Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe durmuşa geçirilýän iri möçberli özgertmeler netijesinde türkmen şäherleriniň we obalarynyň keşbi çalt depginlerde özgerýär. Täze desgalaryň taslamalary düzülýän wagtynda olaryň ýanaşyk ýerleriniň gök zolaklar bilen abadanlaşdyrylmagy, seýilgäh toplumlarynyň döredilmegi üýtgewsiz talap bolup durýar. Olaryň oýlanyşykly meýilleşdirilmegi hem-de tebigy şertlere sazlaşykda bezelmegi estetika nukdaýnazaryndan adamyň ruhubelent bolmagyna uly täsirini ýetirýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär.
Seýilgähleriň we seýil baglarynyň häzirki zaman şäherleriniň hem-de şäherlileriň durmuşynda möhüm orun eýeleýändigine, gök zolaklaryň şäher gurşawyndaky ähmiýetine, olaryň binagärlik hem-de güller bilen bezelmegine milli Liderimiz ünsi çekip, ozaly bilen olaryň ekologiýanyň talaplaryna laýyk gelmelidigini — şäheriň özboluşly howa arassalaýjylary bolup hyzmat etmelidigini, ýaşaýjylaryň arassa howadan dem almak, gezelenç etmek, çagalar bilen asuda, rahat, estetik taýdan özüneçekiji ýagdaýda dynç almak, tebigata ýakynlaşmak, onuň bilen aýrylmaz baglanyşygy duýmak üçin gelýän ýerlerine öwrülmelidigini nygtaýar.
Şäher seýilgählerinde olaryň haýsy maksada niýetlenendigine: dynç almak, medeniýet, sport we wagty hoş geçirmek, daşky gurşaw baradaky alada — bularyň ählisiniň oňyn sazlaşyk tapmagy möhümdir. Şunda tebigat gözelligini synlap lezzet almak adamyň nerw ulgamyny rahatlandyrýar hem-de onda keýpiçaglyk döredýär. Baglaryň tebigy tokaýlyklary adam eli bilen döredilen bagy-bossanlyklar bilen bilelikde örän güýçli sagaldyş ähmiýete eýedir. Olaryň salkyn saýasy, guşlaryň dürli owazlarynyň hem-de öwüşginleriň sazlaşygy, bark urýan hoşboý yslar adam üçin örän ýakymlydyr, onuň keýpini göterýär, kesellere durnuklylygyny hem-de zähmete ukyplylygyny ýokarlandyrýar. Sport maşklary, ylgamak hem-de arassa howada türgenleşik geçmek, çagalaryň, ýetginjekleriň, ýaşlaryň beden we ruhy taýdan berkemegine örän oňyn täsir edýär diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär.
Gök zolaklaryň daşky gurşawa we amatly howa ýagdaýynyň döremegine oňyn täsir edýändigini hasaba alyp, türkmen paýtagtynda seýilgähler we seýil baglar adamlaryň ýaşaýan, işleýän, okaýan hem-de dynç alýan ýerleriniň mümkin boldugyça golaýynda ýerleşdirilýär.
Seýilgählerde ösüp oturan baglar şäher ýaşaýjylarynyň ýene-de köp nesillerine lezzet berer, paýtagtlylar olara söýgi hem aýawlylyk bilen çemeleşip, “gök guşaklaryň” gözelligini artdyrýarlar. Hünärmenler dynç alyş zolaklaryny döredenlerinde mümkin boldugyça ekologiýa taýdan arassa serişdeleri — oturgyçlary, bezegli germewleri hem-de köprüjikleri gurnamakda çeperçilik äheňini, özboluşly ýakymlylygy döretmäge çalyşýarlar.
Seýilgäh toplumlarynda tebigy ösümlik dünýäsiniň bezeg agaçlary hem-de gülleri bilen sazlaşykly utgaşdyrylmagy tebigy gök zolaklary döretmegiň möhüm şertleriniň biri bolup durýar. Şunda özi ösüp ýetişen baglar we gyrymsy ösümlikler adam eli bilen döredilen gök toplumlaryň üstüni ýetirýär.
