Ï Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergiler zalynda Türkmenistanyň halk hudožnigi Çary Amangeldiýewiň eserleriniň sergisi geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergiler zalynda Türkmenistanyň halk hudožnigi Çary Amangeldiýewiň eserleriniň sergisi geçirildi

view-icon 1253
Bu hudožnigiň suratlarynda bir aýratynlyk bar – hatda adaty žiwopisi söýýänler hem olaryň ýüzüsiniň we beýleki işleriniň şeýle şahsydygyny we awtoryň gaýtalanmajak ukybyny ýeňillik bilen duýup bilýär.

Döredijilik täri – bu hudožnigiň ykbalynyň, kalbynyň, häsiýetiniň beýany. Çary Amangeldiýew ýa çal-gök, ýa-da çal-mämişi reňkler bilen surat çekýär we her bir işine uly yhlas siňdirýär. Şonuň üçin hem onuň eserleri ses “gazanýar”, mundan hem başga olar käwagt “gygyrýarlar” hem. Sebäbi hudožnik, kada bolşy ýaly, ýiti sýužetli tematikany saýlap alýar. Şeýle işleriň biri, tomaşaçylaryň onuň ýanynda uzak wagtlap saklanyp durýan eseri bolan “Terrorizm” eseridir. Terror – maksada ýetmegiň usuly däl-de, hiç zat bilen aklanyp bolmajak jenaýatçylykdyr.


Çary Amangeldiýew ýaşlykdan ýetim galdy hem-de Köşiniň çagalar öýünde terbiýelendi. Çagalyk döwrüniň ýatlamasy ony çagalar öýündäki paýtuna gaýtaryp getirýär, onda syrkaw oglanjygy ýygy-ýygydan keselhanadan keselhana äkidipdiler. Soňra ol ulaldy, berkeşdi, çagalar bilen dostlaşdy we çagalar öýi onuň üçin mähriban-eziz bolup galdy. Haçan-da oglanlaryň biri oňa ony dogany bilen uýasy gözleýärler diýen habary ýetirende, onuň ýüregi üçin gymmatly bolan dünýäsi ýykylar diýip gorkdy, heder edip, gizlendi. Ýöne onuň dogany bu ýere yzygiderli gelip durdy hem-de doganlyk gatnaşyklary dikeldi.

Iki dogan Amangeldiýewleriň – görkezýän suratlarynyň biri. Doganlar – hudožnikler – bu sungatda örän seýrek duş gelýän ahwal. Olaryň işdeşleriniň köpüsi we žiwopisi söýýänler olaryň döredijiliginden garyndaşlyk meňzeşligi tapmaga çalyşýarlar. Doganlar Amangeldiýewler bolsa düýbünden dürli-dürli çekýärler. Bary bir Çary Amangeldiýewiç öz dogany bilen gatnaşygyny durmuşda we döredijilikde doganlyk hyzmatdaşlyk hökmünde häsiýetlendirýär.


Aman Amangeldiýew özüniň kiçi jigisiniň ykbalynda aýgytly oýny oýnady. Aslynda ol olaryň ikisi üçin hem durmuşda ilkinji ýol görkeziji bolup galdy. Çary Amangeldiýew, onuň dogany hem, Aşgabadyň Şota Rustaweli adyndaky çeperçilik uçilişesine girdi. Elbetde, gerek bolan ukyplylyk bolmadyk bolsa ol synagdan geçip bilmezdi, eger-de onuň dogany bolmadyk bolsa, onda ol bu käri saýlap almazdy. Çeperçilik uçilişesinde bir ýyl okalandan soňra ýer titremesi bolup geçdi – Çary Amangeldiýew hem, onuň dogany hem heläk bolmadylar: olaryň ýaşaýan umumy ýaşaýyş jaýlary tebigy betbagtçylyga döz geldi. Olar diňe sähel salymda weýran bolan şäheriň üstüni örten tozandan ýaňa horlanýardylar. Harbylar gelýänçä heläk bolanlary jaýlamaga talyplary hem, şol sanda Çary Amangeldiýewi hem, çekdiler. Ulag, pil ýetmezçilik edýärdi, käwagtlar doganlyk mazaryny el serişdeleri bilen gazýardylar. Ýöne olaryň ählisi möhüm işi bitirýändiklerine düşünýärdiler, ýogsa şäherde epidemiýa başlanar. Şeýle bolsa-da bu pajygaly waka heniz aňy bekemedik on bäş ýaşly oglan üçin däldi. Mümkin, hut şu ýerden hem onuň eserlerinde ekstrim başlanandyr. Şeýle-de bolsa, hudožnik ýer titreme temasyna bir gezek hem ýüzlenmedi.


