Türkmenistanyň hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleri döwletimiziň we halkymyzyň howpsuzlygyny üpjün etmek bilen howply önümi — tirýegi geçirijini saklamak boýunça alnyp barlan işleriň barşynda hüşgärligini we ussatlygyny görkezip, ýurdumyzda gizlin ýollar arkaly neşe serişdeleriniň ýaýramagynyň öňüni aldylar.
Türkmenistanlylaryň asudalygyny we döredijilikli zähmetini edermen goragçylar ýokary hünär taýýarlygyny, iň döwrebap tehniki serişdelere erk edip bilişlerini görkezip, bu gün neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy barlyşyksyz göreşmekde öňdäki hatarlarda durýarlar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň goranyş ukyplylygyny berkitmek, mähriban topragymyzyň parahatçylygynyň we asudalygynyň goragynda durýan harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň gulluk etmegi we ýaşamagy üçin has oňaýly şertleri döretmek meselelerine aýratyn üns bermeginiň netijesinde, Ýaragly Güýçleriň düzümleriniň maddy-enjamlaýyn binýady kämilleşdirilýär. Olar dessine hereket etmäge hem-de islendik hukuk düzgün bozulmalarynyň öňüni almaga mümkinçilik berýän ýöriteleşdirilen döwrebap tehnikalar we enjamlar bilen enjamlaşdyrylýar. Şeýle hem ýokary hünär derejeli degişli hünärmenleri taýýarlamak işleri alnyp barylýar.
Türkmenistan neşekeşlige we neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmekde örän berk we düýpli orny eýeläp, halkyň parahatçylykly, döredijilikli durmuşyna hem-de adamlaryň saglygyna zyýan ýetirýän islendik ýagdaýlara ygtybarly böwedi üpjün edýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bütin adamzada howp bolup abanýan hem-de milletiň genofonduna uly zelel ýetirip bilýän durmuşyň bu howpuna garşy durmagy döwlet syýasatynyň möhüm ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda kesgitleýär. Şol syýasatyň baş maksatlarynyň biri Watanymyzyň bagtyýar geljeginiň bähbidine beden we ruhy taýdan sagdyn türkmen jemgyýetini kemala getirmekden ybaratdyr.
Ýurdumyzda neşe serişdeleriniň gizlin ýollar arkaly getirilmeginiň öňüni almak, olaryň ýaýradylmagyna we ulanylmagyna garşy göreşmek boýunça maksada gönükdirilen we köptaraply çäreler üstünlikli ýerine ýetirilýär. Bu işler hukuk goraýjy edaralaryň, gümrük we serhet gulluklarynyň, bilim we saglygy goraýyş edaralaryň, jemgyýetçilik guramalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriň ýygjam hyzmatdaşlyk etmeginde toplumlaýyn alnyp barylýar. Toruna düşýän adamlaryň ykbalyny harap edýän ýaramaz endikleri doly ýok etmek maksady bilen neşe serişdelerini ulanmagyň zyýany barada giňden düşündiriş işleriniň geçirilmegine aýratyn üns berilýär.
Bu ulgamda Türkmenistanyň alyp barýan yzygiderli işleri umumydünýä howpa garşy hereket etmek, sebitde we bütin dünýäde howpsuzlyk hem-de durnuklylyk ýagdaýyny üpjün etmek babatda ählumumy tagallalara anyk goşant bolup durýar.