Türkmenistanda şu ýylyň 21-nji awgustynda Mejlisiň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň hem-de Halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň çykyp giden agzalarynyň ornuna geçiriljek saýlawlara dalaşgärleri hödürlemek çäresi tamamlandy. Häzirki wagtda dalaşgärleri bellige almak hem-de olaryň saýlawçylar bilen duşuşyklary dowam etdirilýär.
Hereket edýän kanunçylyga laýyklykda, köppartiýalylyk esasynda, giň bäsleşik şertlerinde geçiriljek bu jemgyýetçilik-syýasy çäre mynasybetli syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de raýatlar toparlary tarapyndan Türkmenistanyň Mejlisiniň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň, şeýle-de Halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň çykyp giden agzalarynyň ýerine dalaşgärleriň hödürlenilmegine bagyşlanan mejlisler we ýygnaklar guramaçylykly ýagdaýda geçirildi. Saýlaw kodeksine laýyklykda, dalaşgärlige hödürlenilýänleriň sany çäklendirilmeýär. Dalaşgärleriň arasynda uly abraýdan peýdalanýan, iş başarjaň, guramaçy adamlaryň, şeýle-de milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda zähmet çekýän hünärmenleriň bardygyny bellemek gerek.
Mejlisiň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň ýerine Aşgabat şäheriniň 5-nji “Parahatçylyk” we 7-nji “Güneş”, Lebap welaýatynyň 74-nji “Zergär”, 81-nji “Amul” we 91-nji “Hojambaz”, Mary welaýatynyň 99-njy ‘Kemine” we 103-nji “Zarpçy” saýlaw okruglarynda saýlawlar geçiriler.
Welaýat halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlary 7 saýlaw okrugynda, etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlary 27, geňeşleriň çykyp giden agzalarynyň ýerine bolsa, saýlaw okruglarynyň 122-sinde saýlawlar geçiriler.
Türkmenistanyň Mejlisiniň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň hem-de Halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň çykyp giden agzalarynyň ýerine geçiriljek saýlawlarda ses bermegi guramak üçin saýlaw uçastoklarynyň jemi 359-sy döredildi.
Öňde boljak möhüm jemgyýetçilik, syýasy çäre hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda geçirilýän we Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine gönükdirilen oňyn özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylmagy, demokratik ýörelgeleriň çuňlaşdyrylmagynyň ýolunda ygtybarly binýady bolan nobatdaky möhüm ädime öwrüler.