Türkmenistanyň şäherlerinde gök zolaklaryň döredilmeginiň baş maksady adam hakdaky alada bilen daşky gurşawy goramak, ýaşamak üçin aňrybaş amatly şertleri döretmek, durmuşyň hilini ýokarlandyrmak bolup durýar. Şunda ekologiýa, estetika hem-de bähbit esasy ölçeglerdir. Ýurdumyzda giňden ýaýbaňlandyrylan bagy-bossanlyklary döretmek syýasatynyň türkmen jemgyýetine mahsus bolan gymmatlyklaryň hem-de gözelligiň, parahatçylygyň we sazlaşygyň häzirki zaman düşünjeleri bilen utgaşdyrylmagy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döredijilik ruhuny kemala getirýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtaýar.
Seýilgähler we seýil baglar ak mermerli Aşgabadyň binagärlik toplumlarynyň ajaýyp göwher jähegine öwrüldi. Mundan başga-da, olar arassa howada bedenterbiýe bilen meşgullanmak üçin amatly künjekler bolup, sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýänleriň köp sanlysyny özüne çekýär. Şeýle raýatlaryň sany bolsa ýurdumyzda günsaýyn artýar.
Täze keşbe eýe bolan we gözelleşen Aşgabat bu gün dabaraly toý görküniň, nurana ajaýyplygynyň hem-de oňaýlylygynyň, ýokary derejeli binagärlik gurluşynyň hem-de tebigy gözelliginiň utgaşmagy bilen haýran edýär.
Ýurdumyzyň baş şäheriniň döwrebap seýilgähleri — munuň özi synlamak üçin diňe bir estetiki gurşaw bolman, eýsem-de ösmek üçin: sport bilen meşgullanmak, tebigata çykmak, açyk asmanyň astynda çagalaryň oýunlara güýmenmegi, konsertlere we çykyşlara tomaşa etmek üçin hem ajaýyp ýerlerdir.
Soňky ýyllarda sebitiň iri işewür we medeni merkeziniň, halkara hyzmatdaşlygynyň ykrar edilen merkezi derejesinde pugta orun alyp, paýtagtymyz Aşgabat depginli ösýän häzirki zaman şäheriň täsin nusgasyny özünde jemledi. Şäherde gözellik we oňaýlylyk sazlaşykly utgaşýar, döretmegiň we ösüşiň filosofiýasy, myhmansöýerlik we göwnaçyklyk däpleri aýdyň ýüze çykýar.
Ekologiýa meselesi bütin dünýäde öňdäki orunda durýar. Şoňa görä-de, milli Liderimiz daşky gurşawy goramak meselelerine, ilkinji nobatda, üns berýär. Uly möçberli milli durmuş-ykdysady maksatnamalarynyň we maýa goýum taslamalarynyň ählisi adamlaryň durmuşynyň abadançylygynyň möhüm şerti hökmünde ekologiýa düzüm bölekleri bilen ysnyşykly baglanyşyklydyr.
Häzir Aşgabat 2017-nji ýylda geçiriljek Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görýär. Bu uly halkara baýramçylygy bolar. Dürli ýurtlaryň köp sanly myhmanlaryny kabul etmek üçin iň oňat şertleri döretmekde şäheriň oňaýly ekologiýasynyň saklanmagyna, howanyň arassalygyna möhüm orun berilýär. Munuň şeýle bolmagyna el bilen döredilen bossanlyklar hem ýardam edýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow jemgyýetde ýokary ekologiýa medeniýetiniň berkarar bolmagy üçin degişli aň-düşünjäniň we terbiýäniň zerurdygyny belleýär. Paýtagtymyzyň bagy-bossanlyga bürenen seýilgähleri onuň ojagy bolmagyna gönükdirilendir. Şol ýerlerde adamlar baglardan, güllerden lezzet alyp bilýärler, rahatlygy duýýarlar we tebigatdan hem-de wagtyňy işjeň geçirmegiň göwnüňi galkyndyryjy güýjünden ruhlandyryjy täsirleri alyp bilýärler.
Türkmen topragynyň täsin tebigatyny gorap saklamak, suw, ýer we biologiýa serişdelerini rejeli peýdalanmak, howanyň hapalanmagyny azaltmak — bularyň ählisi umumylykda adamlaryň saglygyny goramaga ýardam bermäge gönükdirilendir. Seýilgähler, ýaşyl zolaklar we bagy-bossanlyklar döredilende türkmen halkymyzyň tebigat bilen sazlaşykda ýaşamak, onuň gözelligini aýawly saklamak we köpeltmek baradaky gadymy däpleri öz beýanyny tapýar.