Paýtagtyň gözelleriniň bäsleşigi Aşgabat şäher häkimliginiň ýardam bermeginde Türkmenistanyň Zenanlar guramasy tarapyndan geçirildi. Gözellik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry paýtagtyň “Parahat” medeni-dynç alyş merkezinde geçirildi. Bu ýere paýtagtyň etraplarynyň ählisiniň wekilleri – senagat kärhanalarynda zähmet cekýän zenanlar, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet ulgamlarynyň işgärleri, paýtagtyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp gyzlary ýygnandylar.
Abraýly at üçin bäsdeşleriň altysy göreşdi. Olar etrap bäsleşikleriniň ýeňijileri bolan: Tylla Kakyşewa (Bagtyýarlyk etraby), Ogulbahar Halylowa (Köpetdag etraby), Mahym Durdyýewa (Abadan etraby), Aýjemal Jepbarowa (Ruhabat etraby), Arzygül Çaryýewa (Arçabil etraby), Ogultäç Altymyradowa (Berkararlyk etraby) dagylardyr. Olaryň her biri barada: “öz-özüňi kämilleşdirmek” diýip, aýtsa bolar. Ýöne olaryň diňe birine bäsleşik synaglaryndan jemleri boýunça baha berýän Zenanlar guramasynyň agzalaryndan ybarat bolan talapediji emin agzalary tarapyndan Aşgabadyň iň owadan gözeli diýip, aýdyp bolar.
Bäsleşigiň şertleri boýunça oňa gatnaşyjylaryň her biri özleriniň söýgüli şäherleri, onuň aýratyn derejesi, taryhy we häzirki döwri, baý medeni durmuşy we halkara wakalary, Aziada-2017-ä görülýän taýýarlyk, Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen ýerler barada gürrüň bermelidirler. Bäsdeşler ikinji tapgyrda sport we sagdyn durmuş temalary boýunça öz pikirleri bilen paýlaşdylar. Iň soňkysy bolsa – tomaşaçylaryň sabyrsyzlyk bilen garaşan moda görkezmek sany boldy. Gyzlar milli äheňde ýerine ýetirilen lybaslaryň üç toplumyny: toý geýimlerini, gündelik geýilýän köýnekler we dabaralarda geýilýän bezelgi lybaslary görkezdiler.
Zehinli bäsdeşleriň her biriniň görkezen ajaýyp daşky görnüşi we edepliligi, kommunikatiw we işjeň häsiýetleri, işine döredijilikli çemeleşmegi, söýgili işi bilen meşgullanmagy diňe bir emin agzalarynyň ýadynda galman, eýsem bäsleşigiň myhmanlarynyň hem ýadynda galdy. Emin agzalary owadan, zehinli we başarjaň häzirki zaman gyzyny, paýtagtyň ösüş, özgertmeler depgini bilen sazlaşykly ýaşaýan hökmünde Abadan etrabynyň 103-nji mekdebiniň iňlis dili mugallymy Mahym Durdyýewany ýeňiji diýip, ykrar etdiler. Ol “Aşgabat gözeli” diýen derejä mynasyp boldy.
Bäsleşigiň ýeňijisi we oňa gatnaşyjylaryň ählisi Zenanlar guramasynyň adyndan gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglandylar.