Ï Türkmen zyýaratçylary Mekgä we Medinä haj zyýaratyna ugradylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen zyýaratçylary Mekgä we Medinä haj zyýaratyna ugradylar

view-icon 775
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Buýrugyna laýyklykda guralan “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň ýörite uçary bilen türkmen zyýaratçylary Saud Arabystany Patyşalygyna ugradylar.

Musulmanlaryň esasy baýramlarynyň biri bolan Gurban baýramynyň öňüsyrasynda ýurdumyzyň ähli welaýatlaryna we paýtagtymyza wekilçilik edýän türkmenistanlylaryň 188-si bütin dünýäden bolan zyýaratçylaryň millionlarçasyna goşular. Olar şu sahawatly günlerde Mekgä we Medinä barýarlar.

Paýtagtymyzda din işgärleriniň, zyýaratçylaryň, şeýle hem pudak edaralarynyň birnäçesiniň wekilleriniň maslahaty boldy. Onda geljekki çäräniň käbir meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy we zyýaratçylaryň öňünde durýan wezipeler kesgitlendi.

Maslahata gatnaşyjylar Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz Bitarap Türkmenistanyň halkara giňişlikdäki abraýynyň barha ýokarlanýandygyny we pugtalanýandygyny bellediler. Gurban baýramy türkmen halkynyň agzybirligini we bitewüligini, onuň parahatçylyk we ynsanperwerlik ýörelgelerine eýeren edermen pederlerimizden miras galan milli ruhy gymmatlyklara we ýagşy dessurlara üýtgewsiz ygrarlydygyny alamatlandyrýar.

Haj parzyny berjaý etmäge gidýänleriň aýratyn belleýişleri ýaly, taryhy-medeni mirasyň aýrylmaz bölegi bolan milletiň gadymy däp-dessurlarynyň täzeden dikeldilmegi we saklanylmagy ýaş nesilleri türkmen halkynyň ruhy, ynsanperwerlik gymmatlyklarynyň ruhunda terbiýelenmeginde möhüm ähmiýeti bardyr. Şunuň bilen baglylykda, bu ýere ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa milletiň gadymy ruhy-medeni däpleriniň saklanylmagy we ösdürilmegi babatda edýän aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar. Haj parzyny ýerine ýetirmek üçin zerur şertleriň döredilýändigini bellemek bilen, olar bu ýörelgäniň häzirki döwrüň belent ruhunyň subutnamasydygyny nygtadylar.

Watandaşlarymyz mukaddes haj parzlaryny berjaý edýän pursatlarynda Beýik Biribardan mähriban halkymyzyň bagtyýarlygyny, Watanymyzyň abadançylygyny, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş saglygyny dileg edip, aýat-töwirler okarlar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ägirt uly özgertmelerini durmuşa geçirmekde türkmen halkyna üstünlik arzuw ederler.

Doga-dilegleriňiz Allanyň dergähinde kabul bolsun, hormatly watandaşlar!