Biziň ýurdumyzyň dürli künjekleriniň dynç alyş zolaklarynda tomusky dynç alşy geçirýän çagalaryň sazlaşykly ösüşi we doly bahaly dynça alyşa gönükdirilen çäreler tapgyry guraldy.
“Türkmenistan – bagtly çagalygyň ýudy” ady bilen geçirilýän şeýle döredijilikli çäre Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, TDP Syýasy geňeşiniň we Ahal welaýat häkimliginiň bilelikdäki başlangyjy bilen geçirildi.
Dürli ugurly zehinlileriň – aýdymçylaryň, tansçylaryň, sazandarlaryň, şahyrlaryň, ýaş aktýorlaryň ýaryşy Gökderäniň “Bagtyýar nesiller” ÇSM-nde geçirildi. Tebigatyň ajaýyp künjekleriniň birinde ýerleşýän Köpetdagyň jülgesindäki çagalar merkezleriniň ählisiniň ýaş zehinlileri oňa gatnaşdylar. Bäsleşige gatnaşyjylaryň iň zehinlilerine diplomlar we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Awazada ýerleşýän çagalar sagaldyş merkezlerinde Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyplary tarapyndan döredilen “Şowhun” meşhur sirk topary çykyş etdi. Bu döredijilikli ýokary okuw mekdebiniň talyplarynyň çykyşlary uly söýgi we güýçli el çarpyşmalary bilen garşy alyndy. Sirk toparynyň doly agzalary bolan we tälim berlen maýmynlaryň we toty guşlaryň çykyşlary ýaş tomaşaçylarda has hem uly täsir galdyrdy.
Kenar futboly boýunça ýaryşy sportuň bu görnüşini söýýänleri “Daýanç” sagaldyş merkezinde ýygnady. Bilim ministrligi, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi bu bäsleşigiň guramaçylary bolup çykyş etdiler.
Bilim ministrliginiň Medeniýet ministrligi bilelikde Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna bagyşlap surat çekmek boýunça guran bäsleşigi ýurduň çagalar sagaldyş merkezleriniň ählisiniň ünsüni özüne çekdi.
“Biz tebigaty söýýäris” ady bilen ekologiýa medeniýetini terbiýelemäge gönükdirilen çagalar döredijilik bäsleşigi Gökderäniň çagalar sagaldyş merkezlerinde ýaş dynç alýanlary birleşdirdi. Bäsleşigiň çäklerinde daşky gurşawy goramagyň meseleleri boýunça tematiki duşuşyklar we şowhunly çekeleşikler geçirildi.
“Ýaş ýangyn söndürijileriň” bäsleşigi bolsa Gökderäniň ÇSM ýaş dynç alýan oglanlaryny birleşdirdi. Ýaryş bäş tapgyr boýunça geçirildi. Olaryň dowamynda ýaryşa gatnaşyjylar ýangyna garşy durmak, ilaty we tebigaty adatdan daşary ýagdaýlarda goramak babatda öz başarnyklaryny görkezdiler.
Toparlaryň-baýraklara eýe bolanlaryň ählisine guramaçylar – Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň ýangyna garşy göreşmek müdirliginiň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi we Magtymguly adyndaky TÝG MG tarapyndan ýörite diplomlar we ýadigärlik sowgatlary gowşuryldy.
Gökderedäki Muhammetmyrat Nyýazow adyndaky çagalar sagaldyş merkezi sporty we işjeň sagdyn durmuş ýörelgesini söýýnleriň ýeri boldy. Bu ýerde “Ýaş nesil – 2017-ni garşy alýar” ady bilen merkezleriň arasynda ýaryş geçirildi. Ýaryş sportuň ýeňil atletika, futbol, basketbol, woleýbol, ýüzmek, stoluň üstünde oýnalýan tennis görnüşleri boýunça, şeýle hem şaşka, küşt we düzzüm ýaly intellektual milli oýunlar boýunça geçirildi. Ýaryşy guraýjylar çagalary sporta işjeň çekmek we olaryň ýokary netijeleri gazanmaklary üçin zerur bolan ähli şertleri döredipdirler.
Çagalaryň dynç alyş möwsüminiň gyzykly we beýleki dürli çäreler geçirilýär we guralýar. Paýtagtyň we welaýatlaryň muzeýleriniň we kitaphanalarynyň göçme sergileri, göçme spektakllar we kinolar, folklor festiwallary görkezilýär, dürli hünärli meşhur adamlar bilen duşuşyklar geçirilýär, ýurduň täsin künjeklerine gezelençler guralýar.
