Ï Türkmenistanda Oraza baýramy bellenildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda Oraza baýramy bellenildi

view-icon 1134
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permany bilen iş güni däl diýlip yglan edilen şu gün ýurdumyzda Oraza baýramy giňden bellenildi. Ir säher bilen ýurdumyzyň ähli metjitlerinde mukaddes Oraza aýynyň tamamlanmagynyň hatyrasyna namaz okaldy. Obalarda we şäherlerde bu milli baýramçylygyň köpasyrlyk däp-dessurlaryna laýyklykda, baýramçylyk çäreleri geçirildi.

Oraza baýramy dünýäniň umumadamzat ruhy gymmatlyklaryny özünde jemlemek hem-de dürli eýýamlaryň, nesilleriň we medeniýetleriň aýrylmaz arabaglanyşygyny üpjün etmek bilen birlikde, türkmen halkynyň ynsanperwer başlangyçlaryny, belent ruhy gymmatlyklaryny we aýratynlyklaryny şöhlelendirýändigi üçin biziň her birimiziň kalbymyza örän ýakyndyr. Päk arzuwlary, halal işleri, adamlaryň arasynda ýagşy niýetli gatnaşyklary alamatlandyrýan bu mukaddes musulman baýramy häzirki wagtda türkmenistanlylaryň bagtly durmuşynyň, gülläp ösüşiniň, hem-de ýurdumyzyň parahatçylyk, ynsanperwerlik, döredijilik we ösüş ýoly bilen üstünlikli öňe barýandygynyň aýdyň ýüze çykmasy boldy.


Adamzadyň gadymy däp dessurlarynyň sarpasyny belent tutmak, halkymyzyň ýaşaýşynyň, durmuşynyň gadym döwürlerden gelýän ýörelgelerini, milli däp-dessurlaryny dikeltmek hormatly Prezidentimiziň ösüş strategiýasynyň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitlenildi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bu ajaýyp baýramçylyk türkmen topragynda uly şatlyk, ýagşy umyt-arzuwlar bilen giňden bellenilýär.

Döwlet Baştutanymyzyň Oraza baýramy mynasybetli halkymyza Ýüzlenmesinde türkmenistanlylary döredijilikli maksatlara we täze beýik işlere ruhlandyrmakda bu baýramyň ägirt uly ähmiýeti bellenilýär. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baýramçylyk gutlagynda döwlet syýasatynda, nesil terbiýesinde akyl-paýhaslylygyň ajaýyp sazlaşygy bolan mirasymyzy, beden we ruhy taýdan tämizlige, ahlak arassalygyna aýratyn ähmiýet beren pederlerimiziň asylly ýörelgelerini hemişe özümize nusga edinýändigimiz aýratyn nygtalýar.

Oraza aýynyň kalplary päkizeläp, ruhy tämizligiň şuglasy bilen doldurýan mukaddes Gadyr gijesiniň hem-de Oraza baýramynyň uly şatlyk bilen baýram edilmeginiň wajypdygy jemgyýetimiziň belent ynsanperwer ýörelgelerinde kämilleşmegine döwletimiziň örän uly ähmiýet berýändigine şaýatlyk edýär. Türkmen halky ýagşy niýetliligi, parahatçylyk söýüjiligi, açyklygy we sahylygy bilen tapawutlanýar. Munuň özi geçmişi we häzirki döwri baglanyşdyrýan ruhy köpri bolup durýar.


Päk ýürekliligiň, ruhy tämizligiň, adalatlylygyň tarapdary bolan halkymyzyň ähli adamzadyň buýsanjyna öwrülen dünýä dinleriniň döremegine, belent medeni we ahlak gymmatlyklarynyň kämilleşmegine ägirt uly goşant goşandygyny bellemek wajypdyr. Beýik akyldarlar Abdylla ibn Mübäregiň, Muhammet Gaýmaz Türkmeniň, Abdylla ibn Omar Sarahsynyň, Abu Sagyt Abulhaýyryň, Mahmyt Zamahşarynyň, Hoja Ahmet Ýasawynyň, Nejmeddin Kubranyň ähli döwürlerde uly ähmiýete eýe bolan, şükranalyk, sabyrly, geçirimli bolmak dogrusynda öwüt-ündewleri, olaryň edebi miraslary şöhratly geçmişimize buýsanjymyzy has-da artdyrýar.

Belent adamkärçilige ýugrulan bu häsiýetler şöhratly ata-babalarymyza—meşhur hökümdarlara we serkerdelere, alymlara hem şahyrlara mahsus bolupdyr. Gadymy taryhyň häzirki döwürde dowamat-dowam bolýandygyny, mukaddes Oraza aýynyň tamamlanmagynyň öňüsyrasynda ýalňyşlyk edip büdrän hem-de toba gelen adamlaryň günäsini geçmek boýunça ýurdumyzda däbe öwrülen ynsanperwer çäre hem aýdyň görkezýär. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan amala aşyrylan bu ädim Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanda döwletiň baş baýlygynyň adamdygynyň, baş wezipesiniň jemgyýetiň durmuşynda asylly başlangyçlary, belent ruhy ýörelgeleri, adalatlylygy we kanunçylygy pugtalandyrmakdygynyň aýdyň güwänamasy bolup durýar.

Şu baýram gününde Oraza baýramy mynasybetli ýurdumyzyň ähli ýerinde Watanymyzyň gülläp ösmegine hem-de hormatly Prezidentimiziň baş saglygyna sadakalar berilýär. Halkymyzyň bagtly durmuşyny, döwletimiziň mundan beýläk hem ösmegini üpjün etmäge gönükdirilen giň göwrümli özgertmeleri esaslandyryjy milli Liderimize bu gün hoşallyk sözleri aýdylýar.

Baýramçylyk çärelerine gatnaşan köp sanly adamlar nesilleri baglanyşdyrýan, milli däp-dessurlarymyzy baýlaşdyrýan hem-de dünýä ýüzüne giňden ýaýradylýan, halkymyzyň döredijilik kuwwatyny artdyrýan gymmatlyklara aýawly çemeleşmegiň, Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda ýurdumyzyň sazlaşykly ösüşiniň esasy görkezijisi bolup durýandygyny hoşallyk bilen bellediler.


Bu gün ähli türkmenistanlylar öňde duran beýik maksatlara sary ynamly gadam urýarlar. Ýurdumyzyň her bir raýaty jemgyýetimiziň öňünde ruhy hem-de ahlak borçlary kabul edip, özleriniň umumy işe mynasyp goşant goşýandyklaryna aýdyň düşünýärler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şahsy göreldesine eýerýän maksada okgunly, işeňňir, ak ýürekli ildeşlerimiz gujur-gaýratlaryny halkymyza, Watanymyza halal gulluk etmäge bagyşlap, öz däp-dessurlaryna, taryhyna, mirasyna çuňňur hormat goýýan hem-de geljege ynamly garaýan, häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň ýaşaýan we ösýän beýik ruhly, belent ahlak ýagdaýyny döredýärler.

Bu gün baýram namazyndan soňra, däp bolşy ýaly, dogan-garyndaşlara, dost-ýarlara, «Namaz-orazaňyz kabul bolsun!», «Baýramyňyz gutly bolsun!» diýip abadançylyk arzuw edilýär.

Oraza baýramyňyz gutly bolsun! Mähriban Watanymyzyň abadançylygynyň, bagtyýarlygynyň hatyrasyna eden doga-dilegleriňiz Gudraty Güýçli Allatagalanyň dergähinde kabul bolsun!