Ï Türgenleşigiň maksady — adatdan daşary ýagdaýlaryň zyýanyny aradan aýyrmak
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türgenleşigiň maksady — adatdan daşary ýagdaýlaryň zyýanyny aradan aýyrmak

view-icon 1286
Awgust aýynyň 27-sinden 28-ine geçilýän gijede Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Baş raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirliginiň, Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň binýadynda döredilen raýat goranyşynyň we adatdan daşary ýagdaýlaryň gulluklarynyň, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň we beýleki goşunlarynyň gatnaşmaklarynda adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk boýunça tälim beriş türgenleşigi geçirildi. Munuň özi ýurdumyzyň ilatyny we çäklerini adatdan daşary ýagdaýlaryň zyýanly netijelerinden gorap saklamak boýunça halas ediş gulluklarynyň dessine hereket etmäge taýýarlygyny barlamak, olaryň hünär ussatlyklaryny has-da ýokarlandyrmak maksady bilen guraldy.

Şeýlelikde, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary paýtagtymyzdaky adatdan daşary ýagdaýlary dolandyryş merkezinde wideoşekilli göni aragatnaşyk arkaly Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň adatdan daşary ýagdaýlar baradaky toparlarynyň ýolbaşçylarynyň degişli düzümleriň tälim beriş türgenleşik işlerine taýýarlygy baradaky hasabatlaryny kabul etdiler we tälim beriş türgenleşige girişilýändigini yglan etdiler.

Bu ýerde Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça dolandyryş merkeziniň ýolbaşçysy tälim beriş türgenleşiginiň maksadyny beýan etdi. Şeýle hem bu ýerde tälime gatnaşýanlar güýçleriň we serişdeleriň hereketlerine gözegçilik etmek üçin dolandyryş ulgamy ýaýbaňlandyryldy. Şol bir wagtda welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerinde welaýatlaryň adatdan daşary ýagdaýlar baradaky toparynyň agzalary Döwlet topary tarapyndan berlen tabşyryklary aldylar.

Tälim beriş türgenleşiginiň maksadyna laýyklykda, gije ýarymdan agansoň Türkmenistanyň şertli ilatly ýerinde şertli tebigy hadysa bolup geçýär. Adatdan daşary ýagdaýlar ýüze çykanda onuň zyýanly netijelerini aradan aýyrmak boýunça Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Baş raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirliginiň, Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň binýadynda döredilen raýat goranyşynyň we adatdan daşary ýagdaýlaryň gulluklarynyň, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň we beýleki goşunlarynyň özara sazlaşykly hereketi guralýar.

Şertli hadysa ýüze çykan dessine Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň garamagyndaky edaralaryň binýadynda döredilen raýat goranyşynyň we adatdan daşary ýagdaýlaryň Aragatnaşyk we habar beriş gullugynyň üsti bilen Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň adatdan daşary ýagdaýlar baradaky toparlarynyň agzalaryna habar berlip, olar howsala boýunça aýaga galdyryldy.

Şol bir wagtda Seýismologiýa we atmosferanyň fizikasy institutyndan şertli tebigy hadysanyň umumy häsiýeti boýunça degişli maglumatlar alyndy. Şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň nobatçysyndan ýurdumyzyň serhet ýakalarynda ýerleşýän ilatly nokatlaryň ýagdaýy, döwlet serhediniň asudalygy barada maglumatlar alyndy.

Şertli tebigy hadysanyň esasy ojagynda binalaryň bölekleýin ýumrulan ýerleriniň we käbir ejir çeken adamlaryň bardygy barada raýatlar tarapyndan dürli aragatnaşyk ýollary bilen Baş müdirligiň Operatiw nobatçy gullugyna habar berilýär.

Ýurdumyzyň Goranmak ministrliginiň Baş raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirliginiň Aýratyn maksatly awiasiýa halas ediş toparynyň nobatçy dikuçary, Aşgabat şäher we Ahal welaýat raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirlikleriniň söweşjeň nobatçylykda duran garawulynyň şahsy düzümi üç sany dikuçarda ilkinji halas ediş işlerini geçirmek üçin şertli hadysanyň dörän ýerine ugradyldy.

Milli howpsuzlyk ministrliginiň, Içeri işler ministrliginiň degişli gulluklary we ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň çäkleýin goranyş goşunlary aýratyn wajyp desgalaryň, şol sanda merkezi we ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet edaralarynyň, aragatnaşyk we habar beriş edaralaryň, arhiwleriň, bank we beýleki degişli edaralaryň goragyny güýçlendirmek boýunça wezipeleri ýerine ýetirmäge girişdiler.

