Bu günde dünýäniň dürli ýurtlarynda geçirilýän çäreleriň ählisi saglyga zyýan edýän temmäkä garşy göreş alyp barmak we temmäkini ulanmaklygyň göwrümini azaltmak üçin utgaşdyrylan netijeli syýasaty alyp barmaga ünsi çekmek bolup durýar.
BSGG we BSGG Çarçuwaly konwensiýasynyň Sekretariaty 2016-njy ýylda Bütindünýä temmäkisiz güni mynasybetli ýurtlaryň ählisini temmäki önümleriniň gaplanylşyny ýönekeý, standartlaşdyrylan görnüşde gaplamaga geçmäge çagyrýar. Halkara guramasynyň bilermenleriniň pikirlerine görä, temmäkiniň ýönekeý gaplanyşy oňa bolan islegi azaltmakda möhüm bolup durýar. Sebäbi ol temmäki önümlerine üns berilmegini azaldýar, temmäkiniň gaplanylşyny mazamlamagy we temmäkini satmaklygy çäklendirmäge hem-de onuň saglyga ýetirýän zyýanyny duýdurmaga mümkinçilik berýär.
Temmäki önümleriniň ýönekeý gaplanylşy çäklendirilen ýa-da temmäkiniň logotiplerini, reňklerini şekillerini ulanmagy, onuň gabynda standart gül we garnitura görnüşinde şekillendirilen söwda guramalarynyň atlaryndan başga wagyz maglumatlaryny gadagan edýän çärelerine degişlidir.
2012-nji ýylyň dekabr aýynda Awstraliýa hemme ýerde ýönekeý gaplamany ulanmagy girizen ilkinji ýurt boldy.. 2015-nji ýylda Beýik Britaniýa we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygy we Fransiýa öz ýurtlarynda 2016-njy ýylyň maý aýyndan bu temmäkä garşy göreş usulyny girizmek barada kanuny kabul etdiler.
Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginden habar berişleri ýaly, temmäki çekmäge gapşy göreşmekde ep esli üstünlikler gazanyldy. Bu ilkinji nobatda, biziň ýurdumyzyň BSGG temmäkä garşy göreşmek boýunça Çarçuwaly konwensiýasynyň düzgünlerini berjaý etmäge ygrarlylygy netijesinde gazanyldy. Türkmenistan bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny işjeň ösdürýär we beýleki ýurtlaryň oňaýly tejribelerini işjeň durmuşa ornaşdyrýar. Bu standartlaşdyrylan gaplamaga hem degişlidir. Bu, elbetde, garaşylýan oňaýly netijeleri hem berer.