Şu ýyl Döwlet serhet gullugyna 24 ýyl dolýar. Bu şanly sene mynasybetli “Gazojak” serhet düzüminiň binalar toplumynyň açylyşy boldy. Serhetçiler şäherçesiniň toplumynyň düzümine dolandyryş binasy, ýatakhanalar, awtoduralga, ammarlar, beýleki tehniki we okuw-türgenleşik ähmiýetli jaýlar, şeýle hem serkerdeleriň-serhetçileriň maşgalalarynyň ýüz töweregine niýetlenen köp gatly ýaşaýyş jaýy girýär.
Milletiň baştutanynyň başlangyjy bilen Döwlet serhet gullugynyň infrastrukturasynyň durkuny täzelemek boýunça köp sanly desgalar, şol sanda biziň ýurdumyzyň dürli künjeklerinde serhet galalarynyň birnäçesi, şeýle hem ýaşaýyş jaý we gulluk toplumlary ulanmaga berildi. Mundan iki ýyl ozal döwlet gullugynyň merkezi dolandyryş diwany täze bina gözüp bardy. Bu köp ugurly binanyň häzirki zaman tehnikalary we ýörite enjamlar bilen üpjün edilmegi döwlet gullugynynyň strukturasyny we serhet goragyny tiz dolandyrmaga mümkinçilik berýär.
Serhetde gullukçylaryň hünär taýýarlygyna aýratyn üns berilýär. Türkmenistanyň Döwlet serhet institutynda harby işgärler we edaralaryň düzüminde işlemek üçin hünärmenler taýýarlanylýar, diňleýjileri kabul etmek bolsa, belli möhletli harby gullugyny serhetde göreldeli tamamlanlaryndan soňra, komandirleriň teklipnamasy esasynda alnyp barylýar. Serhetçileriň hereket edýän serkerdeler düzümi wagtal-wagtal dürli ugurlar boýunça, şol sanda daşary ýurtlarda hem, - Russiýa Federasiýasynyň Federal serhet gullugynyň Serhet akademiýasynda täzeden hünär kämilligini geçip durýarlar. Serhet goşunlarynyň komandirleri esgerleri hemmetaraplaýyn gulluga taýýarlamak bilen, esgerlik ýoldaşlygyna uly sarpa goýýan, gullugyň inçe taraplaryny gowy öwrenýän, häzirki zaman harby tehnikalaryny dolandyryp bilýän esgerleri taýýarlamakda dünýä tejribelerini ulanýarlar.
- Türkmenistanyň serhet goşunlary ýeterlik derejede okadylýar, Türkmenistanyň Döwlet serhediniň ygtybarly goragyny, onuň raýatlarynyň asuda durmuşyny üpjün etmek üçin gerek bolan zatlaryň hemmesi taýýarlandy we üpjün edildi. Biziň Watanymyzyň çäkleri – mukaddesdir, serhet goşunlarynyň şahsy düzümi bolsa, gazanylan garaşsyzlygy ygtybarly goramaga taýýar. Serkerdeler-serhetçiler belli möhletli gulluk edýän harby gullukçylaryň şahsy düzümi bilen syýasy okuwlar we tematiki gürrüňdeşlikleri geçirýärler, diýip, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň Merkezi diwanynyň maýory Maksat Atabalow gürrüň berýär. – Watansöýüjilik işlerine ýaşulylar we jemgyýetçilik guramalaryny wekilleri uly ýardam berýärler. Aýdym-saz toparlary serhetçileriňkide myhmançylykda bolýarlar.
Serhetçiler gullugy gije-gündizleýin alyp barýarlar, şonuň üçin hem serhet galalarynyň komandirleri diňe bir doly bahaly dynç alyşy döretmäge çalyşman, eýsem gyzykly medeni dynç alyşy hem guramaga çalyşýarlar. Serhet galalarynda kitaphanalar bar, täze neşir önümleri yzygiderli gelip durýar, gün tertibinde täzelikleri we medeni-bilim maksatnamalary bilen tanyşmak üçin ýörite wagt bölünip berildi.
Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň düzüminde – gulluk itleri we atçylyk bar. Bu çydamly we wepadar jandarlar haçan-da barmasy kyn bolan ýerlerine gözegçilik etmeli bolanda, şeýle hem hojalyk zerurlyklarynda öňden bäri üstünlikli ulanylyp gelýär.
Gulluk itleri we atlar serhet birikmeleriniň malhanalarynda weterinarlaryň gözegçiliginde idedilýär we tälim berilýär. Gullugy alyp barmakda serhetçileriň ýakyn kömekçileri çalt-gözleg işlerini alyp barmak, ýaraglary, neşe serişdelerini we partlaýjy maddalary ýüze çykarmak boýunça geçirilýän milli we daşary ýurt bäsleşiklerinde gowy netijeleri görkezýärler. Serhetçileriň gününiň öňisyrasynda döwlet gullugyny malhanalarynyň birniň binýadynda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň kinologlarynyň gatnaşmaklarynda gulluk itleriniň ýaryşy geçirildi. Serhetçileriň ýakyn kömekçileri ýaryşyň birnäçe görnüşi boýunça, şol sanda yz çalmak boýunça hem, iň gowy netijeleri görkezdi. Adaty däl “ýörite harby topary” türgenleşdirmek üçin ýörite tälim berilýän meýdançalar ulanylýar. Bu ýerde itlere gözleg we endik, päsgelçilikleri ýeňip geçmek boýunça tälim berilýär. Serhedi goramaga ahalteke bedewleri we beýleki tohumdan bolan atlar ýakyndan kömek berýärler.
Hünär baýramçylyklarynyň öň ýanyndan ýaryşlary geçirmek hukuk goraýjy edaralarynda däbe öwrüldi. Serhetçileriň gününiň öňisyrasynda woleýbol we dürli görnüşli ok atýan ýaraglara erk etmek, doly amunisiýaly päsgelçiliklerden geçmek, şeýle hem milli göreşiň düzgünleri boýunça “ýakyndan söweşi” alyp barmagy başarmak ýaly görnüşleri öz içine alýan harby üç görnüşli ýaryş boýunça birnäçe ýaryşlar geçirildi. Deňiz serhetçileri Hazar deňziniň kenary boýunça krossa, şeýle hem gaýykda ýekelikde küreklemek boýunça ýaryşa gatnaşdylar. Bu ýaryşlara Türkmenbaşy şäheriniň Harby-deňiz institutynyň talyplary, şeýle hem Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň harby gullukçylary goşulyşdylar.
Serhetçileriň günine bagyşlanyp dürli medeni-köpçülikleýin çäreler hem geçirildi. “Üç görnüşli” bäsleşikde Tagtabazaryň serhet galasynyň harby gullukçylary ýeňiş gazanmagy başardylar.
Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň işi “Ygtybarly serhet – güýçli döwlet” atly žurnalda beýan edilýär. Onuň sahypalarynda serhet gullugynyň gurluşynda bolup geçýän özgertmeler barada çap etmeler, serhetçileriň gündelik durmuşy barada reportažlar, harby-taryhy tema boýunça edebi eserler çap edilýär. Žurnalyň habarçylary – serhetçileriňkide ýygy-ýygydan myhmançylykda bolýarlar. “Altyn asyr” teleýaýlymynda “Doganlyk we dostluk serhedi” atly gepleşik hepdede iki sapar ýaýlyma berilýär, radioýaýlymlar öz gepleşiklerinde serhetçileriň gündelik durmuşy barada gürrüň berýärler.