Ï Aşgabatda Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň nobatdan daşary II gurultaýy geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabatda Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň nobatdan daşary II gurultaýy geçirildi

view-icon 2376
Türkmen paýtagtynda Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň nobatdan daşary II gurultaýy geçirildi, oňa ýurdumyzyň ähli künjeklerinden alty ýüzden gowrak wekil gatnaşdy. Şeýle hem onuň işine jemgyýetçilik guramalarynyň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, döredijilik işgärleri gatnaşdylar.

Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň iberen Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler. Onda milli Liderimiz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe obasenagat toplumynda geçirilýän özgertmeleri hem-de maksatnamalary giňden goldaýan hem-de olaryň durmuşa geçirilmegine uly goşant goşýan Agrar partiýanyň gurultaýynyň ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda möhüm ähmiýete eýe boljakdygyna ynam bildirdi.


Gurultaýda çykyş edenler milli Liderimize oba hojalygynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine gönükdirilen hem-de üstünlikli durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeler we yzygiderli aladasy üçin çäksiz hoşallyklaryny beýan etdiler. Partiýa agzalary Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwletimiz tarapyndan ekerançylaryň zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmak üçin ähli şertleriň döredilýändigini, daýhanlaryň zähmetine mynasyp baha berilýändigini, bu bolsa oba zähmetkeşlerini has-da netijeli işlemäge ruhlandyrýandygyny buýsanç bilen bellediler.

Agrar partiýanyň işjeňleri döwlet tarapyndan berilýän goldawyň aýratyn ähmiýetini nygtadylar, munuň özi obasenagat toplumynyň ähli önümçilik düzümleriniň döwrebaplaşdyrylmagyna hem-de tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrylmagyna gönükdirilen iri maýa goýumlarynda, himiýa senagatynyň ösdürilmeginde, oba zähmetkeşleriniň mineral dökünler bilen üpjün edilmeginde öz beýanyny tapýar. Obasenagat toplumy üçin häzirki zaman traktorlary, kombaýnlar, ekiş enjamlary we beýleki tehnikalar satyn alynýar, ulanyş möhleti geçen hem-de hasapdan öçürilmäge degişli oba hojalyk enjamlary bolsa olary gaýtadan dikeltmäge isleg bildirýän ekerançylara we hususy telekeçilere muzdsuz berilýär.


Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2012—2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny”, şeýle hem daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilik we Türkmenistanda öndürilýän önümleri eksport etmegiň möçberlerini artdyrmak boýunça döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde, täze, häzirki döwrüň ýokary talaplaryna laýyk gelýän dänäni gaýtadan işleýän kärhanalaryň we maldarçylyk toplumlarynyň, ýyladyşhana hojalyklarynyň gurluşyklaryna, çörek, unaş, et we süýt önümleriniň, ösümlik ýagynyň, peýniriň dürli görnüşleriniň önümçiligine aýratyn üns berilýär.

Häzirki wagtda ýurdumyzda suwarymly meýdanlarda suw tygşytlaýjy häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, suw desgalaryny gurmak we ulanmaga bermek boýunça ägirt uly tejribe toplanyldy. Iri möçberli suw hojalyk taslamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi oba hojalyk pudagynyň netijeli ösdürilmegine, dänäniň, pagtanyň we beýleki oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberlerini artdyrmaga ýardam berýär.


Bu iri möçberli we köpugurly çärelere oba ilatynyň bähbitlerini goraýan Agrar partiýa hem işjeň gatnaşýar. Partiýa işjeňleri köpçüligiň arasynda bolmak bilen, öz hünär ugurlary boýunça hem, jemgyýetçilik we syýasy işlerinde hem ýurdumyzyň welaýatlarynda häzirki wagtda ýaýbaňlandyrylan oňyn özgertmelere uly goşant goşmaga çalyşýarlar.

Gurultaýda bellenilişi ýaly, Agrar partiýa üstünlikli işleýän hem-de obanyň ösdürilmegine uly gyzyklanma bildirýän, ekin meýdanlaryndaky, öri meýdanlardaky ýeňil bolmadyk zähmetiň gymmatyny bilýän, oba hojalyk kärhanalaryny netijeli dolandyrmagy ýa-da bu ulgama öňdebaryjy innowasiýalary ornaşdyrmagy başarýan oba hojalyk hünärmenlerini öz hatarlaryna işjeň çekmäge çalyşýar. Hut şeýle adamlar täze başlanan syýasy hereketiň şu gezekki gurultaýyna işjeň gatnaşyjylar — wekiller boldular.

2014-nji ýylyň sentýabr aýynda Agrar partiýanyň döredilmegi netijeli köppartiýalylyk jemgyýetçilik-syýasy ulgamy kemala getirmegiň çäklerinde türkmen jemgyýetini mundan beýläk-de ösdürmegiň we demokratiýalaşdyrmagyň netijesinde mümkin boldy. Mälim bolşy ýaly, bu işlere 2012-nji ýylyň başynda ýurdumyzyň Mejlisi tarapyndan “Syýasy partiýalar hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi bilen başlanyldy. Eýýäm 2012-nji ýylyň awgustynda Senagatçylaryň we telekeçileriň partiýasy döredildi. Türkmenistanyň Demokratik partiýasy bilen bir hatarda, täze emele gelen partiýalar hem häzirki wagtda täsirli jemgyýetçilik hereketi hökmünde ykdysadyýetimizi we durmuş ulgamyny ýokary depginler bilen ösdürmek boýunça iri möçberli maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine öz goşantlaryny goşýarlar.


Oba ilatynyň durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen döwlet maksatnamalarynyň çäklerinde obasenagat toplumynyň düzümleriniň döwrebaplaşdyrylmagyna, pudakda öňdebaryjy tehnologiýalary hem-de hojalygy ýöretmegiň has girdejili usullaryny ornaşdyrmak işlerine aýratyn üns berilýär. Şu gün gurultaýda bellenilişi ýaly, bu wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegine Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň agzalary hem mynasyp goşant goşmalydyrlar.

Gurultaýda guramaçylyk meselelerine garalyp, Agrar partiýasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy wezipesine Öwezmyrat Enermyradow saýlanyldy. Şeýle hem partiýanyň Merkezi geňeşiniň hem-de Merkezi gözegçilik-derňew toparynyň düzümi tassyklanyldy.

Gurultaýyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler, onda milli Liderimizi Watanymyzy ösüşiň täze belentliklerine çykarmak üçin ähli gujur-gaýratyny aýamajakdyklaryna ynandyrdylar.