Ï Tomusky dynç alyş günlerinde “Aşgabat” dynç alyş seýilbagynda şadyýanlyk höküm sürýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Tomusky dynç alyş günlerinde “Aşgabat” dynç alyş seýilbagynda şadyýanlyk höküm sürýär

view-icon 817
Bu ýerde gamgyn oturan çagalaryň birini hem görmersiň. Oglanjyklar we gyzjagazlar özleriniň gyzyklanýan attraksionlaryny derrew tapýarlar. Geljekki ýaryşa gatnaşyjylary çagalar awtodromy özüne çekýär. Çalasyn çagalar täsin örülen uly kerepde oýnaýarlar ýa-da batutlarda wagtlaryny şadyýan geçirýärler. Şol bir wagtyň özünde seýilbagynyň bütin çäginde seýilbagynyň iň ýaşajyk myhmanlary üçin dürli reňkli gurçuk-düzüminde adajyklar boýunça gezelenç edýärler. Uly ýaşly çagalar bolsa “barkas” attraksionynda aýlanyp görmäge çalyşýarlar. Olar gämide ornaşan badynda edil deňizdäki ýaly gom turýar. Barkas uly “tolkunlarda” çagalara şatlyk paýlap, gämini barha we barha ýokary zyňýar. Alňasaman gezelenç etmegi halaýan çagalar öz dostlary bilen gürrüňleşip saýaly baglaryň astynda gezelenç edýär ýa-da öz söýgüli kitaplaryny bilelikde okaýarlar. Bu ýere gelýänleriň hemmesi dürli buz ýaly içgileri içip ýa-da buzgaýmagy iýip, lezzet alyp bilerler. “Hazynalar adasynyň” ýa-da ertekilerdäki beýleki başdan geçirmeleriniň gahrymanlary bilen ýadygärlik suratyna düşüp bolýar. 300 million ýyl mundan ozalki we mezozoý eýýamynda, ýagny dinozawrlaryň ýaşan döwrüne düşüp bolýar. Elbetde, çaga bir eli bilen ejesiniň, beýleki eli bilen kakasyny elinden tutsa, onda oňa gorkara zat ýok. Çagalar ýura döwrüniň seýilbagynda şeýle hem edýärler. Örän uly elhenç haýwanlaryň arasynda gezelenç edenlerde başgaça täsir galýar. Olaryň biri gyzykly başdan geçirmeleriň suratyny çekýär. Beýlekiler – örän uly süýrenjiler näme sebäpde doňup galandyklary barada oýlanýarlar... Krokodiller bolsa saklanyp galypdyr. Şonuň üçin hem bu ýere gelenleriň haýsydyr birini häzirki zaman dinozawrlaryny göresleri gelse, onda Tebigatyň janly muzeýine baryp bilerler.



Tomusky dynç alyş möwsüminde myhmansöýer türkmen maşgalalaryna çagalar biziň ýurdumyzyň dürli künjeklerinden gelýärler. Olaryň ilkinji baryp görmäge höwes bildirýän ýerleri bolsa - “Aşgabat” dynç alyş seýilbagy we “Türkmen ertekiler dünýäsi” medeni-dynç alyş merkezi bolup durýar. Bu dynç alyşyň ajaýyp ýerleri her bir çaga özlerini batyr, güýçli, çalasyn duýmaga, esasan hem bagtyýar we şadyýan bolmaga mümkinçilik berýär.