Ï Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň işiniň ýene bir ugry- ýolbaşçy işgärleri taýýarlamak
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň işiniň ýene bir ugry- ýolbaşçy işgärleri taýýarlamak

view-icon 735
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Merkezi Geňeşiniň meýilnamasy esasynda guramanyň etrap, şäher, welaýat geňeşleriniň işgärleri üçin okuw sapagy geçirildi. Dört günüň dowamynda guramanyň segsen sany hünärmeni işgärler bilen, resminamalar bilen işlemegi we ilkinji guramalar bilen we ýokary guramalar bilen işleşmegiň ugurlary bilen tanyşdylar. Okuw sapagynda guramaçylyk bölümleriniň işgärleri ýaşlary terbiýelemegiň ahlak, ýokary ruhly we sagdyn bedenli terbiýelemegiň meseleleri boýunça bilimlerini ýokarlandyrdylar we ýaşlary sagdyn durmuş ýörelgelerine, döredijilik we ylyma çekmeklik boýunça ýerine ýetirilmeli işler barada hem durup geçdiler.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Merkezi geňeşiniň orunbasary Suleýman Durdyýewiň aýtmagyna görä, bu okuw maslahatynyň esasy maksady- ýaşlar guramasynyň ýolbaşçy işgärleriniň häzirki zaman bilimli we ideýalaryň başyny başlaýjylyk ukyby bolan we döredijilik çözgütleri kabul edip bilýän ýaşlar edip taýýarlamakdan ybaratdyr. Häzirki döwür başarjaň ýaşlaryň döwri. Olaryň öňünde duran uly möçberli meseleler barada Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti şu ýylyň aprel aýynda geçirilen Ýaşlar maslahatynda aýdyp geçdi.

Okuw maslahatynyň dowamynda gatnaşyjylar şahsy ösüş, ýurdumyzyň syýasy – jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmak we gumanitar hyzmatdaşlygyň möhüm guraly bolan ýaşlar diplomatiýasy boýunça maslahatlary aldylar we bu meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Okuw maslahatynyň çäklerinde futbol we woleýbol boýunça ýaryşlar , döredijilik bäsleşikler geçirildi. Futbol ýaryşynda birinji orny Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Merkezi Geňeşi, woleýbol ýaryşynda 1-nji orna Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Daşoguz welaýat geňeşiniň işgärleri eýelediler. Döredijilik bäsleşiginde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Daşoguz we Lebap welaýat geňeşiniň işgärleri baş baýragy paýlaşdylar.