Ï Ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak — harby özgertmeleriň möhüm ugry
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak — harby özgertmeleriň möhüm ugry

view-icon 899
Ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan harby talyplaryň gutardyş dabaralary geçirildi. Şeýle çäreler Goranmak ministrliginiň Harby we Harby deňiz institutlarynda, Serhet institutynda, Milli howpsuzlyk institutynda we Içeri işler ministrliginiň institutynda boldy.

Asylly däbe görä, Watanymyza gulluk etmek ýaly mukaddes harby borja girişýän talyplaryň gutardyş dabaralary her ýylda paýtagtymyzyň Konstitusiýa binasynyň öňündäki meýdançada geçirilýär. Ol uly ruhubelentlige we ýokary dabaralara beslenýär. Munuň özi ykbalyny mähriban Watanymyzyň goragyna, halkymyzyň parahatçylygyň we asudalygyň üpjün edilmegine baglaýan ýaş serkerdeler üçin ýatda galyjy günleriň birine öwrülýär.

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdepleriniň gutardyş harby talyplaryna hem-de professor-mugallymlaryna şanly waka mynasybetli iberen Gutlagynda olara rowaçlyk arzuw edýär. Döwlet Baştutanymyz ýaş serkerdelere Watana gulluk etmek ýaly gündelik harby borjuny, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň Harby doktrinasynyň ýörelgelerine eýerip, öňde durýan wezipeleri ýerine ýetirmekde üstünlikleriň hemra boljakdygyna ynam bildirdi. Ýurdumyzyň harby-syýasy, harby-ykdysady we harby-strategik esaslaryny kesgitleýän, howpsuzlygy, parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasata ygrarly döwletimiziň çäkleriniň büitewiligini üpjün edýän harby gullukçylara möhüm borjuň ynanylandygy bellenilýär. Ýaş serkerdeleri ýokary okuw mekdepleri gutarmagy we ilkinji serkerdelik derejesini almagy bilen gutlap, milli Liderimiz olara gulluklarynda uly üstünlik arzuw etdi hem-de öňde durýan möhüm wezipeleri abraý bilen ýerine ýetirjekdigine we harby borçlaryna wepaly boljakdygyna ynam bildirdi.

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralary üçin hemmetaraplaýyn amaly bilimi hem-de söweşiň taýýarlygy bolan ýokary hünärli harby gullukçylary taýýarlamak ýurdumyzyň goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasynyň hem-de milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanylan we üstünlikli durmuşa geçirilýän harby özgertmeleriň möhüm ugry bolup durýar. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ýaş harby gullukçylar harby sungat boýunça ýurdumyzda we daşary ýurtlarda toplanan tejribäni işjeň ele almalydyrlar, jemgyýetde kanunylygyň, hukuk tertibiniň hemmetaraplaýyn berkidilmegine goşant goşmalydyrlar, konstitusion gurluşyň, mähriban halkymyzyň parahatçylykly, bagtyýar we döredijilikli durmuşynyň goragyna taýýar watansöýüjiler bolmalydyrlar.

“Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleri döwletimiziň parahatçylyk söýüjilik syýasatynyň ygtybarly sütünidirler” diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär. Şunlukda, döwlet Baştutanymyz milli goşunymyzyň söweşjeň ukybynyň ýokary derejede bolmalydygyna ünsi çekip, onuň diňe bir tehniki taýdan enjamlaşdyrylmagyna däl, eýsem, harby gullukçylaryň söweşjeň taýýarlygynda we olaryň watansöýüjilik ruhunda terbiýelenmegine ähmiýet berilýändigini nygtaýar. Olaryň birkemsiz gullugy — Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan ýokary depginlerde ösdürilmegine, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna gönükdirilen giň möçberli özgertmeleriň möhüm ugry bolup durýar.

