Ï Täze gurluşyklaryň binagärliginde Watanymyzyň häzirki döwrüniň beýikligi bar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Täze gurluşyklaryň binagärliginde Watanymyzyň häzirki döwrüniň beýikligi bar

view-icon 793
Türkmenistanyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň täze belentliklerine tarap ymtylmasy tutuş ýurdumyz boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli gurluşyklaryň örän güýçli depginlerinde has aýdyň ýüze çykýar. Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow iri we ähmiýetli taslamalaryň diňe bir başyny başlaýjy bolman eýsem, binagärlik pikiriniň bezelişinden, geljekki desganyň inženerçilik-tehniki taýdan üpjün edilişinden başlap, onuň ulanmaga berilmegine çenli durmuşa geçirilişiniň ähli tapgyrlaryny özüniň gözegçiliginde saklaýar.


Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyz hem-de welaýatlar boýunça iş saparlarynyň barşynda esasy gurluşyk meýdançalaryndaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşýar. Şonda milli Liderimiz desgadaky işleriň ähli jikme-jikliklerine içgin üns berip, hiç bir ownuk zady ünsiz galdyrmaýar. Döwlet Baştutanymyzyň desgalaryň iş aýratynlyklarynyň ýokarlandyrylmagyna, binalaryň ygtybarlylygyna we howpsuzlygyna, olaryň daşky bezilişine degişli ölçerilen we oýlanyşykly teklipleri taslamaçylar, binagärler, gurluşykçylar hem-de bezegçiler üçin ugur alynmaly wezipe bolup durýar. Şunuň ýaly teklipleriň ýa-da bellikleriň her birinde diňe bir oýlanyşykly pikir bolman, eýsem, adam hakdaky hemişelik alada, ony ähli babatda gurşap alan oňaýlylygyň hem-de estetiki gurşawyň bolmalydygyna çuňňur ynam bardyr.


Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ylmy esasda işlenip taýýarlanan hem-de ýurdumyzy ösüşlere beslenen özgertmeleriň esasynda döwrebaplaşdyrmak boýunça üstünlikli durmuşa geçirilýän strategiýasy täze gurluşyklaryň möçberleri bilen ähli topragymyzy gurşap alyp, bütin dünýäniň Türkmenistana başgaça garamagyna mejbur edýän derejede şeýle ägirt uly netijeleri berýär.

Kabul edilen milli maksatnamalaryň çäklerinde ýurdumyzyň şäherlerinde we obalarynda binagärligiň gadymy milli däpleri, şeýle hem häzirki zaman şähergurluşyk tejribesi nazara alnyp, senagat, işewür, durmuş we medeni ähmiýetli desgalar bina edilýär. Iň öňdebaryjy tehniki işläp taýýarlamalary hem-de binagärligiň iň täze gazananlarynyň ulanylmagy bilen Aşgabatda Olimpiýa şäherjiginiň gurluşygy ýokary depginler bilen tamamlanyp barýar. "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän toplumlar döredilýär. Bularyň ählisi ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň has-da güýçlenýändigine, ýurdumyzda ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini göwnejaý gowulandyrmak maksady bilen uly möçberli işleriň amala aşyrylýandygyna şaýatlyk edýär.


Şähergurluşyk ulgamynda ýurdumyzyň üstünlikleri gysga wagtyň içinde Merkezi Aziýanyň hakyky “merjenine” öwrülen Aşgabadyň keşbinde aýratyn ajaýyplyk bolup ýüze çykýar hem-de özüniň gaýtalanmajak gözelligi we täsinligi, binagärlik sungatynyň täze ajaýyplyklary bilen haýran galdyrýar.

Iri işewür we medeni merkeziň, halkara hyzmatdaşylygyň ykrar edilen merkeziniň derejesinde pugta orun alyp, Türkmenistanyň myhmansöýer paýtagty häzirki zaman, depginli ösýän şäheriň--geljegiň şäheriniň täsin nusgasyny özünde jemledi. Bu şäherde gözellik we oňaýlylyk, inžener-tehniki pikiriň öňdebaryjy gazananlary hem-de milli binagärligiň däpleri sazlaşykly utgaşýar.

Her bir ähmiýetli taslamalaryň öňe ilerlemegine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň uly üns bermegi we gönüden-göni gatnaşmagy tutuş ýurdumyzy bolşy ýaly, paýtagtymyzy ösdürmek üçin hem kuwwatly itergi berýär, şoňa görä-de, 2013-nji ýylda döwlet Baştutanymyza “Türkmenistan at gazanan binagäri” diýen hormatly adyň berilmegi türkmen halkymyzyň öz Liderine bolan çuňňur hoşallygynyň beýany boldy.


Şunuň bilen baglylykda, paýtagtymyzyň binagärlik şähergurluşyk keşbine milli Liderimiziň aýratyn üns bermegi netijesinde soňky ýyllaryň içinde şäherde taryhy merkezini goşmak bilen ençeme etraplaryň durkunyň doly täzelenendigini, täze ýaşaýyş toplumlarynyň peýda bolandygyny, ýüzlerçe desgalaryň gurlandygyny, şolaryň hatarynda täsin desgalaryň az däldigini nygtamak gerek. Şol desgalaryň käbirleri Ginnesiň rekordlar Kitabyna girizildi, beýlekileri abraýly halkara binagärlik bäsleşikleriniň baýraklaryna mynasyp boldy. Munuň özi dünýäniň iň owadan paýtagtlarynyň hatarynda orun tutýan Aşgabady ösdürmekdäki ägirt uly üstünlikleriň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilýändiginiň aýdyň tassyknamasydyr.

Ine, 2012-nji ýylda “Älem” medeni-dynç alyş merkezi guruldy. Onuň aýlanýan syn ediliş çarhy dünýäniň rekordlar Kitabyna girizildi. Ozal bu Kitaba “Türkmenistan” teleradioýaýlymlar merkeziniň Oguzhanyň sekiz burçly äpet ýyldyzy dünýäde ýyldyzyň iň iri binagärlik şekili hökmünde girizildi. Şondan öň dünýäniň üstünlikleriniň maglumatnamasyny düzüjiler tarapyndan Aşgabat bir topluma jemlenen suw çüwdürimleriniň sanynyň iň köp ýeri bolan şäher hökmünde hasaba alyndy: gürrüň “Oguzhan” binagärlik-heýkeller toplumy barada barýar. 2008-nji ýylda Aşgabat şol döwre çenli iň beýik baýdak sütüniniň bolmagy bilen Ginnesiň rekordlar Kitabynyň sahypalarynda ilkinji gezek peýda boldy, 2013-nji ýylda bolsa dünýäde ak mermerli binalaryň bir ýerde iň köp jemlenen şäheri hökmünde mynasyp orun aldy.


Gurluşyk ulgamyna goýberilýän ägirt uly maýa goýumlar, öňdebaryjy gurluşyk kompaniýalarynyň, serişdeleri, ýörite tehnikalary we enjamlary öndürijileriň ýurdumyza gelmegine ýardam berýän oňaýly maýa goýum ýagdaýy, ýurdumyzyň işewürligini döwlet tarapyndan goldamagyň netijeli çäreleri ykdysadyýetiň okgunly ýokary galmagyny, durmuş we medeni ulgamynyň, senagat we ulag düzümleriniň häzirki zaman desgalarynyň gurulmagyny şertlendirdi. Gurluşygyň ägirt uly möçberleri Türkmenistanyň depginli ösüşiniň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ilatyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga gönükdirilen syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň iň oňat görkezijileriniň biridir.