Goranmak ministrliginiň Baş raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirliginiň, onuň ýurdumyzyň welaýatlaryndaky we Aşgabat şäherindäki düzüm bölünmeleriniň ähli şahsy düzümi gulluk ýerlerine ýygnanyp, tehnikalar we serişdeler doly taýýarlyk ýagdaýyna getirildi.

Aşgabat şäheriniň we Ahal welaýatynyň halas ediş toparlarynyň, beýleki derhal halas ediş gulluklaryň, saglygy goraýyş edaralarynyň toparlary we olara degişli tehnikalar hadysanyň esasy bolup geçen şertli ilatly ýere tarap ilkinji lukmançylyk kömegini bermek, aňtaw we gözleg-halas ediş işlerini geçirmek üçin ugradyldy.

Aýratyn maksatly awiasiýa halas ediş toparynyň dikuçarynda geçirilen ilkinji aňtaw uçuşynda alnan maglumatlar Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça dolandyryş merkezine dessine berlip, olar seljerildi.

Şertli tebigy hadysanyň netijesinde köne görnüşli ýaşaýyş jaýlaryna we jemgyýetçilik binalaryna mese-mälim zyýan ýetendigi, olaryň birnäçesiniň ýykylandygy, beýleki desgalaryň diwarlarynda bolsa uly jaýryklaryň peýda bolandygy we olaryň islendik wagtda ýumrulmagynyň mümkindigi anyklanylýar.

Bellenen wagtda çözgüt kabul edilip, welaýatlaryň raýat goranyşynyň we adatdan daşary ýagdaýlaryň gulluklarynyň güýçleri we serişdeleri, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň we beýleki goşunlarynyň şahsy düzümi söweşjeň taýýarlyga getirilip, olar şertli hadysanyň ýetiren zyýanly netijelerini aradan aýyrmak üçin şertli ilatly nokadyna tarap ugur aldylar.

Şertli tebigy hadysasynyň netijesinde demir ýol menzilindäki howply himiki maddany daşaýan otla zeper ýetip, zyýanly zäherli maddalar howa ýaýraýar. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Himiýa goşunlarynyň şahsy düzümi ýörite eginbaşda degişli enjamlaryň kömegi bilen hadysanyň bolan ýerinde zyýansyzlandyryş işlerini geçirip, onuň howa ýaýramagynyň öňüni alýarlar.

Şertli hadysanyň netijesinde ejir çeken raýatlara lukmana çenli we ilkinji lukmançylyk kömeginiň berilmegini, ilkinji gözleg-halas ediş işlerini geçirmekligi tizleşdirmek üçin welaýatlaryň saglygy goraýyş edaralarynyň hem-de beýleki derhal halas ediş toparlarynyň şahsy düzümi ilkinji uçarlar bilen Aşgabat şäheriniň howa menziline tarap uçýarlar.

Şol pursatda Aşgabat şäheriniň we Ahal welaýatynyň halas ediş toparlarynyň, beýleki derhal halas ediş gulluklaryň, saglygy goraýyş edaralarynyň toparlary we olara degişli tehnikalar hadysanyň esasy bolup geçen şertli ilatly nokadynda ilkinji zerur hereketleri ýerine ýetirmeklige girişdiler. Şertli tebigy hadysanyň netijesinde ilatly nokatdaky köprüler berbat bolýar. Şonuň üçin tälim beriş türgenleşiginiň barşynda Inžener goşunlarynyň şahsy düzümi ilatly nokatdaky ýaşaýjylary howpsuz zolaga göçürmek üçin agyr mehanizmleşdirilen köprüleri gurnamak ýaly wezipeleri ýerine ýetirdiler.

Welaýatlaryň raýat goranyşynyň we adatdan daşary ýagdaýlaryň gulluklarynyň güýçleriniň we serişdeleriň ilkinji tapgyrlary hadysanyň esasy bolan ýerine awtomobil, demir ýoly arkaly barmak üçin ýygnanyşyk nokatlaryna jemlenýärler.

Şol bir wagtda Türkmenistanyň Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça dolandyryş merkeziniň işini hadysanyň esasy bolup geçen ýerinde dowam etdirmek barada çözgüt kabul edilip, onuň agzalary Aşgabat şäherinden tebigy hadysanyň bolan ýerine gelýärler we ýüze çykan şertli tebigy hadysa boýunça degişli wezipeleri ýerine ýetirmäge girişýärler.

Häzirki wagtda şertli tebigy hadysanyň ýüze çykan ýerinde tälim beriş türgenleşigi dowam edýär…