Ï Awazanyň birinji derejeli myhmanhanalary we çagalar sagaldyş merkezleri ýurdumyzyň dürli künjeklerinden we daşary ýurtlardan gelýän myhmanlarynyň arasynda barha uly meşhurlyga eýe bolýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Awazanyň birinji derejeli myhmanhanalary we çagalar sagaldyş merkezleri ýurdumyzyň dürli künjeklerinden we daşary ýurtlardan gelýän myhmanlarynyň arasynda barha uly meşhurlyga eýe bolýar

view-icon 1275
Halkara deňiz şypahanasy Hazar deňziniň ekologiýa taýdan arassa kenarynda ajaýyp dynç alyşy we köp sanly gyzykly, sport we medeni maksatnamalary teklip edýär. Olaryň hemmeler üçin dürli-dürli we elýeterli bolmaklary üçin “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagynyň üsti her ýylda owadan binalar toplumlary bilen üsti ýetirilýär.

Ýaňy-ýakynda abadanlaşdyrylan çäkleri, ýelken, per we küreklenýän kiçi göwrümli gaýyklara hyzmat edýän binany, suwa düşülýän kenar gurluşlaryny, sport meýdançalaryny, dynç alyş merkezlerini, windsýorfing mekdebini we kottej şäherçesini öz içine alýan 160 müň inedördül metr meýdany tutýan täze iň häzirki zaman “Tolkun” ýaht-kluby açyldy. Deňiz şypahanasynyň iň köp sanly orunly we iň beýik binasy boljak bäş ýyldyzly “Gämi” myhmanhanasynyň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Onuň beýikligi nol nokatdan çür depesine çenli 89,8 metr bolar, ini bolsa “gämini korpusy” ýaly, 118 metr bolar. Bu ajaýyp binany “Türkmennebitgazgurluşyk” Döwlet konserniniň buýurmasy boýunça “Daşoguznebitgazgurluşyk” edarasy gurýar.

Täze myhmanhananyň gurluşyk meýdany stapelinde suwa göýbermäge taýýarlanan ak gar ýaly gämi duran gämigurluşyk zawodyny ýadyňa salýar. Aýnadan we betondan taýýarlanan gämi edil umman gämisi ýaly görünýär – süri, aýlawly, baýdakly, 13 gatly binanyň beýikligine barabar görnüşde örän takyk ýasalypdyr. Bu arhitektura binany illýuminatorlar we dört sany: binanyň her gapdal tarapynda bir sany, mundan hem başga binanyň – “gäminiň” burnunda girilýän portal bezeýär.

Merkezi alleýadan çägeli kenara çenli pyýadalar üçin niýetlenen oňaýly ýoda çekilipdir. Port desgasynyň daňylýan bölegi labyr görnüşinde ýasalypdyr. Gurnaýjylar ýeňil modullardan “Ýaht-daňylýan” restoranyny ýygnaýarlar. Bu ýerden deňziň, “Tolkun” ýaht-klubynyň we ajaýyp myhmanhanaly kenar dynç alşynyň owadan görnüşi açylýar.

Ýokary derejeli “Gämi” myhmanhanasynyň gurluşyk meýdançasynda gämi-myhmanhanasyny mramor bilen örtmek işleri tamamlanyp barýar. Onuň içinde bezeg işleri alnyp barylýar, her bir geçen gün bu owadan desganyň dabaraly açylşyna ýakynlaşdyrýar.

Deňiz şypahanasynyň beýleki bir iri desgasy ýedi binadan ybarat bolan köp ugurly sport desgasy bolup durýar. Onuň gurluşygyny Türkmenistanyň Senagat ministrliginiň buýurmasy esasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy “Myradym” HK ýerine ýetirýär.

Meýdany 283 inedördül metr bolna gurluşyk meýdany ony bäş sany deň bölege bölýän radial shemasy boýunça ýarym aýlaw şekilinde gurulýar. Barlag-geçiriş nokadyndan başlanýan ok çyzygynda dolandyryş binasy, 150 adamlyk mejlisler zaly we 200 orunlyk naharhana biri-biriniň yzyndan gurulýar.

Olardan sagda we çepde sagadyň dili boýunça sport toplumynyň has iri binalary: suwda ýüzmek merkezi, 2000 orunlyk sportuň başa-baş we köp ugurly görnüşleriniň sport zaly gurulýar. Funksional desgalary özleriniň owadan binalyk görnüşleri we sport innowasiýalar infrastrukturasy bilen haýran galdyrýar.

Türkmenistanyň günbatarynda gurulýan iri sport desgalarynyň gurluşygy Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň hemişe ünsünde durýar. Döwlet baştutanynyň maý aýynda Balkan welaýatyna bolan iş saparynyň dowamynda bu ýere gelmek bilen, bu desganyň sagdyn durmuş ýörelgesini berkitmekde we adamlary, esasan hem ýaşlary, bedenterbiýä we sport çekmekde uly ähmiýetiniň bardygyny belledi. Awazada gurulýan häzirki zaman sport toplumy diňe bir ýokary derejelerdäki bäsleşikleriň geçirilýän ýeri bolmak bilen çäklenmän, eýsem türkmen atletleri üçin okuw-türgenleşik merkezi, ýurdumyzyň türgenleri we milli toparlary üçin dünýä, Aziýa çempinonatlaryna we Olimpiýa oýunlaryna taýýarlyk görmek üçin gowy baza hem bolmalydyr diýip, Hormatly Prezidentimiz belledi.

