Tomus pasly zähmet rugsatlarynyň we mekdep okuwçylarynyň dynç alyş möwsümi bolmak bilen, ýylyň durnukly yssy döwrüniň gelmegi bilen baglanyşykly öz saglygyňa has ünsli bolmagy talap edýär. Şunuň bilen baglylykda, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň hünärmenleri tomus paslynda özüňi alyp barmagyň belli bir kadalaryny berjaý etmegi maslahat berýär. Munuň özi yssy howanyň adam bedenine oňaýsyz täsir etmeginiň öňüni almaga, özüňi gowy duýmaga, durmuş işjeňligiňi hem-de iş başarjaňlygyňy saklamagyňy mümkinçilik berýär.
Mälim bolşy ýaly, bedeniň gyzgynlygy ýylylygyň bedende peýda bolmagy hem-de ýylylyk çalyşmalary netijesinde kadalaşdyrylýar. Daşky gurşawyň gyzgynlyk derejesiniň ýokarlanmagy bedeniň howa derejesiniň kadalaşmagyna täsir edýär, muňa ýürek-damar ulgamy hem işjeň gatnaşýar. Günüň astynda bolmagyň kadalary bozulan halatynda Gün urmak howpy abanýar. Bu gyzgynlyk urgusynyň aýratyn bir görnüşi bolup, bedeniň çakdanaşa gyzmagynyň netijesidir.
Gün urmagy ýiti agyryly ýagdaýy emele getirýär, ol adamyň açyk kellesine Gün şöhleleriniň dowamly ýagdaýda göni täsir etmegi netijesinde ýüze çykýar. Baş aýlanmak, kellagyry, gowşaklyk, ýürek bulanmak, dem alşyň we ýürek urşunyň ýygjamlaşmagy Gün urmagynyň umumy alamatlarydyr, bu ýagdaý şeýle hem burun ganamasyna hem-de gözüň görşüniň peselmegine getirip biler.
Gün uranda diňe bir der bölünip çykmak düzgüni bozulman, eýsem, gan aýlanyşy hem bozulýar, aýratyn agyr ýagdaýlarda ol adamyň özünden gitmegine eltýär. Bu bolsa agyr netijelere getirip biler. Daşky gurşawyň çyglylygy ýokarlananda, adamyň saglygy gowşak halatynda (endokrin we ýürek-damar keselleri), bedeniň artykmaç agramynda, nerw taýdan dartgynlylyk hem-de aýratyn ýadawlykda Gün urmagynyň ähtimallygy ýokarlanýar. Şunda çilim çekmek we alkogolly içgileri çakdanaşa ulanmak oňaýsyz ýagdaýa eltip biler.
Gün urmagynyň ilkinji alamatlary ýüze çykan badyna ejir çekýäne lukman gelmezinden ozal ilkinji kömek berilmelidir. Ozaly bilen, bedeniň çakdanaşa gyzmagynyň täsirini peseltmek üçin adamy dessine kölegeli ýa-da salkyn ýere geçirmek, howanyň kadaly çalyşýan hem-de kislorodyň we çyglylygyň derejesi kadaly bolan jaýa eltmek, kellesini ýassykda goýup ýatyrmak, dem alşyny ýeňilleşdirmek, köp mukdarda sowuk suw (gowusy, mineral suw) içirmek maslahat berilýär. Ejir çekýäniň kellesine (maňlaýyna we kellesiniň ýeňse tarapyna) sowuk kompress (ýa-da sowuk suwly çüýşe, buz bölegi) goýulýar. Ejir çeken çygly düşege dolanylýar.
Şunda ejir çekeniň ýagdaýynyň agyrlyk derejesine dogry baha bermäge hem-de ýokary derejeli lukmançylyk kömegini etmäge ukyply hünärmene dessine ýüz tutulmalydyr.
Gün urmagynyň öňüni almak hem-de umuman, bedeniň çendenaşa gyzmagyna ýol bermezlik üçin ýokarda bellenilişi ýaly, yssy howada özüňi alyp barmagyň kadalary berjaý edilmelidir hem-de öňüni alyş çäreleri geçirilmelidir.
Günüň aşagynda açyk giňişlikde, aýratyn-da, Günüň ýiti mahalynda uzak wagtlap bolmak maslahat berilmeýär, göni düşýän Gün şöhlelerinden ak başgap geýip, kelläňi goramak, arassa matadan (pagta, kenep) tikilen eşik geýmek maksadalaýyk bolar. Günden saýawan arkaly hem goranyp bolar.
