Her bir çaga syýahat etmek, duýdansyz açyşlar we täze dostlar bilen duşuşyk baradaky arzuwlaryň hasyl bolýan döwri bolan tomusky dynç alyşa sabyrsyzlyk bilen garaşýar. Şu ýylyň tomsy ýurdumyz bilen tanyşlyk hökmünde , onuň üýtgeşik özboluşlulygy we ak ýürekli myhmansöýerligi bilen Awaza dynç almaga gelen täjigistanly, ukrainaly we moldowaly çagalaryň ýadynda hemişelik galar.
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň milli merkeziniň (TKAMM) işgärleri daşary ýurtly mekdep okuwçylarynyň TKAMM-yň Hazaryň kenaryndaky „Daýanç“ çagalar sagaldyş merkezinde bolan günlerini ülkämizi öwreniş gezelençlerinde, milli däp-dessurlar we türkmen halkynyň milli tagamlary, gyzykly güýmenjeler, şadyýan sport bäsleşikleri hem-de özboluşly aýdym-sazly şowhunlar bilen geçirmegi üçin tagalla etdiler.
Gämide emeli derýa gezelenç we „Gämiler dünýäsi“ müzeýine sapar oglanjyklarda uly täsir galdyrdy, olaryň köpüsi deňizlerdir alys ýerlere syýahat etmegiň we täze açyşlaryň arzuwynda ahyry.
--Ýahtalardyr fregatlar, harby gämilerdir umman laýnerleri... bizi haýran etdi. Gämileriň nusgalarynyň ählisi şeýle bir ussatlyk bilen ýasalypdyr welin, olaryň iň uşajyk bölejiklerem görnüp dur, --diýip, ukrainaly Maksim Baýdýuk bilen moldowaly Maksim Pilipenko gürrüň berdiler.
Gyzjagazlary bolsa, „saza oýnaýn çüwdürimler“ haýran galdyrdy. „Asmana atylýan dürli reňkli akymlaryň sazlaşykly hereketleriniň nepis oýnuna bakamda, näme üçin „Awaza“ sözüniň „aýdym aýdaýn tolkunlar ülkesi“ diýlip terjime edilýänligine düşündim,--diýip, žitomirli Anastasiýa Rudek gürrüň berdi. Halyça dokaýan we keşde gaýaýan türkmen gyzjagazlarynyň nepis el hünäri Kristina Muzyka bilen Adriana Wylka üýtgeşik täsir etdi.
Çagalar şäheriň „Deňiz merjeni“ medeni-dynç alyş bagyndaky Türkmenistanyň taryhy ýadygärlikleriniň—Soltan Sanjaryň aramgähiniň, Gutlug Teýmir minarasynyň, Daýahatyn kerwensaraýynyň, şeýle hem belli tebigy ýadygärligiň—Dinozawrlar tekizliginiň kiçeldilen nusgalaryny uly gyzyklanma bilen synladylar. Çagalar bilen işleýän mugallymlar we tejribe geçýän talyplar myhmanlar üçin ýurdumyz, onuň taryhy, türkmen halkynyň özboluşly medeniýeti we däp-dessurlary barada söhbetleri taýaýrlapdyrlar.
Türkmen çagalarynyň durmuşy barada myhmanlar olaryň özünden eşitdiler. Özara gürrüňdeşlik üçin wagt ýeterlikdi, onsoňam çäreleriň köpüsi –futbol we woleýbol, uly tennis we basketbol boýunça ýaryşlar bilelikde geçirildi. Her gün agşam tomusky açyk teatryň sahnasynda çagalar öz ýurtlarynyň medeni däp-dessurlary bilen öz deň-duşlaryny tanyşdyrýardylar.
„Hoşlaşyk ody“ has-da täsirli boldy, çagalar el-ele berşip, uly döwre guradylar, bu bolsa, olary hemişelik dostlaşdyran özara düşünişmegiň we hakyky berk dostlugyň nyşanydyr.