* * *
Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynda çagalaryň boş wagtlaryny gyzykly we şadyýan geçirmekleri üçin baý iş tejribesi toplandy. Tomusky dynç alyş möwsüminiň başlanmagy bilen umumy bilim berýän mekdepleriň on ikisiniň ýanynda çagalar sagaldyş meýdançalary guraldy. Olar üç çalşykda bolup, her biri ýigrimi gündir. Bu ýerde kiçi ýaşly mekdep okuwçylary öz wagtlaryny şadyýan we gyzykly geçirýärler. Mugallymlar olaryň ýaş aýratynlyklary we höwes bildirýän ugurlary boýunça döredijilik ukyplaryny ösdürmäge, olara täze dostlaryny tutunmaga kömek berýärler, olary ruhy we ahlak gymmatlyklary boýunça terbiýeleýärler.
Meşhur “Şadyýan badalgalar”, “Olimpiýa oýunlary”, topy zyňmak, tanap çekmek, gyzykly we işjeň ýaryşlar, milli türkmen oýunlary çagaryň dynç alyşlarynyň gyzykly bolmagyna getirýär. Bu oýun çärelerine bilelikde gatnaşmaklary olarda köpçülikleýin, jogapkärçilikli, erjellik häsiýetlerini ösdürýär. Aň-paýhas oýunlary, erteki okamak hem çagalarda uly gyzyklanma döredýär. Mugallymlaryň ýolbaşçylygynda olar uly höwes bilen surat çekýärler, el ýüzündäki materiallardan oýnawaçlary we beýleki dürli zatlary ýasaýarlar, aýdym-saz diňleýärler, wideofilmlere tomaşa edýärler. Dynç alyşyň we zähmet işleriniň, sportuň we döredijiligiň oýlanyşykly utgaşdyrylmagy çagalary terbiýeleýär, olaryň mundan bu ýanky durmuşynda gerek bolan oňyn häsiýetleri ýüze çykarýar.
Uly ýaşdaky çagalar tomusky dynç alyş möwsüminde etrabyň çäklerinde hereket edýän bilim merkezine gatnaýarlar. Bu ýerde dynç alyşy guramaga uly üns berilýär. Çagalar okuwdan boş wagtlary tennis, küşt, şaşka oýnaýarlar. Şeýle hem bu ýerde aň-paýhas wiktorinalary we bäsleşikleri geçirilýär. Çagalaryň howpsuz durmuşyny üpjün etmek maksady bilen merkezde sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, sanitariýa we ýangyn howpsuzlygy, çagalaryň şikes almaklarynyň we bagtsyzlyga uçramakalarynyň öňüni almak boýunça öňüni alyş söhbetdeşlikleri we çäreleri geçirilýär.
Haçan-da ýurtda uly ruhubelentlik bilen Aziada-2017-ä taýýarlyk görülýän döwründe tomusky dynç alyşy bedenterbiýesiz we sportsuz göz öňüne getirmek mümkin däl. 2013-nji ýylda etrapda täze häzirki zaman sport mekdebi açyldy. Onda çagalaryň 817-si futbol, el pökgüsi, tennis, boks, göreş, dzýudo, sambo, erkin göreş, türkmen milli göreşi, küşt şaşka, baýdarkalarda we kanoede küreklemek bilen meşgullanýarlar. Murgap derýasynda, amatly howa şertlerine laýyklykda, bu sport mekdebiniň okuwçylary bütin ýylyň dowamynda küreklemek bilen meşgullanýarlar, örän gowy netijeleri görkezmek bilen, ýaryşlara, şol sanda döwlet möçberindäki hem ýaryşlara gatnaşýarlar. Şu ýylyň iýun aýynda sport mekdebiniň tälimçisi Ýuriý Halylowyň tälim berýän 2-nji orta mekdebiniň ýokary synp okuwçylary Magomet Halylow, Zarina Hugaýewa, Ismaýyl Ismaýylow tapawutlanmagy başardylar.
Ýolötenli pälwanlaryň baý sport dessurlary bar. Tälimçi Azat Akmyradowyň tälim berýän Ýolöten etrabynyň sport mekdebiniň wekilleri Leýla Muhammedowa, Mähri Akmyradowa, Hurma Abdyýewa we Gunça Myradowa dagy şu ýylyň abraýly ýaryşlarynyň ýeňijileri boldular. Häzirki wagtda olar gündelik türgenleşik bilen meşgullanýarlar, awgust aýynda bolas bu mekdepde tälim alýan türgenleriň onusy Aziada-2017-ä taýýarlyk görmek üçin Gökderä ugrarlar. Mümkin, olaryň arasynda geljekki çempionlar bardyr, häzirlikçe bolsa olar tomusky dynç alyşy sport bilen meşgullanmagy utgaşykly alyp barýarlar we täze ýeňişlere taýýarlyk görýärler.