ÇaryAmangeldiýew özünden uly agasynyň göreldesine eýerip, okuwyny Moskwanyň W.I.Surikow adyndaky çeperçilik institutynda dowam etdirdi. Ilki bilen ol rejeleýiş fakultetine girýär. Onuň okuw ýyllary hemmä giňden mälim bolan hadysa bilen gabat gelýär – akyl taýdan ýetmezçiligi bolan Tretýakow galareýasyna gelen bir adam bu ýerdäki Ilýa Repiniň “Iwan Groznyý öz ogluny öldürýär” diýen suratyna pyçak bilen zyýan ýetiripdir. Arasynda Çary Amangeldiýew hem bolan rejeleýiş fakultetiniň talyplary suraty gaýtadan dikeltmek üçin inçe zähmeti talap edýän bu işe girişdiler. Bu iş bir ýyllap dowam etdi. Ýolunan sapaklary ýörite ýelmemek üçin bekre balygyndan ýelim taýýarlandy. Polotnanyň we reňkiň gruntowkasyna himiki seljerme geçirildi. Haçan-da işler tamamlananda, talyplara zaýalanan ýeri elläp görmäge rugsat berdiler: hatda barlap görenlerinde hem hiç-hili tapawut duýulmady.


Rejeleýjiniň diplomyny alyp, çary Amangeldiýew žiwopis fakultetine resminamalaryny tabşyrdy. Şeýlelik bilen ol bu abraýly döredijilik ýokary okuw mekdebinde, beýleki talyplar ýaly bäş ýyl däl, on ýyl okady. Bu onuň üçin ajaýyp okuw boldy. Aýratyn hem Çary Amangeldiýew meşhur hudožnik we sungaty öwreniji Igor Emmanuilowiç Grabýor bilen tanyş bolanyna guwanýar.

Çary Amangeldiýewde başa barmadyk arzuwy bar – kosmos. Haçan-da ol o barada gürrüň edende, onuň gözlerinde çaganyňky ýaly hyjuw döreýär. Hudožnigiň ussahanasynda hatda astranomiýa boýunça ýygyndy hem bar. Onuň söýgüli gahrymany – Konstantin Siolkowskiý. Bir sapar Çeperçilik akademiýasynda oňa türkmen kosmonawty Ojeg Kononenko bilen duşuşmak bagty miýesser etdi. Çary Amangeldiýew onuň ýerinde bolup, hatda ýaşyna hem garaman, äleme uçasy gelýändigini boýun aldy hem-de kosmonawta öz surat eserleriniň birini sowgat berdi. Elbetde, kosmosa uçmak gowy zat, ýöne ol özüniň kosmosa uçmak baradaky arzuwynyň başa barmajakdygyna oňat düşünýärdi. Şonuň üçin hem ol uly kendiri alyp, onda örän uly älemiň bir bölegini döredip, iki kosmonawtyň kosmiki apparatlary birleşdirip duran pursatyny suratlandyrýar. Şeýlelikde, sergide görkezilen “Kosmosy boýun egdirijiler” atly eser peýda boldy. Öňki hatarda ýylgyryp duran Oleg Kononenko dur, onuň ýanynda ynsanyýetiň iň gowy wekilleri – Siolkowskiý, Jonardo Bruno, Şekspir, Awisenna, Magtymguly we beýlekiler bar. Bu eser häzirki wagta çenli hudožnigiň iň söýgüli eseri. Mümkin, şonuň üçindir kosmonawtlary şekillendirmek bilen ol olaryň ornunda özüni we doganyny hyýaly taýdan görendir. Durmuşda we döredijilikde dostlukly hyzmatdaşlyk kosmosda ornaşdy. Her näme-de bolsa , her bir adam, 83 ýaşynda bolsa-da, arzuw etmäge haky bar, özi hem şeýle çäksiz belentlikler barada.