Aşgabatda, nebit-gaz toplumynyň binasynda «Nebit-Gaz» hepdelik gazetiniň ilkinji ýubileýine bagyşlanan dabara boldy, neşirTürkmenistanyň Prezidentiniň Karary esasynda döredilipdi. Gazetiň birinji sany 2011-nji ýylyň sentýabr aýynda çap edildi.
Türkmenistanyň nebit-gaz toplumynyň pudaklaýyn neşiri Türkmenistanyň energetika syýasatyny, ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny, üstünliklerini hem-de ýeten sepgitlerini giňişleýin we hemmetaraplaýyn beýan etmäge niýetlenipdi, ol nebit-gaz senagatynyň hünärmenleri üçin özara pikir we tejribe alyşmagy üçin maglumat serişdesi bolmalydy, okyjylary pudaklaýyn ylmyň, şeýle hem energetika babatda halkara hyzmatdaşlygynyň täzelikleri bilen tanyşdyrmalydy. Häzirki wagtda gazet diňe bir nebit-gaz toplumynyň täzelikleridir taslamalary däl, eýsem ýurtda we dünýäde bolup geçýän wakalar bilen hem tanyşdyrýar. Redaksiýanyň işgärleri her okyjy özüne gymmatly maglumat tapar ýaly onuň gyzykly we islegli bolmagyny gazanmaga çalyşýarlar.
Dabara döwlet konsernleriniň we korporasiýalarynyň ýolbarşylarydyr işgärleri, ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, şeýle hem neşiriň yglan eden bäsleşiginde ýeňiş gazanan has işjeň okujylary çagyryldy.
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan tematiki makalalarda ýurdumyzyň ykdysadyýetde, medeiýetde, döwletiň jemgyýetçilik durmuşynda we durmuş syýasatynda gazanan uly müçberli üstünlikleri beýan edildi. Ony guramakda “Türkmengaz” DK-i we BAE-niň “Dragon Oil” kompaniýasy gazetiň hyzmatdaşlary boldular.
“Türkmennebit” DK-niň kärdeşler arkalaşygy we ýaşlar guramalarynyň bilelikde gurnan bäsleşigi-de okyjylarda uly gyzyklanma döretdi. Oňa aň-paýhas oýunlarynyň muşdaklary gatnaşdylar. Gazet çylşyrymly meseleleri teklip edýärdi, okyjylar bolsa olaryň utuşly göçümlerini teklip etmelidi. Tanymal grossmeýster, halkara, häzirki zaman, iňlis-amerikan we çeh şaşkasy boýunça çempion Mustafa Durdyýew wirtual oýnuň “baş emini” boldy.
Ýubileý dabaranyň çäklerinde iki bäsleşigiňem netijeleri we ýeňijileri yglan edildi. Ýeňijileriň ählisine hemaýatkärlerden gymmatly baýraklar gowşuryldy, olaryň arasynda «Dragon Oil», «Hyundai Engineering Co.» kompaniýalary, şeýle hem «Тüркмен Петролеум» bar.
Gazetiň işgärleriniň hemmesine-de sowgatlar, neşir açylany bäri işläp gelýänlere bolsa,Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan telewizorgowşuryldy.