Geljekki birinji synp okuwçylaryna – kärhanalaryň işgärleriniň çagalaryna – kärdeşler arkalaşygy komitetleri zerur bolan kanselýar önümleri we degişli zatly torbalary gowşurýarlar
Çagalar üçin mekdep durmuşynyň başy şatlykly waka bolmagy üçin “Aşgabatýylylyk” edarasynyň kärdeşler arkalaşygy geljekki birinji synp okuwçylary – kärhananyň işgärleriniň çagalarynyň 150-si üçin, “Tiz wagtdan mekdebe!” şygary bilen şagalaňly we ýatdan çykmajak baýramçylygy gurady.
“Aşgabatýylylyk” edarasynyň müdirliginiň dürli reňkli şarlar bilen bezelen maslahatlar zalynda çagalary söýgüli multfilmleriniň gahrymanlary garşyladylar. Çagalar olar bilen bilelikde “Bilimler dünýäsine” gyzykly gezelenji amala aşyrdylar. Çagalar oýunlara we gyzyklandyryjy wiktorinalara uly höwes bilen gatnaşdylar, “Kim torbany çalt doldurýar” bäsleşiginde uly joşgun bilen ýaryşdylar. Ýaş zehinliler enä bolan näzik we tolgundyryjy söýgüni “Meniň ejem – iň owadan eje” ady bilen geçirilen döredijilik bäsleşiginiň çäklerinde çeken suratlarynda beýan etdiler. “Tiz wagtdan mekdebe!” şygary bilen geçirilen baýramçylyk hemmelere uly şatlyk paýlap, örän ýakymly ýagdaýda geçdi.
“Aşgabatýylylyk” edarasynyň kärdeşler arkalaşygy guramasy çagalar bilen işleşmäge uly ähmiýet berýär. Her ýylda 1-nji iýunda, Çagalary goramagyň halkara gününde, kärdeşler arkalaşygy guramasy işgärleriň çagalaryny çagyryp, baýramçylyk guraýar. Täze ýyl baýramçylygyna erteki oýunlaryny we sowgatlary taýýarlaýar. Çagalaryň döredijilik ösüşine täsir edýän bäsleşikler geçirilýär. Çagalaryň sazlaşykly ösmekleri üçin olary gurşap alan mähirli garaýyşyň we aladanyň ýaş ýürekleri mähirden doldurýandygyna “Aşgabatýylylyk” edarasynyň kärdeşler arkalaşygy guramasynyň başlygy N.Gurbanmyradowanyň uly ynamy bar.