Ï Jemgyýetimizi mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmagyň ýolunda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Jemgyýetimizi mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmagyň ýolunda

view-icon 802
Mejlisiň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň hem-de Geňeşleriň möhletinden öň çykyp giden agzalarynyň 21-nji awgustda geçiriljek saýlawlaryna taýýarlyk işleri ýokary depgine eýe bolýar. Bu syýasy-jemgyýetçilik çäresine guramaçylykly taýýarlyk görmek boýunça meýilnama laýyklykda Merkezi saýlaw toparynyň işgärleri ýerlerde welaýat, etrap, şäher, okrug we uçastok saýlaw toparlarynyň agzalary üçin Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine berk laýyklykda olaryň alyp barýan işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen öwrediş okuw maslahatlaryny geçirýärler.

Mundan başga-da, okuw maslahatlarynyň barşynda öňde boljak saýlawlary geçirmegiň tertibi bilen baglanyşykly, has takygy, ses berilýän güni saýlaw uçastoklarynyň sazlaşykly işini guramak bilen baglanyşykly anyk meseleler ara alnyp maslahatlaşylýar. Uçastok saýlaw toparlarynyň agzalaryna hereket edýän kanunçylyga girizilen üýtgetmelere we goşmaçalara laýyklykda, saýlawlaryň öň ýanyndaky wagyz-düşündiriş işleriniň geçirilmeginiň aýratynlyklary, ses bermek hukugyna eýe bolan her bir raýatyň ses berilýän güni saýlawlara gatnaşyp, jemgyýetiň we döwletiň işlerini dolandyrmaga bolan özleriniň konstitusion hukuklaryny berjaý etmekleri barada degişli işleri geçirmekleri babatynda maslahatlar berilýär.

Häzirki wagtda saýlaw okruglarynyň çäklerinde saýlaw uçastoklarynyň 359-sy döredildi. Olaryň ählisi degişli aragatnaşyk we beýleki enjamlar, saýlawlar boýunça zerur maglumatlar, usulyýet edebiýaty, Saýlaw kodeksi çap edilen kitapçalar, kadalaşdyryjy-hukuk namalary we beýlekiler bilen üpjün edildi, olarda şu gezekki geçirilýän jemgyýetçilik-syýasy çäre baradaky zerur maglumatlar berilýär.

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, 11-nji awgustda ähli saýlaw okruglarynda möhletinden öň ses bermek çäresi başlanylar. Bu çäre ozaly bilen uzak wagtlaýyn iş saparlaryna ýa-da zähmet rugsadyna gidýänler, şeýle hem saýlaw güni dürli sebäplere görä, saýlaw uçastoklaryna gelmek mümkinçiligi bolmadyk raýatlar üçin göz öňünde tutulandyr.

Saýlawyň geçirilişine syýasy partiýalar, jemgyýetçilik birleşikleri hem-de dalaşgärler tarapyndan bellenilen milli synçylar gözegçilik ederler. Olaryň ählisine ygtyýarlyklarynyň çäklerinde saýlawlaryň öň ýanynda, şeýle hem ses berilýän güni saýlaw okruglaryna baryp görmäge mümkinçilik berilýär. Bu bolsa öz nobatynda saýlawlaryň açyklyk, aýanlyk, giň demokratik şertlerde geçirilmegine oňyn täsirini ýetirer.

Şeýle hem ähli ýerlerde dalaşgärleriň saýlawçylar bilen duşuşyklary dowam etdirilýär. Olaryň barşynda saýlawçylar dalaşgärleriň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen geçirilýän durmuş-ykdysady özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna mynasyp goşant goşmaga gönükdirilen saýlawyň öň ýanyndaky maksatnamalary bilen tanyşýarlar.