Ï Ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyny demokratiýalaşdyrmagyň ýoly bilen
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyny demokratiýalaşdyrmagyň ýoly bilen

view-icon 1081
21-nji awgustda ýurdumyzda möhüm jemgyýetçilik-syýasy waka bolan Mejlisiň deputatlygyna, Halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalygyna ozal çykyp gidenleriň ornuna saýlawlar geçiriler.

Mejlisiň Кarary esasynda bellenilen saýlawlar gününde ýurdumyzyň ähli raýatlary öz кonstitusion hukuklary esasynda has mynasyp we halkyň abraýly wekillerine, watandaşlarymyzyň hormatyna we ynamyna mynasyp bolanlara ses bermek üçin saýlaw uçastoklaryna gelerler. 20-nji awgustda saýlawlaryň öňüsyrasyndaky wagyz işleri tamamlanýar.

Tutuş Türkmenistan boýunça Mejlisiň deputaty, Halk maslahatlarynyň 34, Geňeşleriň 122 agzalary saýlanar. Şunuň bilen baglylykda 163 okrug we 359 saýlaw uçastoklary hereket edýär.

Şol gün ýurdumyzyň uçastok saýlaw toparlary ir sagat 7-den giçlik 19-a çenli işlär. Saýlawlaryň esasy gününe çenli bolan 10 günüň dowamynda şol gün haýsydyr bir sebäp bilen ýaşaýan ýerinde bolup bilmedik Türkmenistanyň raýatlaryna saýlaw uçastoklaryna gelip, möhletinden öň ses bermek hukugy berildi.

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparda habar berlişi ýaly, saýlaw uçastoklary ses bermäge doly taýýar edildi.

Her saýlaw okrugy boýunça halk ynamyna mynasyp bolmak üçin birnäçe dalaşgärler çykyş edýärler. Munuň özi saýlawlaryň giň bäsdeşlik esasynda geçirilýändigini alamatlandyrýar. Dalaşgärler Demokratik partiýa, Senagatçylar we telekeçiler partiýasy, Agrar partiýa, jemgyýetçilik guramalary tarapyndan hödürlendi. Şeýle hem saýlaw okruglarynyň çäginde ýerleşýän saýlawçylaryň umumy ýygnagynda birnäçe dalaşgärler raýatlar tarapyndan teklip edildi.

Saýlawlaryň öňüsyrasynda geçirilen saýlawçylaryň ýygnaklaryna gatnaşanlaryň belleýişleri ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuş ulgamyny nazarlaýan oňyn syýasaty netijesinde Türkmenistanda ýurdumyzyň jemgyýetçilik, syýasy durmuşyny demokratiýalaşdyrmak, raýat jemgyýetçilik edaralaryny kemala getirmek, syýasy ulgamy häzirki zaman talaplaryna laýyk derejede kämilleşdirmek boýunça ägirt uly işler alnyp barylýar. Şu maksat bilen “Syýasy partiýalar hakyndaky” Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Munuň özi raýatlarymyzyň kepillendirilen syýasy hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny äşgär edýär.

Häzirki döwürde ýurdumyzda üç syýasy partiýa hereket edýär. Olar saýlawlaryň giň demokratik esasda geçirilmegine mynasyp goşant goşýarlar. Türkmenistanyň Mejlisiniň düzüminde syýasy partiýalaryň üçüsiniň hem wekilleri bar. Bu bolsa ýurdumyzyň syýasy partiýalarynyň özara gatnaşyklarynyň netijeli tejribe toplamagynda milli parlamentiň ähmiýetini artdyrýar.

Saýlawlaryň öňüsyrasynda geçirilen işleriň ähli tapgyrlarynyň çäklerinde her bir dalaşgär saýlawçylary bilen duşuşyklary guramaga mümkinçilik aldy. Türkmenistanyň hereket edýän kanunçylygynyň talaplaryna laýyk gelýän we halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalary esasyndaky duşuşyklar bellenilen möhletlerde geçirildi.

Ähli okruglarda we saýlaw uçastoklarynda ýekşenbe güni geçiriljek ses bermek işine ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy guramalarynyň wekillerinden düzülen milli synçylar topary gözegçiligi amala aşyrar.

Saýlaw işiniň ähli tapgyrlarynyň barşyna gözegçiligi amala aşyran milli synçylaryň maglumatlaryna görä, saýlawlaryň öňüsyrasyndaky möwsüm saýlawçylary özleriniň maksatnamalary bilen tanyşdyrmak üçin deň mümkinçilikleri bolan dalaşgärleriň bäsdeşlik çäreleri berk gözegçilikde saklandy.

21-nji awgustda saýlaw uçastoklaryna mynasyp gören dalaşgärlerine ses bermek üçin geljek ýurdumyzyň raýatlary özleriniň saýlan deputatlarynyň milli Liderimiziň başlangyjy bilen öňe sürlen we mähriban Watanymyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmegine gönükdirilen giň möçberli maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine mynasyp goşant goşjakdyklaryna ynanýarlar. Munuň özi jemgyýeti yzygiderli demokratiýalaşdyrmak, ýerli häkimiýet guramalarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň işini kämilleşdirmek boýunça zerur işleriň alnyp barylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.