Duşuşygyň agzalary bolup maksatnamanyň hyzmatdaşy bolan Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň , Içeri işler ministrliginiň wekilleri çykyş etdiler. Halkara guramalar tarapyndan Ýewropa Bileleşiginiň, Ýewropa Bileleşiginiň diplomatik missiýasynyň ýolbaşçylary, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Türkmenistandaky Merkeziniň , Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýada Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň, Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk boýunça BMG-iň müdirliginiň hünärmenleri gatnaşdylar.
Ýygnagyň dowamynda 2015-2016-njy ýyllar üçin Türkmenistandaky Maksatnamasynyň altynjy böleginiň durmuşa geçirilişine gysgaça syn berildi we geljekde etmeli işleriň we çäreleriň maksatnamasyna garaldy.
Belli bolşy ýaly Merkezi Aziýada neşe serişdeleriniň ýaýramagynyň öňüni almak Meýilnamasynyň milli utgaşdyryjy komiteti Ýewropa bileleşiginiň Merkezi Aziýa hyzmatdaşlary bilen neşekeşligiň öňüni almak we bu nogsanlyk bilen göreşmek babatynda köpýyllyk hyzmatdaşlygy alyp barmaklyk syýasatyny goldaýar.
Ýewropa bileleşiginiň hünärmenleri biziň ýurdumyzda neşekeşligi ýok etmek ugrunda, şeýle-de çilimkeşligiň öňüni almak babatynda biziň ýurdumyzda görülýän oňyn çärelere ýokary baha berdiler. Olar döwletiň jemgyýetde , esasan hem ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmakda alyp barýan başlangyçlarynyň möhümdigini bellediler.
Aşgabat duşuşygy jemläp, gatnaşyjylar CADAP-6 utgaşdyryjy geňeşiň duşuşyklary ýylda bir gezek geçirilip, bu maksatnama gatnaşyjylaryň arasynda maglumatlary alyş-çalyş etmäge gönükdirilendigini we milletiň sagdynlygyny berkitmekde umumydöwlet hereketine goşant goşmakdan ybaratdygyny bellediler.