Awazanyň gurluşyklarynyň arasynda deňiz şypahanasynyň “Awaza akwa park” iri göwrümli taslamanyň çäklerinde gurulýan amfiteatr özüniň ulylygy bilen tapawutlanýar. Onuň taslamasyny “Türkmennebitgazgurluşyk” Döwlet konserni amala aşyrýar.

Ak gar ýaly çadyr bilen örtülen amfiteatr türkmeniň alty ganatly ak öýüniň görnüşinde ýerine ýetirilipdir. 1650 orunlyk owadan iki gatly bina dört müň inedördül metrden gowrak ýeri eýeleýär. Onda köpçülikleýin medeni-tomaşa çärelerini we wekilçilikli ýygnaklary geçirmek üçin ähli şertler döredilýär.

Amfiteatr şunuň ýaly desgalaryň diňe üçden biridir. Ony köp ugurly “Awaza akwa park” suw-dynç alyş toplumynyň gurluşygy üçin bölünip berlen otuz gektarynyň çäklerinde gurýarlar. Onuň on iki gektary suw attraksionlaryna we olara ugurdaş infrastruktura bölünip berildi. Onuň galan bölegi abadanlaşdyrylýan suw çüwdürimli zolaga, alleýalara, tomusky telärlere, seýilbag skulpturalara, gül ekilýän ýerlere we kömekçi tehniki desgalara bölünip berildi. Attraksionlaryň ählisi hem owadan. Olaryň her biri aýratynlykda taryplamaga mynasyp. “Awaza akwa park” ajaýyp täze gurluşygynyň iň owadan desgalarynyň birnäçesinde durup geçeliň.

Umumy tutýan meýdany ýigrimi müň inedördül metr bolan gurluşygy alnyp barylýan “Okeanarium” attraksionynda özünde deňiz faunasynyň we florasy üçin ýedi müň kub suwy ýerleşdirýän aýratyn berk aýnadan ýasalan uly göwrümli gaby gurnamaga taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Ony synlamaga gelenler deňizleriň we okeanlaryň ýaşaýjylarynyň durmuşy bilen tanşyp bilerler.

Okeanariumyň ýakynynda gurulýan iki sany emeli köl. Olaryň biri sekiz metrlik şaglawukly bolup, - ol balyk tutujylar we ýaş akwalangçylar üçin niýetlenendir; beýlekisi has çuň bolup, örän çuňluklarda ýüzmegi halaýan tejribeli daýwerler üçin niýetlenendir. Okeanriýanyň ýanynda daýwerleri taýýarlaýan Merkezi Aziýada ilkinji daýwing mekdebi açylar.

Häzirki wagtda gurluşygy alnyp barylýan “Ekwator” we “Aýsberg” dynç alyş attraksionlary kim başdan geçirmeleri, syýahatçylygy, tebigaty öwreniş, geografiýa we biologiýa bilen meşgullanmagy halaýan bolsa, olaryň ählisi üçin gyzykly bolar.

“Ekwator” belent üçekli diametri 55 metr bolan tegelek binanyň öňünde aýna gümmeze dyrmaşyp barýan 17 metrlik King-Konguň şekili oturdylar. Binanyň içinde tropikleriň mikroklimaty dörediler, junglýa meňzedilen botanika bagy ýerleşer.

“Aýsberg” attraksionyň içinde bolsa beýikligi 24 metr bolan buz görnüşindäki köl ýerleşer. Ol ýerde pingiwinler, düwlenler we polýar töweregindäki beýleki jandarlar ýerleşer. “Aýsbergde” gar ýagar, gar syrgyny dörediler. Bu ýere gelýänleri şadyýan ak aýy garşy alar, ýörite ýyly eşigi geýmegi teklip ederler.

“Gala”, “Hazar deňzi” we “Türkmenistanyň kartasy” attraksionlary hemmeleri gyzyklandyrar. Taýýarlygy dürli ýagdaýlarda bolan attraksionlaryň arasynda: “Ýapon bagy”, “Howa zolaklary”, “Awtotrek”, akýan derýaly “Rafting”, 3D kinoteatry bar. Ýöne “Awaza akwa parkyň” esasy özeni – iki sany mähnet akwaparkdyr. Olar dynç almagyň hakyky mekanydyr. Olaryň gurluşygynda dynç alyşyň we syýahatçylygyň iň häzirki zaman öňdebaryjy tehnologiýalary we dünýäniň iň gowy önüm öndürijileriniň enjamlary ulanyldy.

Taslama boýunça ýapyk akwaparkda häzirki zaman suw tomaşalarynyň, gyzykly we medeni-dynç alyş attraksionlarynyň hemmesi diýen ýaly görkeziler. Bu ýerde ajaýyp ýüzüş howuzlarynyň altysyny, şol sanda olimpiýa hem, gurýarlar. Olarda islendik derejedäki ýaryşlary gurap bolar.

“Awaza akwa park” açyk suw-dynç alyş akwapark toplumy açyk asmanyň astynda alty gektar meýdanda ýerleşýär. Ol ululygy we dürli görnüşli iri göwrümli desgasynyň täze gurluşygy bolar. Bu bärde jungliýanyň gekjekki jeňňelçiliginiň emeli derýalary çekilýär, şaglawuklar, köller, kanýonlar, karst gowakly wulkan daglary gurulýar. Olar ekskursantlara işjeň ulanmaga berler. Ýene-de az wagtdan “Awaza akwa parky” bu ýere gelýänlere garaşylmadyk sowgatlary paýlar we olarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrar.