“2016-njy ýylyň iň göreldeli saglygy goraýyş işgäri” atly bäsleşiginiň ýeňijisi diýlip, Aşgabat şäher arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreş gullugynyň hünärmeni Şirin Wellanowa yglan edildi.
Ýylda geçirilýän bäsleşik Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe bagyşlanyp, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli Merkezi tarapyndan gurnaldy.
Bäsleşigiň jemleýji tapgyryna ýurdumyzyň arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreş gullugynyň, “Türkmendermansenagat” önümçilik birleşiginiň , Türkmen döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň , şeýle-de bäsleşigiň welaýat we paýtagt tapgyrlarynda ýeňiji bolan hünärmenler gatnaşdylar. Şonuň üçin hem emin agzalarynyň öňünde has gowularyny saýlap almak boýunça ýeňil däl wezipe durdy.
Bäsleşige gatnaşyjylar üç ugur boýunça ýaryşdylar. Ilki bilen her gatnaşygy öz hünärleri we gyzyklanýan zatlary we häzirki zaman lukmançylygyň gazananlaryna bolan garaýyşlary barada çykyş etdiler. Ikinji şertde bäsleşige gatnaşyjylaryň döredijilik başarnyklary boýunça geçirildi. Olar öz kärdeşleri bilen lukmançylyk temasy boýunça çykyşlary taýýarladylar.
Üçünji şert boýunça bäsleşige gatnaşyjylaryň hünär derejeleri we ukyp başarnyklaryna baha berdiler. Hemme gatnaşyjylar bäsleşigiň bu şertini örän gowy başardylar. Ýaş lukmanlaryň bilim derejesi ýokary bolany üçin, olary saýlamakda tematiki soraglar kömek etdi.
Eminleriň pikirine görä hemme şertlerden Şirin Wellanowa uly üstünlik bilen baş alyp çykdy.Ol “2016-njy ýylyň iň göreldeli saglygy goraýyş işgäri” adyna we Hormatly Prezidentimiziň Baş baýragyna mynasyp boldy. Bäsleşige gatnaşyjylar Hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglandylar.