardan gyzgyn gutlaglary kabul edýär. Türkmenistanly gaýduwsyz esger uruş ýyllarynda söweş meýdanlarynyň ähli kynçylykly synaglarynda berk durdy we faşizmden Ýeňiş gazanylmagyna özüniň goşandyny goşdy. Mekdep okuwçylary we talyplar bu hormatly ýaşulynyň ýanyna ýygy-ýygydan gelýärler. Onuň gahrymançylykly durmuşy Watana bolan söýgüniň we wepadarlygyň nusgasy bolup durýar.

Gaýyp Ataýew Ikinji Belarus frontynyň düzüminde söweşdi. Orşy, Witebskini, Warşawany azat etmek boýunça gan döküşikli söweşlere gatnaşdy, Kenigsbergiň etegindäki gazaply söweşede, Elbadan söweşip geçmekde edermenlik görkezdi. Ol minomýotüik bolup, 1941-1945-nji uruş ýyllarynyň Ýeňiş ýaragy hökmünde kabul edilen “Katýuşa” reaktiw ulgamyndan duşmanyň ýerleşýän nokatlaryny derbi-dagyn ediji urgulary etmegi başardy. Watan Goragçysy görkezen edermenligi üçin ikinji derejeli Watançylyk urşy ordeni we “Söweşjeň hyzmatlary üçin” diýen medal bilen sylaglandy.


Gaýyp Ataýew parahatçylykly ýyllarda uzak wagtlap kerpiç örüji bolup işledi, gurluşyk toparyna ýolbaşçylyk etdi. Şabadyň kenaryndaky şäherde ýaşaýyş jaýlaryny, keselhanany, dolandyryş binalaryny gurdy. Ýaşulynyň öz Watanynyň gülläp ösýän döwründe ýaşaýandygyny begenjiniň çäki ýok. Ruhyýet Köşgi, Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly-drama teatrynyň owadan binasy, welaýat kitaphanasy we taryhy-ülkäni öwreniş muzeýi, Türkmen oba hojalyk institutynyň kaşaň binalary, Bagt köşgi, “Ene mähri” merkezi, ýedi gatdan ybarat bolan “Daşoguz” myhmanhanasy, on müň tomaşaça niýetlenen stadionly sport toplumy çalt depginler bilen ösýän Daşoguz şäheriniň ajaýyp ýerlerine öwrüldi. Şäher landşaftynyň aýrylmaz bölekleri bolan gök baglyklara bürenip oturan seýilgählere, ajaýyp gül pannolaryna ak sakgal ýaşuly bu günki gün tüýs ýürekden guwanýar we buýsanýar.

Gaýyp Ataýewiň agzybir we bagtly maşgalasy bar. Ol bir ogly iki gyzy terbiýeläp ýetişdirdi. Bu uruş weteranynyň sekiz agtygy we şonça hem çowlugy bar. Maşgala terbiýesiniň iň gowy däplerine eýelemek bilen, ol öz çagalaryny at-abraýly bolmagy, halal zähmet çekmegi öwretdi. Ataýewiň ýokary ýaşly wekilleri öz söýen kärlerini saýlap almak bilen, özlerini başarjaň hünärmen hökmünde görkezmegi başardylar. Onuň söýgüli agtygy – Leýla Gaýypowa başlangyç synp mugallymy bolup işleýär. Bu hormatly ýaşuly şu ýyl 91 ýaşaýar. Ol bütin ömründe sagdyn durmuş ýörelgesine gyşarnyksyz eýerdi, uzak aralyklara pyýada gezelenç etmegi halaýar. Adamlara bolan mähirli garaýyş, watany söýüjülik, zähmetsöýerligi halamak we gelejege bolan uly umyt bize bagtly durmuşy we gelejegi sowgat beren, ýer ýüzünde parahatçylygyň bolmagy ugrunda janyny orta goýup söweşenleriň biri, Beýik Ýeňşiň esgeri Gaýyp Ataýewiň durmuş ýörelgeleri bolup durýar.