Ï Türkmenistan häzirki döwrüň howplaryna hem-de wehimlerine garşy üstünlikli göreşýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan häzirki döwrüň howplaryna hem-de wehimlerine garşy üstünlikli göreşýär

view-icon 680
Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Bagabat şäherçesiniň golaýynda harby we hukuk goraýjy edaralar tarapyndan bilelikde üstünlikli geçirilen birnäçe ýörite çäreleriň netijesinde ele salnan neşe serişdelerini we psihotrop maddalaryny ýok etmek boýunça nobatdaky çäre boldy. Türkmenistanyň Hökümeti, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Neşekeşlige garşy göreşmek boýunça döwlet utgaşdyryjy topary we Içeri işler ministrligi tarapyndan guralýan bu çäre, däp bolşy ýaly, bütin dünýäde 26-njy iýunda bellenilýän Neşe serişdeleriniň sarp edilmegine, ýaýradylmagyna we bikanun dolanyşygyna garşy göreşmegiň halkara gününe gabatlanyldy.

Bu çärä Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary, iri halkara guramalarynyň, şol sanda BMG-niň Neşeler we jenaýatçylyk boýunça müdirliginiň (UNDOS), ÝHHG-niň, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň hem-de jemgyýetçilik guramalaryň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Bu ýere ýygnananlara ele salnan neşe serişdeleri görkezildi. Soňra oňa gatnaşanlaryň her biri howply serişdeleri ýörite peçlere öz elleri bilen atmaga mümkinçilik aldy. Şunda, bellenen kadalara laýyklykda, neşe serişdelerini ýakyp ýok etmek işine hukuk goraýjy düzümleriň işgärleri we ygtyýarly bilermenler gözegçilik etdiler.

Neşe serişdeleriniň we psihotrop maddalarynyň ýok edilmegine bagyşlanan çäre türkmen döwletiniň we tutuş jemgyýetimiziň häzirki döwrüň adamzat üçin howply serişdeleriniň ýok edilmegine, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna we kontrabanda ýoly bilen getirilmegine garşy göreşe berk ygrarlydygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.

Çärä gatnaşyjylaryň çykyşlarynda nygtalyşy ýaly, Türkmenistan neşe serişdeleriniň ýaýradylmagyna garşy aýgytly göreşmegi durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitläp, häzirki wagtda beýleki ýurtlar üçin mynasyp görelde bolup biler. Ýurdumyz BMG-niň Neşe serişdeleriniň we psihotrop maddalarynyň bikanun dolanyşygyna garşy göreş baradaky halkara Konwensiýalaryna hem-de BMG-niň Neşeler we jenaýatçylyk boýunça müdirliginiň hem-de Ýewropa Bileleşiginiň sebitleýin we halkara taslamalaryna we maksatnamalaryna gatnaşýar. Bu ugurda alnyp barylýan işleriň esasy wezipesi neşeleriň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmekdäki, neşe serişdelerini ele salmak maksady bilen serhet gözegçiligini güýçlendirmekdäki tagallalary birikdirmekden, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärlerine tehniki taýdan kömek bermekden we okatmakdan ybaratdyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanylan “Neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmek, neşe serişdelerine we psihotrop maddalaryna garaşly adamlara kömek etmek boýunça 2011—2015-nji ýyllar üçin maksatnamany” durmuşa geçirmegiň çäklerinde neşekeşlige garşy göreşmek we ýüze çykarmak, neşe serişdelerini ulanmaga ýykgyn edýän adamlary bejermek boýunça giň möçberli işler alnyp barylýar. Bu maksatnama möhüm çäreleriň birnäçesiniň amala aşyrylmagyna badalga berdi, şondan öň “Neşe serişdelerine, psihotrop maddalara, prekursorlara we bularyň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmek boýunça çäreler hakynda” Türkmenistanyň Kanuny hem kabul edilipdi.

Neşekeşligiň öňüni almak boýunça çäreleriň yzygiderli esasda geçirilmegi oňyn netijeleri berýär. Bu çärelere ähli düzümler, şol sanda saglygy goraýyş we bilim edaralary, jemgyýetçilik guramalary hem-de din işgärleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri işjeň gatnaşýarlar.

Sagdyn durmuş ýörelgesini, köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty işjeň wagyz etmek boýunça maksatnamanyň durmuşa geçirilmegine döwlet tarapyndan uly goldaw berilmegi bu ugurda alnyp barylýan işleriň ähmiýetini has-da ýokarlandyrýar. Häzirki döwürde ýurdumyzyň ähli sebitlerinde häzirki zaman stadionlary, bedenterbiýe-sagaldyş toplumlary, sport zallary we ýüzüş howuzlary bolan täze mekdepler hereket edýär.

Milli Liderimiziň sagdyn durmuş ýörelgelerine we işjeň sport bilen meşgullanmaga ygrarlylygy jemgyýetimiz, ilkinji nobatda bolsa, ýaş nesiller üçin görelde mekdebi bolup durýar.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ählumumy howpa garşy göreşmek babatda uly ähmiýete eýe bolan hem-de sebitde we bütin dünýäde howpsuzlygy üpjün etmäge gönükdirilen türkmen tarapynyň asylly başlangyjyna goşulmaga döredilen mümkinçilik üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.