Ï «HAZAR — 2016» görkezme harby-taktiki tälim geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«HAZAR — 2016» görkezme harby-taktiki tälim geçirildi

view-icon 1160
Hazar deňziniň günorta-gündogar böleginde «Hazar—2016» atly görkezme harby-taktiki tälimi geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Harby-deňiz güýçleriniň, Harby-howa güýçleriniň we howa hüjüminden goranmak goşunlarynyň, Döwlet serhet gullugynyň harby bölümleriniň, Milli howpsuzlyk we Içeri işler ministrlikleriniň hem-de beýleki goşun kysymlarynyň şahsy düzümleri gatnaşdylar.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk derejesine ygrarly bolmak bilen, “Açyk gapylar”, hoşniýetli goňşuçylyk we netijeli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine daýanýan parahatçylyk söýüjilikli syýasaty yzygiderli amala aşyrýar. Ýurdumyzda kabul edilen, diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrina hem şol maksatlara gönükdirilendir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen we ýolbaşçylygynda Türkmenistanda harby we hukuk goraýjy edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli pugtalandyrylýar.

Şu günki geçirilen görkezme harby-taktiki tälim milli Ýaragly Güýçleriniň goranyş ukyplylygynyň we şahsy düzümiň söweşjeň taýýarlygynyň ýokary derejesini, döwrebap harby tehnikalaryny dolandyrmakda harby gullukçylaryň ussatlygyny açyp görkezdi.

Tälimiň meýilnamasynda deňizde we ýerüsti kenarýaka çäkde söweşjeň hereketleriň iki görnüşi göz öňünde tutuldy.

Görkezme söweşjeň taktiki tälimiň deňziň giňişligindäki tapgyrynyň barşynda oňa gatnaşýan harby düzümler ýokary ussatlyk derejesini we döwrebap taýýarlygyň häzirkizaman ugruny görkezdiler. Harby dolandyryş guramalarynyň sazlaşygy, söweş hereketleri mahalynda degişli düzümleriň we goşunlaryň söweşjeň maksatlary boýunça öňde goýlan wezipeleriň ýerine ýetirilişi ýurdumyzyň serkerdeleriniň amaly endiklerini yzygiderli kämilleşdirýändigini äşgär etdi.

Şu maksat bilen geçirilen söweşjeň harby-taktiki tälimiň çäklerinde deňiz çäginde hereket edýän nyşananyň ýüze çykarylan sebitlerinde aňtaw uçuşyny amala aşyrmak hem-de ony wideoýazgy edip, operatiw ýagdaýda merkezi dolandyryş nokadyna geçirmek ugrunda serhet goşunlarynyň, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby howa güýçleriniň söweşjeň uçarlary we uçarmansyz uçary howa giňişliginde degişli uçuşy amala aşyrdylar.

Howa söweşini alyp barmak, howadan hüjüm etmek, garşydaşyň şertli gämi urgy toparlaryna artilleriýadan we raketadan köpçülikleýin urgulary amala aşyrmak, umumygoşun ätiýajynyň söweşini goldamak ýaly söweş hereketleri ähli goşun kysymlarynyň şahsy düzüminiň taýýarlyk derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen geçirilen tälimiň esasyny düzdi.

Soňra deňiz çägine Su-25 kysymly uçary M6 howa nyşanany taşlaýar. Şertli garşydaşyň howa nyşanasyny aňladýan M6 nyşanany ýok etmek üçin Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Harby-howa güýçleriniň 2 sany «Mig-29» söweşjeň uçarlary çagyrylýar, olar howa nyşanasyny dolandyrylýan raketa bilen ýok edýärler.

Soňra deňiz çäginiň howa giňişligine degişli harby uçar arkaly ýene-de howa nyşanasy taşlanýar. Bu gezek howa nyşanasyny «Edermen» we «Gaýratly» raketa gämileriniň raketalary bilen ýok etmek meýilleşdirilýär. Şertli garşydaşyň söweşjeň gämisini hatardan çykarmak üçin, Türkmenistanyň Harby-deňiz güýçleriniň raketa gämileri okgunly hüjüm edýärler. Olar şertli garşydaşyň howa hüjümini yza serpikdirmek üçin, göçme asmana atyjy raketa toplumyndan raketa atyşlaryny ýerine ýetirýärler hem-de howa nyşanasyny ýok edýärler.

Şeýle hem suwüsti gämi urgy toparlary suwasty torpedany ulanýarlar we dürs urgy bilen şertli garşydaşyň gämisini hatardan çykarýarlar.

Bellenen wagtda gämi urgy toparlary özüniň «Uran-E» kysymly raketalary suwüsti nyşanalara gönükdirýär. Şeýlelikde, ganatly raketalaryň kömegi bilen şertli garşydaşyň gämi urgy toparynyň düzümindäki uly desant we söweşjeň gämileri ýok edilýär.

Bellenen wagtda ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Harby-howa güýçleriniň 2 sany Su-25 kysymly söweşjeň uçarlary şertli garşydaşyň suwüsti nyşanyna howadan urgy etmek üçin hüjüm edýär. Olar şertli garşydaşyň gämi urgy toparlaryny hatardan çykarmak üçin awiabombalary ulanýar. Şunlukda, ýitgä sezewar edilen şertli garşydaşa ýene-de urgy geçirmek üçin S-8 kysymly dolandyrylmaýan raketalary goýberilýär. Howadan amala aşyrylan üçünji hüjümiň netijesinde snarýadlary bilen suwüsti nyşanalara garşy ot açylýar we olar bellenen çäkde ýok edilýär.

Soňra şertli garşydaşyň söweşjeň gämilerini hatardan çykarmak, olaryň hereketlerini bökdemek maksady bilen, gämi urgy toparlary artilleriýa ýaraglaryndan yzygiderli urgyny amala aşyrýarlar. Şertli garşydaşyň suwüsti nyşanalaryna garşy Türkmenistanyň Harby-deňiz güýçleriniň «Edermen» we «Gaýratly» raketa gämileri, «Algyr» we «Hanjar» gorag gämileri hem-de Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň 3 sany «Galkan», 2 sany «Sakçy» we 4 sany «Bars» kysymly gorag gämileri artilleriýa gurluşlaryndan ot açyp, öz öňlerinde goýlan wezipäni üstünlikli çözýärler.

Soňra “Hazar—2016” atly görkezme söweşjeň-taktiki tälimiň kenarýakasyndaky ikinji tapgyry başlandy.

Şertli garşydaş howadan hüjüm etmegini dowam edýär hem-de bellenilen gorag sepgitlerine raketa-bomba urgularyny geçirmäge synanyşýar. Söweşjeň uçar şertli garşydaşyň howa nyşanasyny aňladýan ýörite nyşanany taşlaýar. Olaryň howadan edýän hüjümini yza serpikdirmek üçin asmana atyjy raketa goşunlary herekede girýärler. Şertli garşydaşyň awiasiýasy we raketa urgulary howa hüjüminden goranyş serişdesi bilen ýok edilýär.

Şertli garşydaşyň aňtaw-ýykgynçylyk topary, ony goldaýan söweşjeň gämileri kenara ýakynlaşýar hem-de deňiz desantyny kenara çykarýar, olar biziň goşunlarymyzyň asmana atyjy raketa toplumlaryny hatardan çykarmaklyga synanyşyk edýärler.

Aňtaw-ýykgynçylyk toparlaryna garşy deňiz-pyýada goşunlary söweş hereketine girýär. Olar BTR-80 kysymly sowutly tehnikalarda hereket edip, kenara düşürilen aňtaw-ýykgynçylyk toparlaryny ýok etmäge girişýärler. Şonuň bilen bir wagtda bu ýere deňiz-pyýada desanty düşürilip, şertli garşydaşyň toparlary bilen aýgytly söweşe girişýär hem-de olary ýok edýärler.

Soňra asmana atyjy raketa toplumy şertli garşydaşyň suwüsti nyşanalaryna garşy urgy geçirýär.

Uçarmansyz uçarlardan alnan aňtaw maglumatlaryny peýdalanmak bilen, reaktiw artilleriýa gurluşlary şertli garşydaşyň deňizden hüjüm edýän söweşjeň gämilerine we olaryň ýaýbaňlanma sepgitlerine tarap ot açýarlar.

Artilleriýa ýaraglary deňiz giňişliginde hereket edýän şertli garşydaşyň söweşjeň gämi toparlaryna we olaryň söweş tertibine köpçülikleýin urgyny amala aşyrmak bilen olary uly ýitgä sezewar edýärler. Şertli garşydaşyň gämi urgy toparlarynyň deňizden hüjümini doly saklamak, olara uly mukdarda zyýan ýetirmek hem-de söweşjeň gämilerimiziň hereketlerini goldamak üçin, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Harby-howa güýçleriniň söweşjeň dikuçarlary çagyrylýar. Olar şertli garşydaşyň dürli ýagdaýdaky hereketleriniň toparlanyşygyna, söweşjeň gämilerine we möhüm nyşanalaryna netijeli urgyny amala aşyrmak maksady bilen hüjüm edýärler.

Bellenen wagtda biziň söweşjeň dikuçarlarymyz şertli garşydaşyň esasy desgalaryna, howa hüjüminden goranyş we radio-tehniki serişdelerine hem-de gämi ugry toparlaryna garşy raketa-bomba urgylaryny geçirýärler. Okgunly howa hüjüminiň geçirilmegi netijesinde, deňiz giňişliginde hereket edýän söweşjeň gämiler uly ýitgä sezewar bolup, kenarýaka çäkden yza çekilmäge mejbur bolýarlar.

