Mälim bolşy ýaly, BMG-niň Ykdysadyýet we Durmuş Geňeşiniň (EKOSOS) barşynda Türkmenistan bu halkara wekilçilikli guramasynyň üçüsine, şol sanda 2016-2020-nji ýyllar döwür üçin ilat we ösüş boýunça Komissiýasyna we 2017-2021-nji ýyllar döwür üçin Durmuş taýdan ösüş komissiýasyna biragyzdan saýlandy. Şu ýylyň mart aýynda Türkmenistanyň hökümeti we BMG-niň Ilat gaznasynyň arasynda 2016-2020-nji ýyllar döwür üçin, ÝUNISEF bilen 2016-2020-nji ýyllar döwür üçin hyzmatdaşlyk etmek boýunça Ýurtlar maksatnamasynyň hereket etmeginiň meýilnamasyna gol çekildi. Bu resminamalar düzülende biziň ýurdumyzyň bähbitlerinden ugur alyndy, Türkmenistan tarapyndan ratifisirlenen halkara konsensiýalarynyň esasy ýagdaýlary we Durnukly ösüşiň global maksatlary bilen ýakyn arabaglanyşyk göz öňünde tutulýar.
Bu tema babatda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezinde Türkmenistanyň Zenanlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň ýardam bermeginde “Türkmenistanyň ýaşlaryny terbiýelemek – döwlet syýasatynyň esasy ugry” atly maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň we institutlarynyň ýaş hünärmenleri gatnaşdylar. Maslahatyň maksady – biziň ýurdumyzyň baý medeni mirasy barada bilimleri ýaýratmak, şeýle hem ýaşlar we durmuş syýasatynyň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak, BMG-niň düzümleri bilen, hususan-da BMG-niň Çagalar gaznasy (ÝUNISEF) bilen bilimiň hilini ýokarlandyrmak, enäniň we çaganyň saglygyny gowulandyrmak, ýuwenal ýustisiýa, immunizasiýa boýunça hyzmatdaşlyk etmek bolup durýar.
Maslahata gatnaşyjylar öz çykyşlarynda döwletiň ýaşlar baradaky syýasaty hakynda gürrüň berdiler. Hususan-da, bu günki gün Tehnologiýalar merkezinde Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynyň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyplarynyň gatnaşmaklarynda maksada gönükdirilen köp sanly gözleg işleri geçirilýär. Tehnologiýalar merkezi bu ýokary okuw mekdepleri bilen gözleg işlerini geçirýär, bu ýokary okuw mekdepleriniň zehinli uçurymlary merkeziň alymlarynyň hatarynyň üstüni ýetirýär
Maslahatda häzirki zaman, gender deňligi bilen baglanyşýan Türkmenistanyň taryhy we medeniýeti, milli däp-dessurlaryň saklanyp galmagynda zenanlaryň orny barada çykyşlar diňlenildi.