Bu senä bagyşlanyp geçirilen çäreleriň ählisi ynsanlaryň ömrüni halas edýän meýletin, muzdsuz donarlara minnetdarlygy beýan etmek bolup durýar.
Ätiýaçlyk ganlaryň yzygiderli üstüniň ýetirilip durulmagynyň möhümdigine düşünýän saglygy goraýyş edaralarynyň işgärleri işjeň durmuş ýörelgesine eýerip, özleri donor bolup çykyş edýärler. Bu maksat bilen bu çäräniň geçirilýän ýerine gany kabul edýän göçme nokat – ýörite barlaghana enjamlary bilen üpjün edilen awtobus geldi. Onda donor ganyny kabul etmek we onuň komponentlerini taýýarlamak üçin gerek bolan zatlaryň ählisi bar.
Türkmen saglygy goraýyş hünärmenleri öz işlerinde häzirki zaman standartlaryna laýyk gelýän tehnikany ulanýarlar. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Ýokanç keseller merkezleriniň müdirliginiň Gan merkezi BSGG zerur bolan talaplaryna doly laýyk gelýär.
Bu ýerde iň gowy lukmançylyk enjamlary, öňdebaryjy tehnologiýalar ulanylýar. Merkeziň esasy işi – agyr keselli adamlara, göwreli aýallara niýetlenen ganyň we onuň komponentleriniň howpsuzlygy bolup durýar. Donor gany bolmasa keselleri bejerip bolmaýar. Donor gany islendik ýokanç keseli ýüze çykarmak üçin berk barlanylýar. Netijede gan göýbermäniň bejerijilik ähmiýeti ep esli ýokarlanýar, gerekmejek täsirler we gaýra üzülmeler töwekgeçilikleri azalýar.
Gany taýýarlamak bölümi bu merkeziň esasy bolup durýar. Onuň işi diňe bir gan ýygnamak bolman, eýsem olary gaýtadan işlemek, saklamak, ganlary we onuň komponentlerini bölmek bolup durýar. Bölüm dünýä belli daşary ýurt önüm öndürijileriň – Germaniýanyň, Fransiýanyň, ABŞ-niň enjamlary bilen üpjün edilendir Bu enjamlary ganlary awtomatiki usulda ýygnaýarlar we ony işläp taýýarlaýarlar. Özi hem eritrositleri, trombositleri we plazmalary taýýarlamak bir wagtyň özünde donorlaryň dördüsinden taýýarlamaga mümkinçilik berýär. Meýletinçiler tarapyndan sowgat berilen ganlar ony gaýtadan işlemek bölümine gelip gowuşýar. Bu ýerde ganyň komponentlerini taýýarlamak geçirilýär we soňra ýörite sowadyjy otaglarda saklanýar.
Düzümine immunologiýa, serologiki we bakteriologiki girýän kliniki barlaghanasynyň mümkinçilikleri komponentleriň we preparatlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin donor ganynyň giňişleýin seljermelerini geçirmäge mümkinçilik berýär. Hiliň örän berk barlagy häzirki zaman lukmançylyk tehnologiýalary arkaly üpjün edilýär we barlanylýar.
Merkez bejeriş edaralarynyň ählisini ganyň komponentleri bilen doly üpjün etmek bilen, her ýylda donorlaryň 100 müň çenlisini kabul edip bilýär, 50 müň litr gany taýýarlap bilýär. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 2013-nji ýylyň 18-nji martynda Türkmenistanda donorlyk hereketini çaltlandyrmaga, ätiýaçlyk gany we onuň komponentlerini işjeňleşdirmäge gönükdirilen “Donorlyk gany we onuň komponentleri hakynda” Karara gol çekdi.