Bu çäräniň öňisyrasynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde ýol hereketiniň howpsuzlygynyň meseleleri boýunça Pudagara utgaşdyryjy toparyň (EUT) mejlisi geçirildi.
Ýol-ulag hadysalarynyň trawmatizm we beýleki netijeleri ýurduň Prezidentiniň we hökümetiniň üns merkezinde durýar. Häzirki günlerde hemme ýerlerde häzirki zaman ýollary, ýerasty we ýerüsti geçelgeleriň gurluşygy alnyp barylýar, duýduryş berýän belgiler, swetoforlar we awtoulaglaryň tizligini kesgitlemek üçin şekilli hasaba alyş gurallary oturdylýar. Çagalar awtodromlary döredilýär. Olarda türkmenistanlylar kiçilikden başlap ýollarda özüňi alyp barmagyň usullaryny we endiklerini ele alýarlar. Mekdep okuwçylary üçin ýol hereketiniň howpsuzlygy boýunça ýörite sapaklar guralýar, ministrlikleriň we edaralaryň işgärleri üçin – ilkinji kömek kurslary, lukmançylyk hünärmenleri üçin bolsa – hünär kämilligi kurslary guralýar. Uly maglumat beriş-düşündiriş işleri geçirilýär. Edarara topary öňüni alyş çäreler toplumynyň utgaşdyryş işlerini amala aşyrýar.
Geçen ýylyň fewral aýynda “Türkmenistanda 2015-2017-nji ýyllarda ýol hereketini howpsuzlygyny üpjün etmek” Milli maksatnamasynyň we ony durmuşa geçirmegiň meýilnamasynyň kabul edilmegi bu ugurda möhüm ädim boldy.
Pudagara toparynyň mejlisiniň çäklerinde ýol hereketiniň howpsuzlygynyň bir aýlyk maksatnamasy hem pyýadalara, hem sürüjilere ýollarda özüňi alyp barmagyň düzgünlerini giňden wagyz etmäge gönükdirilendigi nygtaldy. Şu maksat bilen ýurduň okuw-terbiýeçilik edaralarynyň ählisinde, kärhanalarynda we guramalarynda ýol polisiýasynyň wekilleriniň we lukmanlaryň gatnaşmaklarynda düşündiriş okuwlary, “tegelek stollar”, tematiki duşuşyklar we beýleki aň-bilim çäreleri bolup geçdi. Şäheriň uly telemonitorlarynda durmuş mazamly tematiki şekiller görkeziler. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri we teleýaýlymlar bir aýlygyň çärelerini giňden beýan ederler. Ýol polisiýasynyň işgärleri ulaglaryň medeniýetli sürülmegi we ýol hereketine gatnaşyjylaryň ählisiniň ýol hereketiniň düzgünleriniň berjaý edilmegine gözegçiligi güýçlendirerler.