Ï 2016-2017-nji ýyllara gender deňligi boýunça hereketiň Milli meýilnamasynyň tapgyrlaýyn meýilnamasynda köpçülikleýin habar beriş serişdelerine uly ähmiýet berilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

2016-2017-nji ýyllara gender deňligi boýunça hereketiň Milli meýilnamasynyň tapgyrlaýyn meýilnamasynda köpçülikleýin habar beriş serişdelerine uly ähmiýet berilýär

view-icon 731
Adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilişi boýunça ýörüte iş topary gender deňligi boýunça hereketiň Milli meýilnamasynyň çäklerinde 2016-2017-nji ýyllara tapgyrlaýyn meýilnamany işläp taýýarlady. Gender deňliginiň ugurlarynyň durmuşa geçirilşi we bu babatda döwlet syýasatyny köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde beýan etmek bu işiň strategiki ugry diýlip bellenildi.



Täze maglumatlar tilsimatlarynyň ösmegi we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň maglumatlar ulgamynyň globallaşmagy adamlaryň dünýägaraýşyna hem-de özüni alyp barşyna we döwlet syýasatyna täsir edýär, şonuň üçinem, Pekin konferensiýasynyň resminamalarynda: „köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň zenanlaryň ýagdaýyny gowulandyrmaga has uly goşant goşmalydyrlar“ -diýilýär. Şunuň bilen baglylykda, tapgyrlaýyn meýilnama ara alnyp maslahatlaşylanda iş toparynyň agzalary döwletiň gender syýasatyny köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňişleýin beýan etmegiň zerurlygyna üns çekdiler, bu bolsa, ähli derejelerde kabul ediýän çözgütleriň netijeliligini has-da ýokarlandyrar. Gender deňliginiň gazanylmagy türkmen jemgyýetiniň demokratik esaslaryny berkitmek boýunça prezident strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzda tassyklanylan halkara konwensiýalaryna laýyklykda, bilim, saglygy goraýyş, hünär babatda hem-de wezipe taýdan ösüşde, jemgyýetçilik-syýasy durmuşda erkekler bilen deň hukuklaryň we mümkinçlikleriň döredilmeginde zenanlara hemmetaraplaýyn hemaýat berilýär. Gender garaýşyň bu esasy ugurlary milli kanunçylykda we ýurdy ösdürmegiň toplumlaýyn maksatnamalarynda berkidilendir. Maşgalanyň, eneligiň we çagalygyň döwlet tarapyndan goldanylmagy hem maksada gönükdirilen gender syýasatynyň durmuşa geçirilýänligine şaýatlyk edýär. Jemgyýetçilik aňynda häzirki zaman türkmen zenany işe döredijilikli çemeleşýän we täzeçil döredijilikli oýlanýan, hünärine ussat, jogapkärli, dogumly, talapkär we telekeçil adam hökmünde janlanýar. Zenanlaryň ruhy, paýhas we ahlak mümkinçilikleri durmuş meselelerini çözmäge-de ýardam edýär, olar jemgyýetçilik-syýasy durmuşa has işjeň gatnaşýarlar we önümçilikde-de üstünlikler gazanýarlar, ösüp gelýän ýaş nesli terbiýelemekde-de zenanalryň alyp barýan işleriniň belli bahasy ýokdur.



Milli köpçülikleýin habar beriş serişdeleri gender deňligi barada makalalary çap edip, häzirki zaman türkmen zenanyň köp ugurly iş alyp barýan keşbini wagyz etmekde wajyp wezipäni ýerine ýetirýärler. BMG-nyň Ilat gaznasynyň wekilhanasynyň goldamagynda Türkmenistanda gender deňligi barada makalalary taýýarlamakda galamgärler üçin okuw-türgenleşikleri geçirilýär.

Şonuň bilen birlikde, gender deňligi boýunça hereketiň Milli meýilnamasynda bellenilen wezipeler gender meseleleriniň habar beriş serişdelerinde wagyz edilşine düzedişler girizmegi talap edýär. Şu maksat bilen 2016-2017-nji ýyllara gender deňligi boýunça hereketiň Milli meýilnamasynyň tapgyrlaýyn meýilnamasynda Türkmenistanyň gender syýasatyny beýan etmekde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işjeňligini ýokarlandyrmaga üns berildi. Hususan-da, köpçülikleýin neşirlerde bu ugurdaky makalalaryň we telewideniýedir radioýaýlymlarda gepleşikleriň sanynyň artdyrylmagy, žurnalistleri bu ugurdan okatmak, erkekler bilen zenanlaryň deňligine ünsi çekýän maksada gönükdirilen çäreleri geçirmek, häzirki zaman ýolbaşçy, syýasatçy, telekeçi zenanlaryň oňyn keşbini döretmek bu maksada ýetmäge ýardam eder.

Maglumatlary ýaýratmaga toplumlaýyn çemeleşme gender babatda köne ülňüleri aradan aýyrmaga we jemgyýetçilik hem-de döwlet durmuşynyň ähli ugurlarynda gender deňligini ýola goýmaga ýardam eder.