Milli Liderimiziň görkezmelerini we tabşyryklaryny birkemsiz ýerine ýetirmek bilen, harby bilim edaralary harby pudak üçin serkerdeleri taýýarlamakda binýat bolup durýar. Bilim ojaklarynda okatmagyň usullary yzygiderli kämilleşdirilýär we şahsy düzümiň arasynda syýasy-terbiýeçilik, bilim we jemgyýetçilik çäreleri yzygiderli geçirilýär. Bu ýokary okuw mekdepleriniň harby talyplary birnäçe ýylda harby sungatyň gizlin syrlaryny ele alýarlar. Söweşjeň ukyplaryny kämilleşdirýärler, dürli ylymlary özleşdirýärler we iň esasy bolsa, mähriban Watanymyza we halkymyza wepaly, belent ruhly, hemmetaraplaýyn ukyply ýaş serkerdeler bolup durýarlar.

Ýaş serkerdeleri hemmetaraplaýyn bilimli, beden we ruhy taýdan ösen derejede taýýarlamak maksady bilen, döwletimiz diňe bir ýöriteleşdirilen harby ýokary okuw mekdepleriniň gurluşygyna däl, eýsem, olaryň tehniki taýdan enjamlaşdyrylmagyna ägirt uly serişde gönükdirýär. Häzirki döwürde ýokary harby okuw mekdepleriniň harby talyplarynyň ygtyýarynda ýokary tehnologiýaly okuw-türgenleşik bölümleri, ýaraglaryň we harby tehnikalaryň dürli täze ulgamlary, häzirki zaman kompýuter we multimediýa enjamlary, Internet serişdeleriniň giň ugurlaryny üpjün edýän bölümler, elektron kitaphana ulgamy bar. Munuň özi okuw usulyny kämilleşdirmäge we onuň netijeli häsiýete eýe bolmagyna mumkünçilik berýär hem-de degişli bilimlere çuňňur aralaşmaga bolan gyzyklanmalary üpjün edýär.

Ýurdumyzda milli Liderimiziň başlangyjy bilen durmuşa geçirilýän giň möçberli harby özgertmeleriň çäklerinde milli harby işgärleriň täze nesli kemala geldi. Olar Oguz han, Çagry beg, Togrul beg, Alp Arslan, Görogly, Seljuk beg Soltan Sanjar we taryhda öçmejek yz goýan türkmen halkynyň beýleki beýik ogullary ýaly şöhratly pederlerimiziň gahrymançylygynyň oňyn däpleri esasynda terbiýelenýär. Häzirki döwürde ýurdumyzda milli howpsuzlyk, amatly jemgyýetçilik-syýasy ýagdaý, Döwlet serhediniň eldegirmesizligi we onuň dostluk serhedine öwrülmegi degişli derejede üpjün edilýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe “Döwlet adam üçindir!” diýen şygara laýyklykda, durmuş häsiýetli meselelere, ilkinji nobatda bolsa, ýokary derejeli harby gullugy alyp barmak üçin şertleriň döredilmegine, Watan goragçylarynyň ýaşaýyş we dynç alyş şertleriniň gowulandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Döwrebap harby şäherçeleriň hem-de häzirki zaman ýaşaýyş jaýlarynyň, sagaldyş-dynç alyş merkezleriniň, amatly edara binalarynyň gurulmagy, harby gullukçylara ýeňillikleriň berilmegi döwletmiziň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleri hakynda edýän ýadawsyz aladasynyň aýdyň subutnamasydyr.

Harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýokary okuw mekdepleriniň gutardyş talyplary hem-de mugallymlary Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowa iberen Ýüzlenmesinde berilýän goldaw we alada üçin hoşallyk sözleri aýdylýar. Şeýle hem harby gullukçylaryň öňlerinde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek ugrunda ähli ukyp-başarnyklaryny gaýgyrmajakdyklary, eger gerek bolsa, mähriban Watanymyz we halkymyz üçin şirin janyny gurban etjekdikleri barada aýdylýar.