Ýöne goranyşyň sag ganatynda şertli garşydaşa goranyşy böwüsmek hem-de kenara aralaşmak başardýar. Söweş hereketleriniň bu tapgyrynda Ýaragly Güýçleriniň, Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk we Içeri işler ministrlikleriniň ýörite maksatly toparlary şertli garşydaşyň deňiz desanty bilen söweş alyp barýarlar.

Şertli garşydaşyň desant düşüriji serişdelerini we suwa düşürilen desantlaryny ýok etmek maksady bilen, çalt hereket edýän motorly gaýyk söweşjeň ýüzüjiler toparyny deňze düşürýär. Olar ýapyk görnüşli dem alyş enjamynda suwasty çekijiniň kömegi bilen deňziň çuňlugynda dürs ugur kesgitlemek arkaly herekede başlaýarlar. Söweşjeň ýüzüjiler suwuň aşagy bilen tiz hereket edip, şertli garşydaşyň desanty bilen söweş hereketlerini alyp barýarlar hem-de olary ýok edýärler. Şertli garşydaş goranýan goşunlaryň erjel garşylygyna sezewar bolup, uly ýitgileri çekýär hem-de yza çekilmäge, desant düzümlerini gyssagly çykarmaga başlaýar.

Goranyş hereketini alyp barýan goşunlarymyz ähli güýçler we serişdeler bilen deňiz desantyny kenarda ýok etmek maksady bilen şertli garşydaşyň toparyny gabawa alýarlar.

Ýöne şertli garşydaşyň toparyna gabawy böwüsmek başardýar we olar kenardaky önümçilik desgasyny eýeleýärler hem-de desganyň işgärlerini girewine alýarlar. Şunlukda, biziň goşunlarymyzyň öňünde girewine alnanlary halas etmek we şertli garşydaşy ýok etmek wezipesi goýulýar.

Iki sany söweşjeň dikuçar önümçilik desgasynyň ýokarsyna gelip, olaryň biri girewine alnanlary penalaýar, beýlekisi bolsa garşydaşa ot açyp başlaýar. Şol bir wagtda desga ýerüsti hüjüm başlanýar, bu ýerde girewine alnanlaryň käbirini alyp gaçmak başardýar. Şu pursatda dürli goşun bölümleriniň bilelikdäki hereketi bilen şertli garşydaşyň gaçyp barýan toparynyň awtobusy ýolda saklanylyp, girewine alnanlar azat edilýär we şertli garşydaşlar tussag astyna alynýar. Içeri işler ministrliginiň, Milli howpsuzlyk ministrliginiň aýratyn maksatly düzümleriniň sazlaşykly hereketi netijesinde önümçilik desgasynyň içindäki girewine alnanlar hem azat edilýär we şertli garşydaşlar ele salynýar. Netijede, şertli garşydaş ýeňlişe sezewar edilýär we söweş hereketleri tamamlanýar.

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň goşunlarynyň dürli kysymlarynyň we Döwlet serhet gullugynyň güýçleriniň we serişdeleriniň ylalaşylan hereketleri netijesinde şertli garşydaş doly ýok edilip, görkezme söweşjeň taktiki tälimiň öňünde goýlan maksada üstünlikli amal edilýär.

Ýurdumyzyň parahatçylygyny we howpsuzlygyny, halkyň abadan we döredijilikli durmuşyny üpjün etmek Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasyna laýyklykda, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň söweşjeň taýýarlygyny ýokarlandyrmak, ony döwrebap ýöriteleşdirilen tehnikalar bilen üpjün etmek, şeýle hem harby gullukçylar üçin zerur bolan gulluk we durmuş şertlerini döretmek boýunça toplumlaýyn çäreler görülýär.

Şol maksatlarda döwlet Baştutanymyzyň başyny başlan, Milli goşunymyzyň we beýleki degişli düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagyna, bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolmagyna gönükdirilen harby özgertmeleri üstünlikli amala aşyrylýar.

Ýaragly Güýçleriniň beýleki ähli goşun düzümleri bilen bir hatarda Türkmenistanyň Harby-deňiz güýçleri öz öňlerinde goýlan wezipäniň hötdesinden abraý bilen gelýärler. Olar umumy uzynlygy 600 kilometre barabar bolan ýurdumyzyň deňiz çäkleriniň howpsuzlygynyň we bitewiliginiň goragynda eserdeň durýarlar.

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň kuwwatynyň we türkmen harby gullukçylarynyň söweşjeň ussatlygynyň özboluşly gözden geçirilişine öwrülen «Hazar—2016» atly görkezme söweşjeň-taktiki tälimiň üstünlikli geçirilmegi bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolýandygyny alamatlandyrdy.

Harby tälimiň ahyrynda oňa gatnaşan harby gullukçylar eziz Watanymyza, hormatly Prezidentimize we halkymyza ak ýürekden gulluk etjekdikleri barada kasam etdiler.