Ï Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrligi “Hundai” koreý kompaniýasynyň “New Super Aero City” kysymly awtobuslarynyň nobatdaky tapgyryny satyn alar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrligi “Hundai” koreý kompaniýasynyň “New Super Aero City” kysymly awtobuslarynyň nobatdaky tapgyryny satyn alar

view-icon 735
Aşgabat barha giňeýär, täze ýaşaýyş jaý toplumlary gurulýar, paýtagtyň ilatynyň sany artýar. Şonuň üçin hem şäher ulag ulgamyny ösdürmek zerurlygy ýüze çykdy. Ulag gatnawlarynyň yzygiderliligini we bökdençsiz bolmagyna öňde duran Aziada-2017-niň geçirilýän günlerinde aýratyn talaplar bildiriler. Şu mynasybetli Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrligi “Hundai” koreý kompaniýasyndan “New Super Aero City” kysymly awtobuslaryň nobatdaky tapgyryny satyn alar. Bu kysymly ulaglaryň bäş ýüzüsi, şol sanda şäheriçre – 496 we olaryň dördüsi mümkinçilikleri çäkli bolan adamlar üçin, şeýle hem gerek bolan ätiýaçlyk şaýlary we çykdajy materiallary satyn alynar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň 20-nji maýda bolup Ministrler Kabinetiniň mejlisinde gol çeken Kararyna laýyklykda, täze awtobuslar biziň ýurdumyzyň ulag ulgamynyň üstüni ýetirer. Resminamada belenilişi ýaly, bu çözgüt 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçirilýän döwründe paýtagtda şäherliler we myhmanlar üçin edilýän awtoulag hyzmatlaryny mundan beýläk hem ýokarlandyrmak maksady bilen kabul edildi.

Döwlet baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow 18-nji maýda “Hyundai Engineering” kompaniýasynyň baş direktory kim Wu Çulýany Aşgabatda kabul etmek bilen, Koreýa respublikasynyň kompaniýalary bilen özara hyzmatdaşlygyň köp ýyllyk konstruktiw häsiýete eýedigini uly kanagatlanma bilen belläp, Türkmenistanyň innowasion tehnologiýalary we dünýäniň iň gowy tejribelerini giňden ornaşdyrmaga uly gyzyklanma bildirýär.

“New Super Aero City” kysymly ilkinji awtobuslar Aşgabadyň gatnaw ugurlarynda baryp, 2008-nji ýylda peýda bolup başlady. Şondan bäri olaryň üsti yzygiderli doldurylýar, gatnaw ugurlarynyň sany bolsa iki esse artdy. Bu ulaglar özüni oňat görkezdiler, şäher şertlerine ýaramlygy bilen tapawutlanýar. Olar ykjam, manýowrly, awtobusyň içiniň sygymlylygy we düzülişi oýlanyşykly ýerine ýetirilipdir, oňaýly oturgyçlar we tutowaçlar bilen üpjün edilipdir, sürüjiniň orny sazlaşykly goýlupdyr.


Ulag kämilleşdirilen ýagdaýdadyr, onuň hereketlendirijisi we tigirleri öňdebaryjy elektron enjamlar bilen üpjün edilendir. Bu ulaglar dogrudan hem “akylly” ulaglar. Ulagyň bortunda oturdylan kompýuterler onuň ýoldaky hereketini gözegçilikde saklaýar. Bu bolsa dispetçer gulluklaryna optimal aralygy saklamak bilen, awtobusuň hereketiniň yzygiderliligini üpjün etmäge mümkinçilik berýär. Maglumat binýadyna şäher ýollary baradaky maglumatlar girizilendir. Şonuň üçin hem, awtobuslary ýolagçylar akymynyň ýygylygyna baglylykda bir ugurdan başga bir ugra geçirmek örän ýönekeý. Munuň üçin birnäçe düwmeleri basyp, gerek bolan ugry saýlap bolýar, hem gündizine, hem agşamlaryna yşyklar bilen üpjün edilen tablo gatnaw ugrunyň gerek bolan belgisini we ahyrky duralgalary görkezer.

Bu häzirki zaman ulaglar arkaly paýtagtyň awtoulag ulgamynyň çalt depginler bilen ösüşini, onuň möhüm ugurlarynyň gatnawlarynyň ählisini gurşap almak başartdy. Soňky ýyllarda Aşgabadyň çäkleriniň ep esli giňeldilmegi netijesinde, gatnaw ugurlarynyň sany ep esli artdy. Awtobuslaryň gatnaw ugurlary şäheriň täze ýaşaýyş toplumlaryny paýtagtyň taryhy we işewürler merkezi bilen ygtybarly baglanyşdyrdy.

Aşgabatda Aziýa oýunlaryna ykjam taýýarlyk görülýär. Golaý wagtda paýtagtyň möhüm ulag ýollarynyň iri göwrümli durkuny täzeleme işleri tamamlanar. Eýýäm ulag gatnawlaryny ýeňilleşdirýän onlarça köp derejeli ýolar guruldy we beýlekileriň gurluşygy alnyp barylýar. Olar ulag akymlarynyň örän köp bolan we ýaryşlar geçirilýän wagtynda üznüksiz hereketi üpjün ederler.

Oýunlar paýtagtyň gurluşygy tamamlanyp barýan Olimpia şäherçesinde geçiriler. Ol ulaglaryň ýerleşişini we ulag gatnawyny minimuma ýetirmek maksady bilen taslanyp düzüldi. Sport we infrastruktura desgalarynyň ählisi bir çäkde ykjam ýerleşdirilip, olar ýörite monorels ýol bilen gurşalyp alynandyr. Bu oňyn fakta iri sport ýaryşlaryny guraýan ulgamyň belli halkara bilermenleri aýratyn üns berýärler.

Haçan-da paýtagtymyza - Aziada-2017-ä köp sanly myhmanlar, türgenler, tälimçiler, janköýerler gelende olar şäher ulag ulgamyna onuň netijeliligi we operatiwliligi boýunça ýokary hilli täze talaplary bildirerler. Ulag ulgamynyň işgärleri bu synagy uly hormat bilen ýerine ýetirmegi maksat edinýärler. Çünki bu ugurda gerek bolan zatlaryň ählisi bilen üpjün edilen ulag paky olaryň hyzmatynda bolar. Munuň üçin awtobuslaryň täze tapgyry satyn alynýar.