Tomsuň yssy döwründe iýmitlenmek kadasyna aýratyn üns bermek zerurdyr, agyr nahardan gaça durmak, süýt-gatyk we gök-bakja önümlerini peýdalanmak ýerlikli bolar. Şeýle hem bedende ýeterlik suwuň bolmagyny üpjün etmek üçin günüň dowamynda 3 litre golaý suw (sowuk suw) içmeli.
Yssy döwürde deňziň ýakasynda ýa-da beýleki suw howdanlarynyň golaýynda dynç alýanlara kenarda uzak wagtlap bolmak maslahat berilmeýär, hereket edilýän wagty Güne ýanmak howply däldir, Gün wannalaryny nahardan bir sagat soň irden we agşamyna kabul etmek, ony suwa düşmek bilen utgaşdyrmak talabalaýyk bolar.
Günüň astynda açyk howada çagalaryň hem-de uly ýaşly adamlaryň dowamly bolmagy maslahat berilmeýär.
Gün urmagynyň öňüni almak üçin ýylyň tutuş dowamynda bedeni taplamaga üns bermek zerurdyr. Munuň özi adam bedeniniň howanyň üýtgemegine duýgurlygyny peseltmäge, goraglylyk ukybyny artdyrmaga mümkinçilik berýär. Türkmenistanda munuň üçin iň amatly şertler döredilendir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler netijesinde, milli şypahana-sagaldyş ulgamy uly ösüşe eýe boldy. Bu ulgamyň mümkinçiliklerini peýdalanmak, degişli düzümleri mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak maksady bilen netijeli çäreler geçirilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň sagaldyş merkezleri türkmenistanlylara häzirki zaman hyzmatlaryny hödürleýär. Olaryň düzümine dürli taplaýyş çäreleri, kükürtli suw, ýod-bromly suw, howa we çäge wannalary, ýörite owkalamak we şuňa meňzeşler arkaly hyzmatlar girýär, bularyň ählisi saglygyňy berkitmekde oňat netijeleri berýär.
Lukmanlaryň belleýşi ýaly, daşky gurşawyň howasynyň üzül-kesil üýtgemegi bilen gan basyşy ýokarlananda, suwuklygy hem-de duzy ulanmagyň möçberi azaldylmalydyr. Şunda arterial basyş derejesini hemişe gözegçilikde saklap, lukmanyň görkezmeleri dogry berjaý edilmelidir. Saglygy berk adamlara hem suwy, duzy köp peýdalanmak maslahat berilmeýär. Miweden şeker goşman taýýarlanan sowuk içgileri yzygiderli ulanmak peýdalydyr.
Döwlet Baştutanymyz, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly düýpli ylmy işinde ýurdumyzyň çäklerinde ösýän dermanlyk ösümliklerden demlenen çaýy içmegiň örän peýdalydygy nygtalýar. Ýandak, çopantelpek, narpyz, zirk, itburun, mekgejöwen gulpagy düzüminde mikroelementleri we witaminleri saklaýar, olar guradylan miweler bilen bile peýdalanylanda, bedeniň zerur gyzgynlyk deňeçerligi saklanylýar, munuň özi yssy howada örän möhümdir.
Tomus paslynda türkmeniň milli içgisi bolan düýe çalyna taý geljek içgi ýokdur. Şeýle hem teşneligi gandyrmak üçin gök çaýyň peýdasy örän uludyr. Türkmenistanyň Prezidentiniň “Çaý — melhem hem ylham” atly ajaýyp kitaby hem çaýa bagyşlanandyr. Onda çaý içişligiň milli däp-dessurlary, çaý demlemegiň dürli usullary, çaýy taýýarlamagyň kadalary jikme-jik beýan edilýär. Şeýle hem dürli keseller ýüze çykanda çaýy ulanmagyň kadalary beýan edilýär. Çaý ýapragynyň witaminlerini, makro we mikro elementlerini, efir ýaglaryny ýitirmän saklamagyň, çaýy dogry demlemegiň hem-de seri durlaýan bu içgini içmegiň, şunda saglygy dikeltmegiň we berkitmegiň, şähdaçyklygy galdyrmagyň usullary maslahat berilýär.
Mahlasy, türkmen halkynyň köpasyrlyk pähim-paýhasyny hem-de durmuş tejribesini özünde jemleýän adaty milli içgileri hem-de tagamlary peýdalanmak, şunda lukmanlaryň görkezmeleriniň berjaý edilmegi ýylyň pasyllarynyň aýratynlyklaryny, şol sanda howanyň yssy döwrüniň adamyň bedenine edýän täsirini kadalaşdyrmaga oňyn ýardam eder.